Türkmen görnüşleri - 12-nji hepde

Aşgabadyň “Altyn-Asyr” söwda bazarynda çaga arabajyklarynyň we sallançaklaryň satylýan söwda nokady.

Aşgabadyň Çoganly şäherçesiniň köçeleriniň birinde agzy açyk kanalizasiýa çukurlarynyň biri. Türkmenistanyň käbir köçelerinde öňünden hiç hili howpsuzlyk duýduryşy berilmezden, agzy açyk kanalizasiýa çukurlaryna duş gelse bolýandygy aýdylýar.

Aşgabadyň 10-ýyl Abadançylyk köçesiniň ugrundan geçip barýan oglanlar. Bu köçede geçirilýän rekonstruksiýa işleri sebäpli transport gatnawynyň çäklendirilendigi we munuň ýaşaýjylar üçin käbir kynçylyklary döredýändigi habar berilýär.

Aşgabadyň köçeleriniň birinde ýerleşdirilen ýol gözegçilik kamerasy. Soňky döwürde Aşgabadyň ençeme köçesinde bu kameralary görse bolýandygyny, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Aşgabadyň Çoganly daçasynyň ýaşaýjysynyň taksa münüp duran pursady. Çoganlynyň daçalaryndaky ýaşaýjylaryň şäheriň merkezinden awtobusda sapar edip, daçadaky öýlerine çenli takside gitmeli bolýandygy aýdylýar. Munuň hem daçalar bilen magistral ýoluň arasynda awtobus gatnawynyň ýola goýulmandygy bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.

Aşgabadyň Parahat 2 kiçi etrapçasyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň käbirleriniň daşyny abatlamak, ýagny ak reňke boýamak işleriniň dowam edýändigi aýdylýar. Şuňa meňzeş abatlaýyş işleriniň geçeň ýylyň mart aýynda hem geçirilendigi habar berlipdi.

Aşgabadyň käbir kiçi etrapçalarynyň girelgelerinde çilim çekmegiň zyýany barada duýduryş berýän bildirişleriň asylandygy aýdylýar.