Türkmen görnüşleri - 13-nji hepde

Parahat 1 mikroraýonyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň arasyndaky tamdyr we egin-eşik serlen ýüpler. Aşgabadyň käbir köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň arakasynda ýaşaýjylaryň kiçi meýdançalaryň daşyny aýlap, onda öz egin-şiklerini guratmak üçin ýüpleri asýandygy ýa-da çörek bişirmek üçin tamdyrlary goýýandygy aýdylýar.

21-nji martda Nowruz baýramçylygy mynasybetli Aşgabadyň çetinde geçirilen "Ahal ýaýlasy" atly çärede türkmen telewideniýesiniň işgärleri ýazgy edýärler.

Aşgabadyň Parahat kiçi etrapçasynda oýun oýnaýan oglanjyklar.

Nowruz baýramy mynasybetli Aşgabadyň 20 kilometr uzaklygynda geçirilen çäreden baýdaklary alyp barýan çäreçi.

Aşgabadyň baýyrlyklarynda türkmen alabaýy bilen gezelenç edýän adam. 

Aşgabadyň 5-nji kiçi etrapçasyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň golaýynda alnyp barylýan gurluşyk işleri.

Nowruz baýramçylygy mynasybetli geçirilen çärä gatnaşýan Aşgabadyň ýaşaýjysy.