Bu makalada dünýäniň dürli sebitlerinde 2023-nji ýylda aradan çykan käbir görnükli şahsyýetler, tanymal syýasatçylar, döwlet adamlary, medeniýet we sungat işgärleri ýatlanýar.
Ruslan Hasbulatow
Gelip çykyşy boýunça çeçen milletinden bolan russiýaly syýasatçy we ykdysatçy Ruslan Hasbulatow 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwar güni Moskwanyň günbataryndaky Olgino daçasynda 80 ýaşda aradan çykdy. Hasbulatow sowetler döründe Russiýa Sowet Federatiw Sosialistik Respublikasynyň kanun çykaryjy organy bolan Ýokary sowetiniň iň soňky spikeri bolupdy. Onuň respublikanyň şol wagtky prezidenti Boris Ýeltsin bilen arada dörän gapma-garşylygy Moskwadaky ýaragly çaknyşyklarda iň ýokary derejesine baryp ýetipdi.
Ol Sowet Soýuzynyň 1990-njy ýyllaryň başlaryndaky ahwaly barada 2008-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna (AÝ/AR) beren interwýusynda şeýle gürrüň berdi:
“Ol döwürlerde jemgyýet romantiki arzuwlaryň jadysynyň astynda galypdy. Elbetde, biz hem ýurtdaky ýagdaýlary gowulyga tarap üýtgedip bileris diýip, pikir edipdik”
Perwez Muşarraf
Pakistanyň öňki prezidenti, 1999-njy ýyldaky ölüm-ýitimsiz döwlet agdarylyşygy bilen häkimiýet başyna geçen Perwez Muşarraf 2023-nji ýylyň 5-nji fewralynda Dubaýda bir keselhanada uzaga çeken amiloid degenerasiýasy keseli bilen 79 ýaşda aradan çykdy.
Ol 2008-nji ýylyň 18-nji awgustynda telewideniýede özüniň prezident wezipesinden çekilýändigini yglan edip, şeýle diýdi:
“Men ýurdumyzyň bähbidine öz wezipämden çekilmek kararyna geldim. Meniň işden çekilmek baradaky arzam şu gün Milli geňeşiň spikerine baryp gowşar”
“Men hem adam. Men hem ýalňyşlyk edendirin. Bu hatalar üçin adamlar meniň günämi geçerler diýip, umyt edýärin. Meniň niýetim elmydama päk boldy. Meniň erbet niýetim bolmady”
Tina Törner (Tina Turner)
Asyl ady Anna Mae Bullok bolan amerikaly aýdymçy Tina Törner 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Kuesnaht şweýsar şäherçesindäki öýünde 83 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Onuň durmuş kyssasy aýallaryň azat edilmegine ünsi çekdi. Ol özüniň manyly ömründe maşgala zulmuna garşy göreşdi.
Tina Törner britaniýaly wäşi Jonatan Ross tarapyndan ITV kanalynda alnyp barylýan “The Jonathan Show” telewizion gepleşigine beren interwýusynda özüniň ilkinji solo çykyşlary barada gürrüň berýär:
“Bir gezek bir aýdymy haýyş bilen ikinji gezek ýerine ýetirenimden soňra, adamlaryň ilkinji gezek ör turup çapak çarpyşlary ýadyma düşýär. Bu bir telewizion gepleşiginde bolup geçipdi. Men aýdymy gutaryp, sahnadan çekildim, onsoň olar (el çarpyp başladylar), ýadyma düşýär, men sahna dolandym we örän heýjana gelipdim. “Siziň çynyňyzmy?” diýip, men aýtdym. Menden şol wagta çenli hiç haçan bir aýdymy ikinji gezek gaýtalap aýtmak haýyş edilmändi”
Tina Törneriň iň meşhur aýdymlarynyň biri onuň 1984-nji ýylda çykaran “"What's Love Got To Do With It" aýdymy boldy.
Silwio Berluskoni
Italiýanyň öňki premýer-ministri Silwio Berluskoni 2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda Milandaky keselhanalaryň birinde, bir topar saglyk problemalaryndan soň, leýkemiýa garşy bejergi alýan döwründe 86 ýaşda aradan çykdy.
Ol 2007-nji ýylyň 27-nji aprelinde, öz hökümetine ynam bildirmek boýunça geçirilen ses berişligiň öňüsyrasynda, parlamentde şeýle söz sözledi:
“Men özümi hakyky syýasatçy hasaplamaýaryn. Men ýurduň taryhynda bolup geçen geçiş döwründe, başga adam bolmansoň, syýasat bilen meşgullanmaly diýen karara gelen işewür adam”
Toto Kutunio
Asyl ady Salwador Kutunio bolan italiýaly aýdymçy Toto Kutunio 2023-nji ýylyň 22-nji awgustynda Milanda bir keselhanada prostata düwüni bilen 80 ýaşda aradan çykdy. Ol köpler tarapyndan 1980-nji ýyllaryň italiýan estradasynyň sesi hökmünde tanalýardy.
Kutunio 1990-njy ýylda “Insieme:1992” aýdymy bilen “Eurovision” aýdym bäsleşiginde ýeňiji bolan-da bolsa, ol tutuş dünýäde 1983-nji ýylda çykaran “L'Italiano” aýdymy bilen tanalýar.
Ýewgeniý Prigožin we Dmitriý Utkin
Kreml bilen baglanyşykly rus oligarhy, söweş komandiri, “Wagner” hakyna tutma toparynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožin Moskwanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Kuženkino obasynyň golaýynda 23-nji awgustda bolan syrly uçar heläkçiliginden soňra rus häkimiýetleri tarapyndan 62 ýaşda merhum yglan edildi. Bu uçar heläkçiliginiň pidalarynyň hatarynda “Wagner” toparynyň egindeş esaslandyryjysy we ýokary derejeli serkerdesi 53 ýaşly Dmitriý Utkin hem bardy.
Ýewgeniý Prigožin “Wagner” toparynyň gysga ömürli pitnesinden soňra, ilkinji gezek, 2023-nji ýylyň 26-njy iýunynda aýdylmaýan bir ýerden ses ýazgy arkaly beýanat berýär:
“Biziň maksadymyz häzirki režimi we kanuny taýdan saýlanan hökümeti agdarmak däl. Biz bu barada ozal hem birnäçe gezek gürrüň etdik. Biz rus esgeriniň ganyna galmazlyk üçin yza çekildik”
Rus prezidenti Wladimir Putin 2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda efire berlen telewizion çykyşynda Prigožin barada şeýle diýýär:
“Men [Ýewgeniý] Prigožini köpden bäri, 1990-njy ýyllaryň başlaryndan bäri tanaýaryn. Ol çylşyrymly ykbaly bolan adamdy, durmuşda çynlakaý ýalňyşlyklary goýberdi. Ol özi üçin-de – men ýüz tutsam – soňky aýlarda bolşy ýaly, umumy bähbit üçin-de zerur bolan netijeleri gazandy. Ol talantly adamdy, talantly biznesmendi. Ol diňe bir biziň ýurdumyzda işläp netije gazanmady, eýsem, ol daşary ýurtlarda, hususan-da Afrikada-da işledi, ol ýerde nebit, gaz, gymmatly metallar we daşlar bilen meşgullandy”
Dianne Feinstein
Baýry ABŞ senatory, Senatyň Aňtaw boýunça komitetiniň ilkinji zenan başlygy Dianne Feinstein 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Waşingtondaky öýünde saglyk problemalary bilen 90 ýaşda aradan çykdy.
Ol 2017-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Waşingtonda Senatyň Kazyýet boýunça komitetinde geçirilen “Ekstremist kontent we rus onlaýn dezinformasiýasy: Çözgüt üçin tehnologiýa bilen işleşmek” atly diňlenişiginde şeýle çykyş etdi:
Russiýa [ABŞ-daky prezidentlik saýlawlaryna] täsir etmek maksady bilen, maglumat toplamak we ýaýratmak üçin, gizlin kiber hüjümlerinden, şeýle-de esasan RT – öňki ‘Russia Today’ döwlet eýeçiligindäki telewideniýe – toruna, hem-de rus prezidenti Wladimir Putiniň rus aňtawy bilen ilteşikli ýakyn ýarany tarapyndan maliýeleşdirilendigi habar berlen professional trollar topary ‘Internet barlag agentligine’ bil baglaýan propaganda kampaniýalaryndan peýdalandy. Biziň Facebook, Twitter we Google-dan kabul eden dokumentlerimiz we maglumatlarymyz munuň şeýledigini tassyklaýar”
Karel Şwarsenberg (Karel Schwarzenberg)
Çehiýanyň öňki daşary işler ministri, Çehoslowakiýanyň prezidenti Waslaw Haweliň edarasynyň ilkinji başlygy bolan emigrasiýadaky çeh-awstriýaly aristokrat Karel Şwarsenberg 2023-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Wenadaky bir keselhanada 85 ýaşda aradan çykdy. Onuň saglyk ýagdaýy ýürek-damar problemalary bilen has-da ýaramazlaşypdy.
Şwarsenberg Çehiýanyň döwlet telewideniýesinde ilkinji gezek 2001-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda efire berlen interwýusynda çeh jemgyýeti barasyndaky pikirlerini şeýle paýlaşýar:
“Biziň ýurdumyzda erbet öz-bähbitlilik, korrupsiýa we gödeklik bar. Men biziň ýurdumyzda bolup geçýän zatlara seredenimde, käwagt şol 50 ýyllyk döwür biziň diňe bir häsiýetimizi deformirlän däldir, eýsem bizi biraz akmak hem edendir diýip gorkýaryn”
Rozalin Karter (Rosalynn Carter)
ABŞ-nyň öňki birinji hanymy, öňki prezident Jimmi Karteriň aýaly Rozalin Karter 2023-nji ýylyň 19-njy noýabrynda ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Plains şäherindäki öýünde demensiýadan ejir çekip, 96 ýaşda aradan çykdy. Ölümiň anyk sebäbi mälim edilmedi.
ABŞ-nyň öňki prezidenti Jimmi Karter 2015-nji ýylyň 20-nji awgustynda Atlandadaky bir metbugat ýygnagynda aýaly barada şeýle diýdi:
“Meniň durmuşda bitiren iň gowy işim Rozaline öýlenmek boldy. Şol meniň durmuşdaky iň üstünlikli pursatym boldy”
Aman Tuleýew
Gelip çykyşy boýunça gazak, tatar we başgyrt milletlerinden bolan russiýaly regional syýasatçy, Sibiriň Kemerowa sebitiniň öňki gubernatory, prezident wezipesine üç gezek dalaş eden Aman Tuleýew 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Kemerowa şäherindäki bir keselhanada 79 ýaşda aradan çykdy. Onuň ölüminiň sebäbi mälim edilmedi. “Komsomolskaýa prawda” ölümiň sebäbiniň öňden galan oňurga şikesi bilen bagly bolmagynyň mümkindigini çaklady.
Tuleýew Kemerowadaky bir söwda merkezinde 2018-nji ýylyň 25-nji martynda bolan ölüm-ýitimli ýangyndan soňra, wezipeden çekilýändigini yglan edip, 1-nji aprelde beren wideo beýanatynda şeýle diýýär:
“Men wezipeden çekilmegi, dogry, manyly we ýeke-täk dogry ýol hasaplaýaryn, sebäbi maňa şeýle agyr ýük bilen gubernator wezipesini dowam etdirmeklik mümkin däl. Bu ahlak taýdan mümkin däl”
Henri Kissinjer
Birleşen Ştatlaryň öňki döwlet sekretary, milli howpsuzlyk maslahatçysy, täsirli daşary syýasat ýazyjysy Henri Kissinjer 30-njy noýabrda ABŞ-niň Kent şäherçesinde 100 ýaşda aradan çykdy. Onuň ölüminiň sebäbi mälim edilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum