Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ dini hukuklary iň gödek bozýanlaryň arasynda Russiýany, Eýrany agzady we Hytaýy uýgurlara garşy “genosid” üçin ýazgardy


Uýgurlar we beýleki musulmanlar 2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde hökümetiň daşary ýurt žurnalistleri üçin guran saparynda görkezilişi ýaly Hytaýyň günbataryndaky Sinszýan welaýatynyň Kaşgar şäherindäki metjitde doga edýärler.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ýyllyk hasabatynda Hytaýy musulman uýgurlaryna we beýleki dini azlyklara garşy "genosid" etmekde aýyplaýar, şeýle hem Eýrany we Russiýany dünýäde dini azatlygy iň erbet bozýanlaryň hataryna goşýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken Döwlet departamentiniň halkara dini azatlyk boýunça ýyllyk hasabatynyň 12-nji maýda çap edilmegi bilen baglylykda eden çykyşyny, ähliumumy adam hukugy diýip kesgitlenen dini azatlygy iň gödek bozýanlary atlandyrmak we utandyrmak üçin ulandy.

"Beýleki adam hukuklary berjaý edilmese we hökümetler öz halkynyň erkin ynanmak we ybadat etmek hukugyny bozsa, dini azatlyk doly durmuşa geçirilip bilinmez" -diýip Blinken aýtdy.

Blinken hasabatda Eýranda, Birmada (Mýanma), Russiýada, Nigeriýada we Saud Arabystanynda dini azatlyklaryň kemsidilmegine ünsi çekdi.

"Russiýada häkimiýetler Iýegowa şaýatlaryna, şeýle hem musulman azlyk toparlarynyň agzalaryna ekstremizm bahanasy bilen azar bermegini, tussag edilmegini we emlägini öz eline geçirmegini dowam etdirýärler" - diýip Blinken aýtdy.

5 Things To Know About The Jehovah's Witnesses In Russia
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:26 0:00

Hasabatda Russiýanyň dini ynançlary sebäpli adamlary derňemegi, tussag etmegi, türmä basmagy, gynamagy we fiziki taýdan zorlamagy ýa-da emläklerini elinden almagyny dowam etdirýändigini aýdylýar.

Hasabatda Eýran barada, dini azatlyk bilen baglanyşykly köp sanly çäklendirmeleriň we jezalaryň bardygy we olaryň şol sanda resmi şaýy musulman dinine uýýanlar babatynda ulanylýandygy bellenýär.

"Eýran bahaýylar, hristianlar, iudeýler, zaratustraçylar, sünni we sufi musulmanlar ýaly azlyk toparlaryň agzalaryny gorkuzmagy, azar bermegi we tussag etmegi dowam etdirýär" - diýip Blinken aýtdy.

Blinken hasabatyň mazmunyny gözden geçirende, bütin dünýäde anti-semitizmiň we musulmanlara garşy ýigrenjiň ýokarlanýandygyny, şol sanda ABŞ-da we Ýewropada çynlakaý problema öwrülýändigine ünsi çekdi.

Hytaýyň 'Adamzada garşy jenaýatlary'

Ýanwar aýynda Trampyň administrasiýasy Hytaýyň Sinszýan syýasatynyň adamzada garşy jenaýatdygyny we genosiddigini aýtdy, Blinken Baýdeniň administrasiýasynyň hem munuň bilen ylalaşýandygyny mälim etdi.

"Hytaý dini ynançlaryň beýan edilmegi üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmegi giňden ulanýar we musulman uýgurlaryna, beýleki dini we etnik azlyk toparlaryň agzalaryna garşy adamzada garşy jenaýat etmegini we genosidi amala aşyrmagyny dowam etdirýär" - diýip Blinken aýtdy.

Döwlet departamenti 2 milliona golaý uýguryň we Sinszýan welaýatynyň beýleki ýerli ilatynyň, esasanam musulman etnik toparlaryň agzalarynyň tussaghanalara salnandygyny aýdýar.

Pekin bu aýyplamalary ret etdi we lagerleri ykdysady ösüşi goldamak hem ekstremizme garşy göreşmek üçin ulanylýandygyny aýtdy we olary hytaý dilini, iş endiklerini we kanuny öwretmek üçin hünär okuw merkezleri hökmünde häsiýetlendirdi.

Döwlet departamentiniň Halkara azatlyk gullugynyň ýokary derejeli wekili Daniel Nadel, Sinszýandaky ýagdaýyň Hytaýyň hökümetiniň "tutuş sebiti aç-açan türmä öwürmek" tagallasydygyny aýtdy.

Sinszýanda mejbury zähmeti ulanmak, esassyz köpçülikleýin tussag etmek, ilata gözegçilik etmek ýaly ýagdaýlary we beýleki hyýanatçylyklary açyp görkezýän subutnamalary beýan eden Nadal, Hytaýyň “bir halky, taryhy, medeniýeti ýer ýüzünden ýok etjek bolýandygyny” aýtdy.

Bu aralykda, adam hukuklaryny goraýjy toparlar we Günbatar ýurtlary Hytaýy Sinszýanda bolup geçen köpçülikleýin jenaýatlarda aýypladylar we 12-nji maýda geçirlen wirtual ýygnakda BMG-niň bilermenleriniň ýurda päsgelçiliksiz girmegini talap etdiler.

Guramaçylar 152 ýurduň gatnaşan ýygnagynda 51 ýurduň Hytaýy ýazgaryp çykyş edendigini habar berdiler, Pekin muny "Hytaýa garşy" çäre hökmünde häsiýetlendirdi.

Britaniýanyň BMG-däki ilçisi Barbara Wudward Sinszýandaky ýagdaýy "biziň döwrümiziň iň erbet adam hukuklary krizisleriniň biri" diýip atlandyrdy.

Germaniýanyň BMG-däki ilçisi Kristof Heusgen Hytaýy tussag astyndaky lagerleri ýykmaga we BMG-nyň adam hukuklary boýunça ýokary komissaryna ol ýere baryp görmäge "päsgelçiliksiz ygtyýar bermäge" çagyrdy.

Hytaýly diplomat bolsa "hakykat, Sinszýandaky adam hukuklary barada däl-de, Hytaýy saklamak üçin Sinszýany syýasy gural hökmünde ulanmakda" - diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG