Ahalda bolan ýol heläkçiliginde azyndan bäş adam öldi

Adam pidaly ýol hadysasy Akdepe bilen Bäherdeniň arasynda bolupdyr. (arhiw suraty)

Ahal welaýatynda awtobus bilen ýük ulagynyň çaknyşmagy netijesinde azyndan bäş adam heläk boldy. Azatlygyň sebitdäki habarçysy wakany we bäş adamyň ölendigini tassyklady. Turkmen.news neşiri bolsa pidalaryň sanynyň sekizdigini habar berýär.

Neşiriň 2-nji oktýabrda çap eden habaryna görä, ýol hadysasy sentýabryň ahyrynda Akdepe bilen Bäherdeniň arasynda bolupdyr. Awtobusda azyndan 15 adam bar eken.

Turkmen.news ýol heläkçiliginiň netijesini görkezýändigi aýdylýan wideony hem çap etdi. Neşir heläk bolanlaryň arasynda futbol türgenleşiginden öýlerine gaýdyp gelýän dört ýetginjegiň bolandygyny ýazýar. Neşiriň maglumatyna görä, awtobusyň sürüjisi we dokma fabriginde işleýän iki aýal hem çaknyşykda aradan çykypdyr.

Habarda ýene alty aýalyň şikes alyp, reanimasiýa bölümine ýerleşdirilendigi, olaryň biriniň soňra aradan çykandygy aýdylýar.

Azatlyk häzirlikçe sekiz adamyň ölendigi baradaky maglumaty doly tassyklap bilmedi.

Türkmenistanyň degişli edaralary bu waka barada açyk maglumat bermediler. Heläk bolanlaryň we ýaralananlaryň umumy sanyny resmi çeşmeler arkaly tassyklamak mümkin bolmady. Hadysanyň sebäbi hem häzirlikçe belli däl.

Ýol howpsuzlygy biraýlygynda bolan heläkçilik

Waka Türkmenistanda sentýabr aýynyň dowamynda geçirilen "Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy" atly biraýlyga gabat geldi. Döwlet eýeçiligindäki media bu çäräniň maksadynyň ýol hadysalaryny azaltmak we ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegini gazanmakdygyny belleýär.

Degişli maglumat

Ýol howpsuzlygynyň biraýlygy Balkanda dokuz ýol hadysasy bilen başlandy

Azatlyk 14-nji sentýabrda Daşoguz şäherinde üç býujet işgäriniň ulag kakmagy netijesinde heläk bolandygyny habar beripdi. 11-nji sentýabrda bolan şol hadysanyň şaýadynyň we pidalaryň biriniň garyndaşynyň aýtmagyna görä, işgärler pagta ýygymyna barýardylar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýol-ulag hadysalary hem-de adam pidalary barada aç-açan statistika çap etmeýär. Ýurtdaky ölümli ýol hadysalary barada maglumatlar esasan Azatlygyň habarçylary we beýleki garaşsyz neşirler arkaly mälim bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.