Russiýa garşy giň gerimli sanksiýalar baradaky kanun taslamasynyň prezident Donald Trampyň garamagyna iberilýän mahaly, ABŞ-nyň senatory Jeann Şahin AÝ/AR-na beren interwýusynda bu kanunçylygyň Moskwanyň energetika pudagyndan alýan girdejilerini azaltmaga we Russiýadan nebit hem-de gaz satyn alýan ýurtlara basyş etmäge gönükdirilendigini aýtdy.
Şeýle-de, ol 17-nji sentýabrda AÝ/AR bilen geçiren söhbetdeşliginde Ukrainanyň gyssagly harby zerurlyklary, diplomatiýa mümkinçilikleri, Russiýanyň gibrid uruş taktikasy we Balkan sebitindäki howpsuzlyk töwekgelçilikleri barada pikirini paýlaşdy.
(Bu söhbetdeşlik gysgaldyldy we has düşnükli bolmagy üçin redaktirlendi).
AÝ/AR: Kongres Russiýa garşy sanksiýalar baradaky kanun taslamasyny kabul etdi; bu, Ukrainany goldamak boýunça 2024-nji ýylyň aprelinde tassyklanan gyssagly kömek toplumyndan bäri Kongres tarapyndan kabul edilen ilkinji iri iki partiýaly kanunçylykdyr. Kanun taslamasynyň prezident Trampyň garamagyna iberilmegi bilen, indi Moskwa üçin näme üýtgeýär?
Jeann Şahin: Gowy tarapdan seredeniňde, bu möhüm bir habary ýetirýär. Oňa iki palatada iki partiýanyň wekilleriniň arasynda örän güýçli goldaw bilen ses berildi. Senatda ol 11 garşy 86 ses bilen, düýn bolsa Wekiller palatasynda iki partiýanyň hem giňden goldaw bermeginiň netijesinde 100-den gowrak ses artykmaçlygy bilen kabul edildi. [Redaktoryň belligi: Wekiller palatasy kanun taslamasyny 16-njy sentýabrda 262 ses bilen kabul etdi, 159 ses garşy çykdy]
Ony hem demokratlar, hem-de respublikanlar goldadylar. Bu kanun diňe bir Russiýanyň maliýe pudagyna, oligarhlara we Wladimir Putiniň töweregindäki, ýagny Russiýa üçin bu urşy mümkin edýän adamlara garşy berk çäreleri göz öňünde tutman, eýsem bu urşy maliýeleşdirýän girdeji çeşmelerine — ýagny nebitden we gazdan gelýän girdejilere garşy hem berk çäreleri amala aşyrar.
Degişli maglumat
ABŞ-nyň Wekiller palatasy Moskwa garşy sanksiýa taslamasyny kabul edeninden soň, Russiýa Ukraina täze zarbalary urdyBu kanun taslamasy Russiýanyň nebitini we gazyny ulanýan iň uly bäş ýurda — esasan hem Hytaýa we Hindistana — täze paçlary we bahalary girizer. Olar bu serişdeleri iň köp ulanýan ýurtlardyr. Hindistandan gelen habarlara görä, eger bu kanun kabul edilse, olar Russiýanyň nebitini we gazyny satyn almagy bes ederler. [Redaktoryň belligi: Kanunçylyk, belli bir ýagdaýlar göz öňünde tutulmagy bilen, Russiýanyň nebitini ýa-da tebigy gazyny satyn alýan iň uly bäş ýurda 100 göterime çenli paç girizmäge rugsat berýär.]
Şeýlelikde, bu diňe bir Putine we Russiýa däl, eýsem Hytaýa we Russiýanyň nebitini hem-de gazyny satyn alýan beýleki ýurtlara-da güýçli bir signal berer diýip umyt edýäris. Ol "kölege flotuny" [nebit söwdasyndaky çäklendirmelerden sowulmak üçin ulanylýan gämileri] işden çykarar.
Şeýle hem, düýn geçiren metbugat ýygnagymyzda parlamentiň iki palatasynyň ýolbaşçylary ukrain halkyna gönükdirilen habar barada gürrüň etdiler. Bu habar olaryň edermenligini ýokary bahalandyrýandygymyzy aňladýar. Olar demokratiýa we azatlyk ugrunda göreşýärler, biz bolsa olary goldamak üçin elimizden gelenini etmäge çalşarys.
