IIM-niň täze ministriniň bellenmeginiň yzýany, Maryda PÝGG-niň işgärlerine gözegçilik güýçlendi

Illýustrasiýa suraty

Mary şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň işine gözegçilik edilýändigini we olaryň gulluk işini berjaý edýän mahaly, gizlin kamera düşürilýändigini Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy soňky birnäçe gün bäri dowam edýän bu gözegçilikleriň netijesinde düzgün bozan sürüjileri saklaýan PÝGG-niň işgärleriniň “para almagyň deregine, olara döwlet tarapyndan kesgitlenen pul jerimesini” ýazýandygyny aýdýar.

Degişli maglumat Lebapda PÝGG gözegçiligi güýçlendirdi; raýatlar ‘para zerarly’ ulaglaryny sürmekden saklanýar

“Mary şäheriniň köne ýarmarkasynyň ýolunyň ugrunda, 16-njy liseýiň golaýynda we başga-da birnäçe ýerde köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärlerine gizlin edaralaryň işgärleri tarapyndan gözegçilik edilýär. Şäheriň birnäçe köçesinde elektrik liniýalaryny bejerýän ussalaryň eşigindäki işgärler, hamana, elektrik geçirijileri bejerýän ýaly bolup, ýoluň beýleki tarapynda duran PÝGG-niň işgärlerini kamerada surata düşürýärler. Düzgün bozan sürüjilerden para alan polisiýa işgärlerini dessine alyp gidýärler” diýip, habarçy şuňa meňzeş wakanyň 16-njy liseýiň golaýynda bolandygyny 10-njy oktýabrda beren maglumatynda aýtdy.

Habarçy PÝGG-niň işgärlerine ýurduň haýsy edaralarynyň işgärleri tarapyndan gözegçilik edilýändigini häzirlikçe anyklap bolmaýandygyny, ýöne bu wakalardan soňra köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän işgärleriň düzgün bozan sürüjilerden “para almaýandygyny” belledi.

“PÝGG-niň işgärleri sürüjilere diňe döwlet tarapyndan kesgitlenen jerimäni ýazýarlar. Öňler olar jerimäni ýazman, onuň ýarysy möçberde para alyp goýberýärdiler. Ýöne häzir olar tutulyp, işden çykarylmakdan ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekilmekden gorkýarlar. Şeýle-de, häzir olaryň her biri günde 15 protokol ýazmaly edilipdir” diýip, habarçy ulag sürüjileriniň we PÝGG işgärleriniň birnäçesine salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna PÝGG-niň işgärlerine edilýän bu gözegçilikler we olaryň sebäpleri barada Mary welaýat polisiýa bölüminden kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Degişli maglumat IIM-niň başlygy Mulikow wezipesinden boşadyldy, harby çini peseldildi, döwlet sylaglaryndan mahrum edildi (WIDEO)

Ýöne bu waka türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ýolbaşçylaryna ýene bir gezek korrupsiýa we parahorlyga garşy berk göreşiň alnyp baryljakdygyny duýduryp, ýurduň içeri işler ministri Isgender Mulikowy wezipesinden boşatmagyndan 10 gün soňa gabat geldi.

1-nji oktýabrda baş prokuror Batyr Atdaýew Mulikowyň korrupsiýa faktlaryna, mysal üçin, ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleri Azat Saparowyň, Kerimguly Çaryýewiň, Guwanç Meredowyň we beýlekileriň para almagyna göz ýumandygyny mälimetdi. Şonda döwlet TW-si para alan polisiýa işgärleriniň wideokameranyň öňünde toba edýän pursatlaryny görkezdi.

Azatlyk Radiosyna Mary şäherinde PÝGG-niň işgärlerine edilýän gözegçilikleriň ýokarda agzalan ýagdaýlar bilen baglanyşyklydygyny ýa-da däldigini anyklamak häzirlikçe başartmady.

Degişli maglumat Marynyň polisiýasy geçmesiz ýerden geçýän pyýadalara jerime salmagyny güýçlendirdi

Ýöne Azatlyk Radiosy sentýabr aýynyň dowamynda, ýagny “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlykda ýurtda, şol sanda Mary welaýatynda PÝGG-niň işgärleriniň ulag sürüjilerine we pyýadalara gözegçiligi güýçlendirendigini habar beripdi.

Şonda Azatlygyň habarçylary köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň bu biraýlygy ulag sürüjilerden we pyýadalardan para almagyň guralyna öwürendigini gürrüň beripdiler.

8-nji oktýabrda “Türkmen.news” neşiri özüniň Aşgabatdaky çeşmelerine salgylanyp, ýurtda içeri işler ministriniň çalyşmagy bilen paýtagtyň köçelerinde PÝGG-niň işgärleriniň sanynyň we olaryň ulag sürüjilerini saklamagy bilen bagly wakalaryň göz-görtele azalandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.