“Hökümet maldarçylary köseýär”

Sygyr we oglan.

Lebapda resmiler hususy et söwdagärlerine etiň 1 kilogramyny 12 manatdan satmak barada görkezme berensoň, hususy et söwdagärleriniň käbirleri öz bizneslerine zyýan ýetýändigini aýdýarlar.

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň ýaşaýjysy häzirki wagt maldarçylyk üçin zerur bolan iýmiň gymmatlygy sebäpli, etiň bahasyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan satmaklygyň hususy et söwdagärlerine girdeji getirmeýändigini belleýär.

Bu barada öz hojalygynda mallary ýetişdirmek bilen meşgullanýan Ereşguly Durdybaýew Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewe gürrüň berdi. Maglumaty aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Hökümet maldarçylary köseýär”