Türkmen görnüşleri - 30-njy hepde

Aşgabadyň "bildirişler bagy"

Mümkinçiligi çäklendirilen bir adam awtobusa münjek bolýar. Türkmenistanyň jemgyýetçilik transportlarynda maýyplar üçin ýörite şertler göz öňünde tutulmadyk.

Aşgabadyň köçelerini aýlanyp sübse satýan ýetginjek.

Aşgabadyň awtokombinat atlandyrylýan soňky duralgasynyň golaýynda üýşüp ýatan zir-zibiller.

Ünsden düşürilýän ýol belgileri. Aşgabat

"Türkmentelekom" wi-fi hyzmatynyň tizligini 2 mbit/sekunt diýip görkezýär. Emma ýerli ýaşaýjylar bu hyzmatyň görkezilýän tizlikde işlemeýändigini aýdýarlar.

Mekdep okuwçylarynyň nobatdaky - üçünji tapgyry Göderä dynç almaga ugradylýar.