AÝ/AR: Bu sanksiýalar Russiýanyň uruş ykdysadyýetine haçan täsir edip başlar we olaryň täsiriniň tizligi nämä bagly bolar?
Şahin: Bu hökümete baglydyr. Prezident bu kanun taslamasyna ýakyn günlerde gol çekmegi meýilleşdirýär. Gol çekilen badyna, Maliýe ministrliginiň sanksiýalary durmuşa geçirip başlajakdygyna umyt edýäris.
Biz kanun taslamasy boýunça söwda wekili, ilçi Jeýmson Grir bilen örän ýakyn hyzmatdaşlyk etdik; olar bu işe işjeň gatnaşýarlar we haýsy ýurtlaryň täsire sezewar boljakdygyny kesgitlemek üçin seljeriş işlerini alyp barýarlar.
Şonuň üçin hem, kanun taslamasy kabul edilen badyna hökümetiň degişli çäreleri görjekdigine uly umyt baglaýarys.
AÝ/AR: Tankytçylar sanksiýalaryň Moskwanyň maksatlaryny hakykatdanam üýtgedip biljekdigine şübhe bildirýärler. Çäreleriň netijeli bolup-bolmandygyny kesgitlemek üçin geljek hepdelerde we aýlarda haýsy anyk görkezijilere üns berersiňiz?
Şahin: Biz ony durmuşa geçiriş prosesine örän ünsli gözegçilik ederis. Biziň pikirimizçe, diňe sanksiýalar meselesi däl, eýsem öňem aýdyşym ýaly, girdejileriň kesilmegi hem möhümdir.
Russiýa öz girdejisiniň 50 göterimden gowragyny nebit we gaz satmak arkaly gazanýar. Biz Ýewropanyň eýýäm Russiýanyň nebitinden ýüz öwrendigini we Russiýanyň gazyndan hem ýüz öwürmek prosesine girişendigini bilýäris. Ýöne dünýäde muny etmedik başga ýurtlar hem bar.
Hususan-da, Hytaý. Şonuň üçin Hytaýa şeýle bir habar ýetirilmelidir: eger olar Russiýanyň gazyny satyn almagy dowam etdirmek isleseler, ýagny parahat ilatyň ölümine sebäp bolýan we elhenç häsiýetli bu sebäpsiz urşy maliýeleşdirmäge hem-de goldamaga dowam etmek isleseler (bu uruşda Russiýa aýda takmynan 35 000 esgerini ýitirýär), onda olar munuň üçin töleg tölemeli bolarlar. Özi-de, olar bazar bahasyny tölemeli bolarlar.
Bazar bahasyndan töleg edilmän "kölege floty" arkaly gara bazardan nebit we gaz almak işi indi bes edilmelidir.
Degişli maglumat
ABŞ-nyň wekilleri gidenden birnäçe sagat soň, Russiýa Ukrainanyň paýtagtyna güýçli zarba urdyAÝ/AR: Ukraina urşuň ýene bir kyn tapgyryna gadam basýar. Siz ukrain resmileri bilen yzygiderli aragatnaşykda bolýarsyňyz. Häzirki wagtda Kiýewe Waşingtondan iň zerur bolan zat näme?
Şahin: Meniň pikirimçe, rus raketalaryndan goranmaga kömek edýän şol tutujy raketalary (interseptorlary) üpjün etmek üçin elimizden gelenini etmelidiris.
Bu kyn mesele, sebäbi diňe ABŞ-da däl, eýsem Ýewropadaky ýaranlarymyzda hem goranmak senagaty babatda kynçylyklar bar. Şeýle-de bolsa, şol tutujy raketalary ol ýurda ýetirmek üçin elimizden gelenini edýäris öýdýärin.
Rus raketalarynyň hereketine gözegçilik edip bilmekleri üçin olaryň "Starlink" aragatnaşygy bilen üpjün edilmegini gazanmaly. Şeýle hem, olara ýene bir gezek örän sowuk gyşa taýýarlanmaga kömek etmeli.
Mundan başga-da, bu urşy bes etmek üçin Wladimir Putini gepleşikler stolunyň daşyna oturmaga mejbur etmek maksady bilen, oňa basyş etmegiň ähli usullaryny göz öňünde tutmaly. Häzirki wagtda onuň ykdysadyýeti agyr ýagdaýda, ýagny çökgünlik howpunyň astynda durýar.
AÝ/AR: Prezident Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda energetika babatdaky ylalaşyk barada gürrüň etdi. Atyşygyň çäkli möhletde bes edilmegi nähili şertlerde has giňişleýin çözgde alyp barýan ýola öwrülip biler?
Şahin: Meniň pikirimçe, bu onuň nädip guramalaşdyryljagyna we Russiýanyň gepleşikler stolunyň daşyna oturmakda hakykatdanam çynlakaý bolup-bolmazlygyna baglydyr. Häzire çenli olar şeýle çynlakaýlygy görkezmediler.
Wladimir Putin hemmeleri, şol sanda Trampyň administrasiýasyny we onuň wekillerini aldap, wagty uzaldýar, sebäbi ol biziň sabyrlylygymyzyň tükenmegine garaşyp oturyp biljekdigine ynanýar.
Düýn Kongresden iki partiýanyň hem goldawyny öz içine alýan güýçli bir habaryň gelendigini gördük diýip pikir edýärin; bu habar biziň Putine we Russiýa biziň sabyrlylygymyzyň tükenmegine garaşyp oturmaga ýol bermejekdigimizi aňladýar. Biz olara basyş etmek üçin elimizden gelenini ederis.
AÝ/AR: Russiýa Ukrainanyň çäginden daşarda hem sürüjisiz uçarlary (dronlary), kiberhüjümleri, diwersiýa hereketlerini we beýleki serişdeleri barha köp ulanýar. Siziň pikiriňizçe, adaty söweş usullary nirede tamamlanýar we gibrid söweş nirede başlanýar?
Şahin: Gibrid söweş eýýäm birneme wagt bäri dowam edýär we häzir onuň güýçlenýändigini görýäris.
Gowy habar ukrainleriň täzeçil çemeleşmeleri ulanmakda örän ussat bolmagynda. Olar ruslaryň dron tehnologiýasyndan öňde barýarlar we biz muny goldamak üçin elimizden gelenini etmeli.
Bu diňe bir Ukrainanyň bähbidine däl, eýsem Amerikanyň hem bähbidine degişli mesele. Ýakyn Gündogarda şol dronlaryň amerikan desgalaryna we serişdelerine ep-esli zyýan ýetirendigini gördük.
Biz dronlar we olara garşy göreş ulgamlary babatda mümkin boldugyça ýokary tehnologiki derejä ýetmeli we Ukraina bu babatda bize kömek edip biler.
On NATO's Doorstep: The Checkpoints Being Targeted Along Ukraine's Borders
AÝ/AR: Siz NATO-nyň gündogar ganatynda Russiýanyň işjeňligi barada aýratyn alada bildirdiňiz. Siziň pikiriňizçe, Moskwa Baltika ýurtlarynda we Polşada nämeleri synaýar?
Şahin: Aslynda, ol muny diňe Baltika ýurtlarynda synagdan geçirmeýär. Ol muny Polşada hem synaýar...
Şu gün Daşary gatnaşyklar komitetinde diňlenişik geçirdik we orta atylan meseleleriň biri hem, Serbiýanyň Russiýanyň Leýpsig şäherinde hüjüm amala aşyrmak üçin bir geçelge ýa-da duralga hökmünde hyzmat edendigine degişli boldy. Soňra olar Serbiýa gaýdyp bardylar. [Redaktoryň belligi: Germaniýanyň resmileri awgust aýynda Leýpsig/Halle howa menzilinde bolup geçen we dron bilen baglanyşykly wakada Russiýanyň razwedka gullugynyň gatnaşygynyň bardygy baradaky çaklamalary derňäp görýärler. Germaniýanyň metbugaty güman edilýän şahsyýetiň soňra Serbiýa gidendigini habar berdi]
Şonuň üçin biz şol gibrid urşa mümkin bolan ähli ýerde garşy durmaly. Bu diňe bir Amerikanyň bähbidine däl, eýsem biziň ýewropaly ýaranlarymyzyň hem bähbidine laýyk gelýär.
AÝ/AR: Siz Kosovo, Serbiýa we Bosniýa-Gersegowina bilen baglanyşykly durnuksyzlyk ähtimallygy barada alada bildirdiňiz. Şu gün sizi iň köp alada goýýan zat näme?
Şahin: Serbiýanyň we "Republika Srpska"-daky serbleriň Russiýa bilen bolan baglanyşygy hem-de olaryň sebitde durnuksyzlygy döretmäge bolan gyzyklanmasy meni alada goýýar.
Russiýa muny potensial ikinji front hökmünde görýär we biz sebitde durnuklylygy saklamak üçin elimizden gelenini etmeli. Şeýle-de, biziň harby güýçlerimiziň hem ýagdaýy örän üns bilen yzarlaýandygyny aýdyp, aýdyňlaşdyrmaly.
Kosowoda NATO-nyň güýçleri bar. Bosniýa-Gersegowinada bolsa EUFOR missiýasy hereket edýär. Russiýanyň şol güýçleriň ýokary taýýarlyk ýagdaýynda durandygyny we bolup geçýän wakalary yzarlaýandygyny bilmegini gazanmaly.
Degişli maglumat
Tramp Kiýewi Russiýanyň dizel ýangyjy desgalaryna hüjümleri bes etmäge çagyrdy, rus dronlary Polşanyň serhedine golaý zarba urdyAÝ/AR: Russiýanyň özüne geçsek, uruş dowam edýän we Russiýanyň içinde repressiýalar güýçli bolup galýan mahaly, rus oppozisiýasy hakykatdanam nähili rol oýnap biler?
Şahin: Olar Russiýada bolup geçýän wakalary görkezmekde we ýurt bilen baglanyşygy saklamakda örän netijeli boldular; bu bolsa Russiýanyň içinde hereket edýän we Wladimir Putiniň syýasatyna garşy çykýanlara edilýän basyşlar barada maglumat paýlaşýan garşydaşlaryň sanynyň artmagyna kömek edip biler.
Olar bolup geçýän ýitgileriň netijelerini we täsirlerini äşgär edýärler. Olar diňe bir ABŞ-da däl, eýsem Ýewropada hem güýje girizilen sanksiýalaryň Russiýanyň ykdysadyýetine ýetirýän täsiri, şeýle-de täze kanunçylygyň ähmiýeti we onuň nähili netijelere getirmeginiň mümkindigi barada gürrüň edýärler.
Şonuň üçin olar Putini jogapkärçilige çekmek boýunça görülýän çärelere örän tankydy garaýarlar.
AÝ/AR: Ukrainadan başlap Baltika ýurtlaryna, Polşadan Balkanlara çenli aralykda ýüze çykan bu ýagdaýlar aýry-aýry krizislermi ýa-da siz olary Ýewropanyň howpsuzlygyna abanýan has giň gerimli howpuň özara baglanyşykly bölekleri hökmünde görýärsiňiz?
Şahin: Geliň, meseleni aýdyňlaşdyralyň. Bolup geçýän wakalaryň hemmesi özara baglanyşyklydyr; biz Russiýanyň Hytaý, Eýran we Demirgazyk Koreýa bilen hyzmatdaşlygy diňe bir Ukrainada däl, eýsem Eýranda hem edýändigini görýäris.
Biz eýranlylaryň amerikan desgalaryna zarba urmak üçin Hytaýdan we Russiýadan alnan nyşanlar baradaky maglumatlary ulanýandyklaryny bilýäris.
Wladimir Putine we Hytaýa garşy çäre görmek, şeýle-de Ýakyn Gündogarda gulluk edýän amerikan harbylaryna we ol ýerdäki amerikan desgalaryna garşy amala aşyrylýan hüjümleriň öňüni almak üçin mümkin bolan ähli zady etmezligimiz ýol bererlikli ýagdaý däldir.
Bu ýagdaý amerikan salgyt töleýjilerine gymmat düşýär we amerikan raýatlarynyň janyna howp salýar; munuň öňüni almaly. Häzirki hökümet bolsa bu ýagdaýy bes etmek üçin has köp iş etmelidir.