Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki esgerler: Türkmen goşunynda zorluk, toparlanyşyk ýitileşýär

Türkmenistanda geçirilen harby kasam etmek dabaralarynyň birindäki esgerler we ene-atalar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanda geçirilen harby kasam etmek dabaralarynyň birindäki esgerler we ene-atalar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlan esgerleriň öýlerine dolanmagy dowam edýän mahaly, harby gullukdan boşan ýaşlaryň ençemesi türkmen goşunyndaky zorluk, agalyk etmek we urup-ýençmek tejribesiniň azalman, gaýtam ýyldan-ýyla ýitileşýändigini aýdýar. Bu ýagdaýlar barada ýakynda harby gullugy tamamlan we biri-birinden habarsyz ýaşlaryň 10-a golaýy anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdi.

“Harby bölümde esgerleriň toparlanyşyp, san taýdan pes we güýç taýdan gowşak bolan beýleki toparlaryň agzalaryna, esgerlere basyş edip, kemsitmelere, azar bermelere sezewar edýärler. Olar öz diýenlerini, isleglerini ýa-da etmeli işlerini beýleki esgerlere etdirýärler. Bu zatlary etmek islemeýän, garşylyk görkezýän esgerler urlup-ýenjilmelere sezewar edilýär” diýip, Ahal welaýatyndaky harby bölümleriň birinde gulluk eden balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu maglumatlary ýurduň Ahal, Mary we Balkan welaýatlaryndaky harby bölümlerde gulluk eden esgerleriň 10-a golaýy hem tassyklap, olar goşundaky zorlugyň gullugyň ikinji ýylynda has-da güýçlenendigini aýdýar.

“Mundan iki ýyl çemesi ozal, ýagny gullugyň birinji ýylynda esgerleriň toparlanyşygy, güýç taýdan gowşak esgerlere zorluk görkezmegi, urup-ýençmegi birneme azrakdy. Ýöne soňky ýylda bu has ýitileşip, bir hili däp bolup barýar” diýip, ýakynda gullukdan boşan ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

"Ofiserleriň eden-etdiligi esgerlere ýaramaz görelde bolýar"

Häzirki wagtda Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleri harby gullukdan boşatmak möwsümi we ýurt raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy dowam edýär. Bu çäre aprel-iýun aýlaryny öz içine alýar. Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky permana 16-njy martda gol goýdy.

Öňki esgerler türkmen goşunyndaky toparlanyşyklaryň her birini köplençe ýurduň bir welaýatynyň ýaşaýjylarynyň emele getirýändigini aýdyp, olaryň milletparazlyk, tireparazlyk äheňinde çykyş edýändigini hem aýdýarlar.

“Milletparazlyga, tireparazlyga esaslanýan toparlanyşyklar diňe esgerleriň arasynda däl, eýsem harby serkerdeleriň we ofiserleriň arasynda hem bar. Meselem, bizi harby bölümimizde ýurduň üç welaýatyndan bolan ofiserler köpdi we ýene bir welaýatdan bolan ofiserler bolsa azdy. Üç welaýatdan bolan ofiserler üýşüp, san taýdan azlyk edýän welaýatyň ofiserlerini kemsidýärdiler. Käte olaryň arasynda ýakalaşyklar hem bolýardy. Bu zatlaryň ählisi esgerleriň öňünde bolýardy we esgerler muňa öz gözleri bilen şaýat bolýardylar. Ofiserleriň eden-etdiligi esgerlere hem ýaramaz görelde bolýar we bu tejribäni esgerleriň hem giňden dowam etdirmegine getirýär” diýip, maryly öňki esger anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlykda anyk haýsy harby bölümlerdäki ýagdaýlar barada gürrüň edilýändigi barada maglumatlar bolsa-da, redaksiýamyz söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda harby wekilliklerden, ýurduň Ýaragly güýçlerinden we Goranmak ministrliginden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde dedowşina, agalyk praktikasynyň saklanyp galýandygyny, esgerleriň eden-etdiliklere, parahorluga, zorluga, şol sanda ýenjilmelere sezewar edilmegi bilen wakalaryň köp bolýandygy barada harby ofiserler we öňki esgerler yzygiderli habar berýärler.

Olar bularyň betbagtçylykly netijelere, esgerleriň urgulardan heläk bolmagyna ýa-da olaryň kemsitmelere çydaman, özüni heläklemegine getirmegi bilen bagly wakalaryň hem köp bolýandygyny aýdýarlar.

"Esgeriň tarpa-taýyn ölmegi"

Şu ýylyň mart aýynda Balkanyň Hazar şäherçesiniň (ozalky ady Çeleken) ýaşaýjysy bolan esgeriň esger hammamyna girenden soň, yzyna çykmandygyny we soňra onuň ölendiginiň mälim edilendigini, biri-birinden habarsyz, aýrybaşga sebitlerdäki iki harby çeşmämiz habar beripdi.

Wakadan birnäçe gün soň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki harby bölümde çagyryş boýunça hökmany harby gulluk borjuny ýerine ýetiren balkanly esgeriň tarpa-taýyn aradan çykmagy bilen bagly derňew geçirilip başlanandygy mälim boldy. Şonda çeşmelerimiz derňewiň çäginde harby bölümindäki serkerdeleriň we esgerleriň ençemesiniň soraga çekilendigini we merhum esgeriň gulluk eden döwründe kemsitmelere, urlup-ýenjilmelere we sütemlere sezewar bolandygynyň üstüniň açylandygyny aýtdylar.

Türkmenistanda gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede bolmagy ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri, şol sanda harby resmileri öz çykyşlarynda goşundaky problemalary agzamaýarlar.

Ýurduň harbylaryna, şol sanda esgerelere degişli maglumatlary çap edýän “Milli goşun” web sahypasynda hem bu ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýdylmaýar.

Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Türkmenistanyň kanunçylygy çagyryşa degişli raýatlar üçin alternatiw raýat gullugy mümkinçiligini hödürlemeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG