Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Russiýanyň yşaratlarynyň ‘gahar getirýän’ yşaratlar bolandygyny aýdýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski geçen hepde bolup geçen ABŞ-Russiýa sammitinden bäri, şeýle-de ýewropa liderleriniň Waşingtonda geçiren ýokary derejeli duşuşyklaryndan bäri, Russiýanyň özüni alyň barşynyň Moskwanyň Ukrainada urşy soňlamak boýunça parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge niýetlenmeýändigini görkezýändigini aýtdy.

“Indi, Russiýadan edilýän yşaratlar gahar getirýän yşaratlar” diýip, Zelenski Russiýanyň howa zarbalaryny ýokarlandyrmagynyň yz ýany, 21-nji awgustda aýtdy. “Olar duşuşyk geçirmekden gaçmaga çalyşýarlar. Olar bu urşy soňlamak islemeýärler” diýip, ol belledi.

Ukrainanyň Howa güýçleri Russiýanyň birnäçe sebitde 574 dron we 40 raketa bilen hüjüm amala aşyryp, adam pidalaryna getirendigini, şeýle-de ýaşaýyş binalaryna we infrastrukturalara agyr zyýan ýetirendigini aýtdy.

Ukrainanyň günbatar serhediniň golaýynda, Zakarpatýa sebitiniň Mukaçewa şäherinde ýerleşýän ABŞ eýeçiligindäki bir önümçilik desgasyna zarba uruldy.

Zarbalar ABŞ prezidenti Donald Trampyň ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskini hem-de ýewropa liderlerini kabul edip, parahatçylyk gepleşiklerini öňe alyp gitmek ugrunda edilen synanyşyklaryndan birnäçe gün soňra amala aşyryldy.

Zelenski 21-nji awgustda Günbatar ýaranlaryny howpsuzlyk kepilligi babatyndaky anyk meýilnama boýunça 7-10 günüň içinde ylalaşyga gelmäge çagyrdy.

“Biz Russiýanyň urşy bes etmegi üçin oňa basyş etmelidiris” diýip, Zelenski aýtdy we rus prezidenti Wladimir Putiniň diňe “güýç we basyşyň diline düşünýändigini” belläp, sözüniň üstüni ýetirdi.

