Ukrain esgerleri raketa atyjy bilen Pokrowskyň golaýyndaky rus goşunlaryna ot açýar. Arhiw suraty.
Ol soňky aýlarda Russiýanyň söweş meýdanyndaky iň uly öňe gidişlikleriniň biri bolup durýar. Ukraina üçin bolsa, ters wagtda bolup geçýän howply ýagdaý.
Geçen hepdäniň ahyrlarynda rus goşunlary demirgazyk Donbasda, Dobropillýa şäherçesiniň gündogarynda ýerleşýän Pokrowsk şäherinde Ukrainanyň goranyş çyzygyny böwüsdi. Harby analitiklere, şeýle-de, ukrain we rus açyk-çeşme bloggerlerine görä, rus birikmeleri Zolotiý Kolodýaz obasyny ele geçirip, hem-de Dobropillýadan demirgazyga tarap uzap gidýän ikinji derejeli üpjünçilik ýoluna golaýlaşyp, öňki front çyzygyndan demirgazyga tarap 17 kilometr çemesi öňe süýşüpdir. Bu, söweş meýdanynyň ölçeglerine görä, ägirt uly öňe gidişlik bolup durýar.
Käbir açyk-çeşme bloggerleri rus güýçleriniň degişli üpjünçilik ýoluny we obany, eýýäm, ele geçiren bolmaklarynyň hem ahmaldygyny aýdýarlar, eger şeýle bolsa, onsuz hem gabaw astynda galýan Pokrowsk şäherine barýan üpjünçilik liniýalaryna has uly wehim abanýar. Geçen hepde, şäheriň günorta eteklerinde rus ýykgynçy birikmeleri peýda bolupdyr. Olar şäher merkezinde ýerleşýän otly menziline tarap süýşüp barýar.
Ukrainanyň baş harby serkerdesi general Oleksandr Syrskiý 12-nji awgustda Telegramda paýlaşan postunda “aňtaw otrýadlarynyň” käbir ukrain pozisiýalaryndan aşyp geçendiklerini tassyklady: “Käbir toparlar bireýýäm ýok edildi, galanlaryny hem ýok etmek işleri dowam edýär” diýip, ol belledi.
ABŞ prezident Donald Tramp bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň Alýaskada 15-nji awgustda meýilleşdirilýän ýüzbe-ýüz duşuşygynyň bosagasynda bolup geçýän ýitgiler aladalandyrýar, hatda howsala döredýär diýip, ekspertler aýdýar. Tramp bu duşuşykda “ýer alyş-çalşygyny” öz içine alýan ylalaşygyň gazanylyp bilinjekdigini aýdýar.
“Eger-de ukrainalylar çaltlyk bilen ýagdaýy dikeltmeseler we ruslar hem has berkäp, çyzygy doly böwüsmegi başarsalar, onda bu, urşuň has möhüm wakalarynyň biri bolup biler” diýip, finlýandiýaly ätiýaçdaky ofiser, “Gara guş topary” atly açyk-çeşme aňtaw guramasynyň harby analitigi Pasi Paroinen aýtdy. “Köp zat ukrainalylaryň nähili gaýtawul berip biljegine bagly bolup durýar” diýip, ol belledi.
“Edil häzirki tapgyrda Pokrowskyň synmagy wagt meselesi bolup durýar” diýip, golaýda Ukrainanyň front pozisiýalaryna aýlanyp gelen polşaly harby analitik Konrad Muzyka aýtdy.
“Ukrainalylarda şäherde söweşere esger güýji ýok, olarda şäherçäniň günorta böleklerinde ruslaryň öňüni kesip, gapdal manýowrlary amala aşyrar ýaly güýç ýok” diýip, ol aýdýar. “Biz häzir, megerem,diňe egleme hereketlerini, mümkin boldugyndan ruslary has köp ýitgilere sezewar etmek tagallalaryny synlaýarys...şäheri yzyna gaýtaryp almak synanyşyklaryny däl” diýip, Muzyka belledi.
Ukrainanyň bir harby metbugat sekretary rus böwüsmeleri baradaky habarlary aç-açan ret etdi.
“Ruslar kiçi toparlar arkaly goranyşyň birinji çyzygyndan syzyp geçmek taktikalaryndan peýdalanýarlar, bir topar adam ýitgilerine sezewar bolýarlar, Dobropillýanyň golaýynda şeýle boldy” diýip, podpolkownik Wiktor Tregubow 12-nji awgustda Facebook-da paýlaşylan wideoda aýtdy. “Bir kiçi topar ukrain pozisiýalaryndan geçip, biziň tylymyzda gizlenmäge synanyşdy, ýöne [biziň ýaragly güýçlerimiz] şeýle synanyşyklary yza serpikdirýär” diýip, ol belledi.
Boşap galan harabaçylyk. Basyp alyşdan bir ýyl geçensoň, Donetsk oblastynyň Marinka şäheri
1/16Bu ýol birwagtlar Marinka şäherindäki Dostluk şaýoly bolupdy. Surat 4-nji dekabrda düşürildi. Ruslaryň şäheri oka tutmagy netijesinde, ýoluň asfalt gatlagy ýitip gidipdir.
2/16Dostluk şaýolunyň rus goşuny tarapyndan basylyp alynmazyndan öňki görnüşi şeýledi. Marinka Donetskden takmynan 22 kilometr günbatarynda ýerleşýär. Bir wagtlar onda 9 müň adam üçin ýaşaýyş jaýlary bolupdyr.
4/16Şol ybadathana 2014-nji ýylyň awgust aýynda şeýle görünýärdi. Orsýet 2022-nji ýylda Ukrainany doly möçberde basyp almaga başlandan soň, ilat howpsuz ýerlere göçürildi we 2023-nji ýylyň mart aýyna çenli şäher doly boşap galdy.
5/16Ok degip weýran bolan bu sütün Marinka şäheriniň merkezindäki ukrain şahyry Taras Şewçenkonyň ýadygärliginiň galan bölegidir. Uruş zarbasyndan harabaçylyga öwrülen şäheri 2023-nji ýylyň dekabrynda rus goşuny basyp aldy.
7/16Marinkadaky jaýlaryň harabaçylygy, 4-nji dekabrda düşürilen surat.
Ukrain fotosuratçysy Alýona Grom ol ýerde atyşyklar güýçlenmänkä, ýagny 2017-nji ýylyň başyndan bäri birnäçe gezek Marinkada boldy. "Şäher kiçidi, şonuň üçin hemmeler biri-birini tanaýardy, ýöne ýerli ilat diňe gündizine daşary çykýardy" diýip, Grom Azatlyk Radiosy bilen eden interwýusynda aýtdy.
8/16Marinka şäherindäki administratiw bina, surat 2014-nji ýylyň awgust aýynda alyndy. Alýona Grom 16:00-dan soň: "Adamlar köçelerden ýitirim boldy, sebäbi agşamlaryna atyşyk başlanýar" diýip ýatlaýar.
9/16Marinka şäherindäki ýol ýakasynda ýok edilen harby tehnika, surat 4-nji dekabrda düşürildi. Grom şäheriň üýtgeşik ýaşyllyga bürenip oturanyny, "bahar aýlarynda miweli baglaryň gülleýän döwründe has owadan bolýandygyny" aýdýar.
15/16Ýol ugrundaky dükanyň harabaçylygy, 2024-nji ýylyň dekabry
Alýona Grom şäheri surata düşüren wagtynda, birnäçe ýerli ýaşaýjylar bilen tanşandygyny aýdýar. Alýona olary "ýowuz synaglara duçar bolan ýumşak ýürekli, mähirli adamlar" diýip häsiýetlendirýär.
'Biz öldürmegi dowam etdirýäris, olar bolsa ibermegi'
Russiýanyň läheň goşun güýjüne we has köp ýaraglara eýe bolandygyna garamazdan, 1100 km uzynlygy bolan front çyzygy, geçen gyşdan bäri, örän ýuwaş depginde süýşdi.
Ukrainanyň söweş meýdanyndaky innowasiýa mümkinçiligi, hususan-da dron söweşleri, Kiýewi, Eýranda öndürilýän kamikaze pilotsyz uçarlaryna köpden bäri garaşly galan rus güýçlerinden sähel tapawutlandyrýar.
Ýöne Russiýa Ukrainanyň tehnologiýa innowasiýalary bilen barabarlaşyp, hem ukrain dronlaryna päsgel berip bilýän elektronik signal sowujylardan, hem-de signal sowujylardan sowulmagy başarýan fiber-optiki dronlardan peýdalanýar.
Moskwa ganatly bomabalardan hem peýdalanýar. Uçarlar has howpsuz ýerden bombalap biler ýaly, olar adaty agyr bombalaryň gaýtadan ýasalan ganatly görnüşlerinden peýdalanýarlar. Bu bombalar ukrain garymlaryny we haraba binalarda ýerleşýän ukrain pozisiýalaryny ýok edýär.
Milliard dollarlyk ýarag. Ukraina nähili ýaraglar toplumy berilýär?
1/8AT4 tanka garşy ulanylýan ýarag
Ukrainanyň harby hünärmenleri bu ýaragyň snarýady üçin, FPV dronlarynda ulanylýan özleri tarapyndan üýtgedilen raketalary peýdalanyp bilýärler.
Egniňde goýup, tanka garşy atylýan ýarag 1970-nji ýyllarda Şwesiýada taýýarlanyldy we 1980-nji ýyllarda ABŞ-nyň goşuny tarapyndan kabul edildi.
Köpräk görkezAzrak görkez
2/8HAWK uçarlara garşy raketa ulgamy
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 30-njy dekabrda çap eden beýanatynda, bu täze ýarag toplumy anyklaşdyrylman, diňe "howa goranyş ýaraglaryna" degişli diýilýär. Ýöne AP gullugy Kiýewiň HAWK ulgamlary bilen üpjün edilendigini aýdýar.
HAWK ulgamy ABŞ-nyň ýaragly güýçlerine ilkinji gezek 1959-njy ýylda berlipdi. Maglumatda aýdylyşyna görä, bu köne raketalar Eýran tarapyndan öndürilýän, çaltlygy onçakly ýokary bolmadyk, ‘Şahed’ dronlaryny ýok etmekde netijeli saýylýar.
Köpräk görkezAzrak görkez
3/8Ýokary çaltlykda hereket edip bilýän HIMARS artilleriýa ulgamy
Berlen ýardam toplumynda HIMARS üçin raketalar bolar. Ukraina iberilýän HIMARS goýberijileriniň üpjünçiligi barada, doly bir zat aýdylmaýar.
Köpräk görkezAzrak görkez
4/8El granatlary
Ukrainadaky uruşda el granatlary garşydaşyň garymlaryna hüjüm edilende, edil dronlar ýaly giňden ulanylýar.
Köpräk görkezAzrak görkez
5/8Stinger raketalary
2022-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň doly möçberli çozuşlary başlanandan bäri, ABŞ we beýleki ýurtlar tarapyndan, Ukraina müňlerçe eginde goýup atylýan uçara garşy raketa iberildi. Şol ýylyň maý aýyna çenli Waşington Ukrainany Amerikan Stinger gorlarynyň dörtden bir böleginden gowragy bilen üpjün etdi.
Köpräk görkezAzrak görkez
6/8155-mm we 105-mm-lik artilleriýa snarýadlary
Bu ölçegdäki oklar NATO tarapyndan Ukraina berlen ýüzlerçe günbatar gaubisalaryna – özi ýöreýän toplara laýyk gelýär. Top oklarynyň ýetmezçiligine we olaryň häzirki möçberde öndürilişine laýyklykda, şu günki günde her 155-mm snarýadynyň bahasyny 8400 dollara durýar.
Köpräk görkezAzrak görkez
7/8TOW tanka garşy raketalar
Ulaglaryň üstünde ýerleşdirilýän TOW raketalary Ukrainadaky Orsýetiň bronly tehnikasyny netijeli ýok etmekde, özüni eýýäm mälim etdi.
Köpräk görkezAzrak görkez
8/8Javelin raketalary
Ilkibaşda bu hili raketalara rus galkanly tehnikasyna garşy esasy ýarag hökmünde garalýardy. Emma Javeliniň bahasyny göz öňünde tutup, onuň her biri 200 müň dollardan gowrak, olaryň ornuna has arzan bolan FPV dronlary ulanylyp başlandy. Amerikada bar bolan Javelin gorlarynyň ýarysy, ýagny 25 müňe golaý raketa 2022-nji ýyldan bäri Ukraina iberilýär.
30-njy dekabrda yglan edilen harby kömekler toplumynyň köpüsi anyklaşdyrylman, oňa "maksatlaýyn üpjünçilik, egin-eşikler we ýörite enjamlar", şeýle hem "hyzmatlar, tälim bermek we ulag hyzmaty" girýär diýlip mälim edildi.
Köpräk görkezAzrak görkez
Previous slide
Next slide
Ruslaryň Ukrainanyň front çyzygyny böwüsmekde peýdalanýan iň ganly taktikalarynyň ýene birisi – ýeňil ýaraglanan esgerleriň motosikllerde, dronlardan gaçyp, ukrain pozisiýalaryndan aşmagy başarmagy we yzdan hüjüm etmegi bolup durýar.
Motorly hüjümler has köp rus ýitgilerine alyp gelse-de, şeýle taktikalar netije berýär, sebäbi Ukrainada garymlary gorar ýaly ýeterlik derejede esger ýok.
“Biz olary öldürmegi dowam etdirýär, olar bolsa olary ibermegi dowam etdirýärler” diýip, Ukrainanyň 36-njy harby-deňiz brigadasynyň serkerdesi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukraina gullugyna gürrüň berdi. Harby düzgünnamalara laýyklykda, ol özüni “Tihiý” diýip tanyşdyrdy. “Eger olar bir ýerden geçip bileris öýtseler, dessine esgerleri iberýärler. Bu edil garynjalaryň ulanýan taktikalaryna meňzeýär. Olar ol ýerde şekeriň bardygyny bilýärler we ählisi şol tarapa hereket edip başlaýarlar” diýip, ol belledi.
Bu aralykda, Ukraina esger ýetmezçiligini, hususan-da gury ýer goşunlarynda esger ýetmezçiligini başdan geçirýär.
Kanun çykaryjylar geçen ýyl mobilizasiýa düzgünlerini berkleşdirdiler, ýöne bilermenler harby wekilhanalaryň hem meýletinleri özlerine çekmekde, hem-de olar bilen kadaly türgenleşik geçirmekde kynçylyklara sezewar bolup gelýändiklerini aýdýarlar.
Täze döredilip, Fransiýada türgenleşik geçip gelen ýaragly brigadalaryň birinde, söweş meýdanyna barmazdan öňinçä hem soňundan, bir topar adam gullukdan gaçdy. Munuň bilen baglylykda jenaýat derňew işleri gozgaldy, bölüm serkerdesi işden çekildi.
Täze satellit suratlary Russiýanyň bazalarynda Ukraina tarapyndan zeper ýetirilen rus uçarlaryny görkezýär
Before
After
1/4
Russiýanyň gündogar Irkutsk sebitindäki Belaýa howa bazasynda "Tu-95" kysymly uçarlarynyň 1-nji iýunda Ukrainanyň pilotsyz hüjüminden öňki we soňky şekilleri. Maksar satellit suratlary.
Köpräk görkezAzrak görkez
Before
After
2/4
Russiýanyň Belaýa howa bazasyndaky "Tu-95" kysymly uçarynyň öňki suraty 22-nji maýda, soňkusy Ukrainanyň hüjüminden üç gün soň, 4-nji iýunda düşürildi.
Köpräk görkezAzrak görkez
Before
After
3/4
Russiýanyň Belaýa howa bazasynda "TU-22" kysymly uçarlaryň 22-nji maýda düşürilen we Ukrainanyň pilotsyz uçar hüjümlerinden soňky suratlary.
Köpräk görkezAzrak görkez
Before
After
4/4
Russiýanyň gündogar Irkutsk sebitindäki Belaýa howa bazasynda "Tu-22" kysymly uçarlary.
Eger-de Russiýa häzirki pozisiýalarda hem-de ýolda gözegçiligi özlerinde saklamagy dowam etdirseler, bu ukrain dron çyzygyny bölüp biler. Şeýle bolsa, rus güýçlerine günorta Pokrowsk we demirgazyk Kramatorsk tarapa süýşmäge mümkinçilik bolar.
“Bu esger güýjüniň ýetmezçiliginiň netijesidir” diýip, Muzyka aýtdy. “Öň çyzykdaky ukrain goşunlary gaty ejiz. Olarda öz galdyran galalaryny goramaga, öz gazan garymlaryny goramaga adam ýok” diýip, ol belledi.
Ukraina üçin “iň uly ýetmezçilik esger güýjüniň ýetmezçiligi bolup durýar, munuň şeýledigini tutuş front çyzygynyň ugrunda duýsa bolýar” diýip, polşally harby analitik aýdýar. “Men mobilizasiýa bilen bagly mesele çözüler öýdemok, sebäbi bu Ukrainanyň uruş alyp barşynda düýp meselesi bolup durýar” diýip, ol belledi.
Forum