Barak Obama 2008-nji ýylyň 4-nji noýabrynda saýlawda ýeňiş gazanyp, Bireleşen Ştatlaryň 44-nji prezidenti boldy. Illinoýs statyndan bolan demokrat senatoryň ilkinji garaýagyz kandidat hökmünde prezidentligi gazanmagy taryhy waka bolup, tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Obama özünden öňki prezident Jorj Buşdan kynçylykly problemlar miras galdy: ýaramaz ykdysadyýet, Yrak we Owganystanda barýan uruşlar. Galyberse-de, “terrora garşy uruş” sebäpli Birleşen Ştatlaryň abraýyna halkara derejesinde zyýan ýetipdi. Ine, Obamanyň prezidentlik döwrüniň iň möhüm pursatlaryndan suratlar:
Obamanyň prezidentligi suratlarda
18
2016-nji ýylyň 18-nji fewraly, Mişel bilen Barak Bobama Afro-amerikan taryhy aýy mynasybetli geçirilýän kabul edişlik dabarasyndan öň 106 ýaşly Wirjinia MkLaurin bilen Ak tamda tans edýärler.
19
2016-njy ýylyň 21-nji marty, Kubanyň prezidenti Raul Kastro Hawanada Rewolýusiýa köşgünde geçen duşuşykda Obamanyň elini galdyrýar. Obamanyň Kuba eden sapary bir amerikan prezidentiniň 1959-njy ýylda bu ýurtda bolan rewolýusiýadan bäri eden ilkinji sapary bolup, iki ýurduň gatnaşyklarynda taryhy ýylylygy alamatlandyrýar.
20
2016-nj ýylyň 23-nji marty, prezident bilen onuň aýaly Argentinanyň pezidenti Maurisio Makri tarapyndan Buenos-Aýresde geçirilen resmi nahar myhmançylygynda aýry-aýrylykda tango partnýorlary bilen tans edýärler.
21
2016-njy ýylyň 31-nji oktýabry, Obamanyň metbugat wekili Joş Earnestiň olgy Walker Earnest Halloweende Ak tamda prezidente musullaryny çişirip görkezýär.