2024-nji ýylda Orsýet tarapyndan basylyp alnan ukrain şäherleri we obalary

Russiýa 2024-nji ýylyň oktýabrynda Ukrainanyň Donetsk sebitinde Wuhledary basyp aldy. Şäher üçin söweşler iki ýyl dowam etdi. Indi ol ýerde diňe harabaçylyk galdy. Bu suratda 2023-nji ýylyň sentýabryndaky Wuhledar şäherindäki weýran edilen ýaşaýyş jaýlary görkezilýär.
1/16 Russiýa 2024-nji ýylyň oktýabrynda Ukrainanyň Donetsk sebitinde Wuhledary basyp aldy. Şäher üçin söweşler iki ýyl dowam etdi. Indi ol ýerde diňe harabaçylyk galdy. Bu suratda 2023-nji ýylyň sentýabryndaky Wuhledar şäherindäki weýran edilen ýaşaýyş jaýlary görkezilýär.
Donetsk oblastynyň Awdiýewka şäherindäki weýran edilen ýaşaýyş jaý, 2023-nji ýylyň noýabry. Şäher ugrundaky söweş 2024-nji ýylyň fewral aýynda tamamlandy. Awdiýewkada ýekeje-de abat jaý galmady. Ukrain serkerdesiniň aýtmagyna görä, şäheri basyp almak Russiýa agyr düşdi, söweşde 47 müň rus esgeri ýogaldy. Moskwa öz goşunynyň her bir söweşde we tutuş uruşda ýitgileri barada, açyk maglumat bermeýär.
2/16 Donetsk oblastynyň Awdiýewka şäherindäki weýran edilen ýaşaýyş jaý, 2023-nji ýylyň noýabry. Şäher ugrundaky söweş 2024-nji ýylyň fewral aýynda tamamlandy. Awdiýewkada ýekeje-de abat jaý galmady. Ukrain serkerdesiniň aýtmagyna görä, şäheri basyp almak Russiýa agyr düşdi, söweşde 47 müň rus esgeri ýogaldy. Moskwa öz goşunynyň her bir söweşde we tutuş uruşda ýitgileri barada, açyk maglumat bermeýär.
Ukrain esgeri Awdiýewka şäherinde "Awdiýewka – men seni söýýärin" diýen demir ýazgyly meýdançada, 2023-nji ýylyň noýabry. Şol gezek Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň fotožurnalisti Serhiý Nužnenko bu şäherde soňky gezek boldy. Russiýanyň goşuny Awdiýewkany 2024-nji ýylyň fewral aýynda basyp aldy. Şäher üçin söweşler bäş aýdan gowrak dowam etdi.
3/16 Ukrain esgeri Awdiýewka şäherinde "Awdiýewka – men seni söýýärin" diýen demir ýazgyly meýdançada, 2023-nji ýylyň noýabry. Şol gezek Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň fotožurnalisti Serhiý Nužnenko bu şäherde soňky gezek boldy. Russiýanyň goşuny Awdiýewkany 2024-nji ýylyň fewral aýynda basyp aldy. Şäher üçin söweşler bäş aýdan gowrak dowam etdi.
2023-nji ýylyň maý aýynda Wuhledar şäheriniň golaýyndaky Preçistiwka obasynda oka tutulan jaý. Rus goşuny bu obany 2024-nji ýylyň sentýabrynda eýeledi.
4/16 2023-nji ýylyň maý aýynda Wuhledar şäheriniň golaýyndaky Preçistiwka obasynda oka tutulan jaý. Rus goşuny bu obany 2024-nji ýylyň sentýabrynda eýeledi.
"Ruslar, gutlaýarys, siz dowzahda" diýen ýazgy Ukrainanyň Donetsk oblastynyň Nýu-Ýork obasynda, 2022-nji ýylyň apreli. Russiýa 2024-nji ýylyň awgustynda Nýu-Ýorky basyp alandygyny yglan etdi. Emma ukrain goşuny oba ugrundaky söweşleriň sentýabr aýynda hem dowam edýändigini habar berdi. DeepState maglumatyna görä, Russiýa Nýu-Ýorky oktýabr aýynda öz kontrollygyna aldy.
5/16 "Ruslar, gutlaýarys, siz dowzahda" diýen ýazgy Ukrainanyň Donetsk oblastynyň Nýu-Ýork obasynda, 2022-nji ýylyň apreli. Russiýa 2024-nji ýylyň awgustynda Nýu-Ýorky basyp alandygyny yglan etdi. Emma ukrain goşuny oba ugrundaky söweşleriň sentýabr aýynda hem dowam edýändigini habar berdi. DeepState maglumatyna görä, Russiýa Nýu-Ýorky oktýabr aýynda öz kontrollygyna aldy.
Donetsk oblasty, 2023-nji ýylyň iýuny. Ukrainanyň goşuny 2023-nji ýylyň tomsunda bolan garşylykly hüjümde, Blagodatnoýe obasyny azat etdi. Şonda Nužnenko şu suraty düşüripdi. 2024-nji ýylyň dekabrynda Blagodatnoýe ýene-de ruslaryň gol astyna düşdi.
6/16 Donetsk oblasty, 2023-nji ýylyň iýuny. Ukrainanyň goşuny 2023-nji ýylyň tomsunda bolan garşylykly hüjümde, Blagodatnoýe obasyny azat etdi. Şonda Nužnenko şu suraty düşüripdi. 2024-nji ýylyň dekabrynda Blagodatnoýe ýene-de ruslaryň gol astyna düşdi.
Ukrainanyň Donetsk oblastynyň Pokrowsk şäheriniň golaýynda ýerleşýän Selidowa şäherindäki köçe, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabry. Selidowa oktýabr aýynyň 31-de basylyp alyndy.
7/16 Ukrainanyň Donetsk oblastynyň Pokrowsk şäheriniň golaýynda ýerleşýän Selidowa şäherindäki köçe, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabry. Selidowa oktýabr aýynyň 31-de basylyp alyndy.
Donetsk sebitiniň Terny obasynyň ýaşaýjysy tamynyň golaýynda, 2023-nji ýylyň marty. Oba ugrundaky söweş 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanyp, şu ýylyň başynda ol doly eýelendi.
8/16 Donetsk sebitiniň Terny obasynyň ýaşaýjysy tamynyň golaýynda, 2023-nji ýylyň marty. Oba ugrundaky söweş 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanyp, şu ýylyň başynda ol doly eýelendi.
Wuhledarda ýerde ýatan tigir. Köp gatly jaýlary bolan bu kiçijik şäher baýyrlykda ýerleşýär. Bu şäher ukrain goşunyna söweşlerde amatly bolup, hüjümleri yza serpikdirmäge mümkinçilik berdi.
9/16 Wuhledarda ýerde ýatan tigir. Köp gatly jaýlary bolan bu kiçijik şäher baýyrlykda ýerleşýär. Bu şäher ukrain goşunyna söweşlerde amatly bolup, hüjümleri yza serpikdirmäge mümkinçilik berdi.
DeepState kartasyna görä, Ukrainanyň Donetsk oblastyndaky Çasiw Ýar şäheri rus goşunlary tarapyndan bölekleýin basylyp alnypdyr. Suratda Kanal mähellesi görkezilýär. Ony Orsýet 2024-nji ýylyň iýul aýynda eýeledi. Şäher ugrunda söweş 2023-nji ýylyň maýynda Bahmutyň basyp almagyndan soň başlandy we häzire çenli-de dowam edýär.
10/16 DeepState kartasyna görä, Ukrainanyň Donetsk oblastyndaky Çasiw Ýar şäheri rus goşunlary tarapyndan bölekleýin basylyp alnypdyr. Suratda Kanal mähellesi görkezilýär. Ony Orsýet 2024-nji ýylyň iýul aýynda eýeledi. Şäher ugrunda söweş 2023-nji ýylyň maýynda Bahmutyň basyp almagyndan soň başlandy we häzire çenli-de dowam edýär.
Awdiýewkany eýeläninden soň, rus goşunlary has-da öňe gitdiler. Bu surat 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Awdiýewka bilen Berdiçi obasynyň arasyndaky ýolda düşürildi. 2024-nji ýylyň aprel aýynda Ukraina Berdiçiniň rus goşuny tarapyndan alnandygyny tassyklady.
11/16 Awdiýewkany eýeläninden soň, rus goşunlary has-da öňe gitdiler. Bu surat 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Awdiýewka bilen Berdiçi obasynyň arasyndaky ýolda düşürildi. 2024-nji ýylyň aprel aýynda Ukraina Berdiçiniň rus goşuny tarapyndan alnandygyny tassyklady.
Ukrainanyň Donetsk oblastynyň Kurahowa etraby, maý, 2024. Şol döwürde ol ýerde ýaz-meýdan işleri dowam edipdi. Bu ýerler 2024-nji ýylyň noýabrynda, onuň dolandyryş merkezi bolan Kurahowa şäheri 2025-nji ýylyň ýanwarynda basylyp alyndy.
12/16 Ukrainanyň Donetsk oblastynyň Kurahowa etraby, maý, 2024. Şol döwürde ol ýerde ýaz-meýdan işleri dowam edipdi. Bu ýerler 2024-nji ýylyň noýabrynda, onuň dolandyryş merkezi bolan Kurahowa şäheri 2025-nji ýylyň ýanwarynda basylyp alyndy.
Rita pişigi bilen Awdiýewkada. Olaryň ykbaly belli däl. Basylyp alnan wagtynda Awdiýewka şäherinde 900-e golaý parahat ilat bardy. Adamlar ýerzeminde ýaşap, ynsanperwer kömegi bilen gün görýärdiler. Uruşdan öň Awdiýewkada 30 müňe golaý adam ýaşapdyr.<br />
&nbsp;
13/16 Rita pişigi bilen Awdiýewkada. Olaryň ykbaly belli däl. Basylyp alnan wagtynda Awdiýewka şäherinde 900-e golaý parahat ilat bardy. Adamlar ýerzeminde ýaşap, ynsanperwer kömegi bilen gün görýärdiler. Uruşdan öň Awdiýewkada 30 müňe golaý adam ýaşapdyr.
 
Donetsk oblastynyň Wozdwiženka obasy ugrunda söweş 2024-nji ýylyň iýul aýynda başlandy. Ondan biraz öň, 2024-nji ýylyň maýynda Serhiý Nužnenko Wozdwiženka oba hojalyk kärhanasynyň bombalanyşynyň netijelerini surata düşürdi. Ýanwar aýyndan bäri Wozdwiženka garşy güýçleriň elinde.
14/16 Donetsk oblastynyň Wozdwiženka obasy ugrunda söweş 2024-nji ýylyň iýul aýynda başlandy. Ondan biraz öň, 2024-nji ýylyň maýynda Serhiý Nužnenko Wozdwiženka oba hojalyk kärhanasynyň bombalanyşynyň netijelerini surata düşürdi. Ýanwar aýyndan bäri Wozdwiženka garşy güýçleriň elinde.
Konstantinowka obasynyň topragy. Bu surat düşürilenden dört aý geçensoň, 2024-nji ýylyň sentýabrynda basylyp alyndy.
15/16 Konstantinowka obasynyň topragy. Bu surat düşürilenden dört aý geçensoň, 2024-nji ýylyň sentýabrynda basylyp alyndy.
Donetsk oblastynyň Nowogrodiwka şäheriniň ýaşaýjysyny göçürýärler, 2024-nji ýylyň awgusty. Şondan 20 günden soň şäheri rus goşunlary basyp aldy. Sag tarapdaky adam Täze Zelandiýadan meýletin gulluk edýän Ouen. Öňki harby medisina gullukçysy adamlary halas etmek işine kömek etmek üçin Ukraina geldi.
16/16 Donetsk oblastynyň Nowogrodiwka şäheriniň ýaşaýjysyny göçürýärler, 2024-nji ýylyň awgusty. Şondan 20 günden soň şäheri rus goşunlary basyp aldy. Sag tarapdaky adam Täze Zelandiýadan meýletin gulluk edýän Ouen. Öňki harby medisina gullukçysy adamlary halas etmek işine kömek etmek üçin Ukraina geldi.
Previous slide
Next slide

Zakarpatýa sebitiniň gubernatory Miroslaw Biletskiý bu desganyň asuda raýatlara niýetlenen önümçilik kärhanasy bolandygyny we onda esasan hojalyk harytlarynyň öndürilýändigini aýtdy. Ol desganyň iki sany “Kalibr” raketalary bilen urlandygyny we zarbanyň netijesinde 7 müň inedördül metr meýdanda ýangynyň dörändigini aýtdy.

Zyýan çeken “Flex Ltd.” desgasynyň halk bilen gatnaşyklar bölüminiň müdiri Konor Filips bu desgada harby enjamlaryň öndürilmeýändigini we “diňe asuda ilatdan bolan sarp edijilere gönükdirilen” önümleriň, şol sanda kofe maşynlarynyň öndürilýändigini aýtdy.

Birnäçe işgärler we şertnamalaýyn işgärleri ýaralandy diýip, Filips beýanat berdi. Alty adam hassahana ýerleşdirildi.

Ukrainadaky Amerikan söwda palatasynyň prezidenti Endi Hunder munuň Ukrainadaky iň iri amerikan biznesleriniň birine edilen “örän aýylganç” rus hüjümi bolandygyny aýtdy.

“Bu diňe bir Ukrainanyň üstüne edilen hüjüm däl. Bu amerikan biznesine edilen hüjüm bolup durýar” diýip, Hander X ulgamynda ýazdy. “Russiýa diňe bir Ukrainany weýran etmeýär – ol amerikan biznesini hem weýran edýär, kemsidýär” diýip, ol belledi.

Hander zawoda hüjüm edilende ol ýerde 600 işgäriň gijeki smenada işde bolandygyny aýtdy. Berk howpsuzlyk düzgünleri sebäpli, adamlaryň ömri halas edildi diýip ol aýtdy we bu sebitiň Ukrainada iň howpsuz sebit hasaplanandygyny, ýöne mundan beýläk beýle bolmandygyny belläp sözüniň üstüni ýetirdi.

“Biz prezident Trampy amerikan biznesine arka durmaga we Wladimir Putiniň weýran ediş kampaniýasyna garşy durmaga çagyrýarys” diýip, Hander aýtdy.

Tramp 21-nji awgustda paýlaşan social media postunda öňki president Jo Baýdeni Ukrainany has köp ýaraglar bilen üpjün etmezlikde tankyt etdi.

“Çozýan ýurda hüjüm etmezden uruşda ýeňiş gazanmak kyn, hatda mümkin däl” diýip, Tramp aýtdy. “Bu sport ýaryşlarynda ajaýyp goranyşa eýe bolan, ýöne hüjüm etmegine rugsat berilmeýän beýik topara meňzeýär. Ol ýerde ýeňiş şansy ýok. Bu, Ukraina we Russiýa babatda hem şeýle” diýip, Tramp aýtdy.

18-nji awgustda Waşingtonda bolup geçen gepleşiklerde, uruşdan soň, Ýewropa ýurtlarynyň ýolbaşçylygynda, ABŞ-nyň goldawlary bilen, Ukraina howpsuzlyk kepillikleriniň berilmegi boýunça meýilnanamanyň işlenip düzülmegi babatda ylalaşyga gelindi

Şondan bäri, ABŞ-dan we Ýewropadan bolan harby meýilnamaçylar, syýasy liderleriň geljek ahyrky netijelerinden öňürti, duşuşyklara başlap, howpsuzlyk bukjasyny ara alyp maslahatlaşýarlar.

Birleşen Ştatlaryň, Finlýandiýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň hem-de Ukrainanyň goranyş ýolbaşçylary 19-21-nji awgustda Waşingtonda duşuşdylar. ABŞ-ly we ýewropaly meýilnamaçylar ýaran ýurtlaryň “garamagyna hödürlemek üçin” harby seçgileri işläp taýýarladylar diýip, Pentagon 21-nji awgustda aýtdy.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainada ýewropa goşunlarynyň bolmagynyň “asla kabul ederliksiz” bolandygyny aýtdy we olaryň “käbir ukrain teritoriasynda bolmagyny daşary ýurt interwensiýasy” atlandyrdy.

Ol bir gün ozal Ukrainanyň howpsuzlyk meselesiniň Russiýasyz maslahat edilip bilinmejekdigini aýtdy.

Putin bilen Zelenski duşuşarmy?

Waşingtonda bolan gepleşiklerde Putiniň Zelenski bilen ýüzbe-ýüz duşuşmagyna-da çagyryş edildi.

Lawrow 21-nji awgustda Putiniň Zelenski bilen duşuşmaga taýýardygyny gaýta-gaýta aýdandygyny gürrüň berdi, ýöne şeýle duşuşykdan öňürti, käbir meseleleriň çözülmeginiň zerurdygyny aýtdy.

“Elbetde, eger-de geljekki ylalaşyklara gol çekilmegini gezek gelende, bu şertnamalara ukrain tarapyndan gol çekýän adamyň legitimligi çözüler diýip umy edýärin” diýip, Lawrow nygtady.

Putin Ukrainada uruş sebäpli saýlawlaryň yza süýşürilmegi bilen baglylykda Zelenskiniň kanunylygyny sorag astyna alyp gelýär.

Bu aralykda, Zelenski, 21-nji awgustda özüniň Trampy hem öz içine alýan üçtaraplaýyn gepleşikleri nazarlaýandygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG