Türkmenistanda elektrik energiýasynyň gowşak üpjünçiliginiň arasynda käbir hojalyklaryň togy häkimiýetler tarapyndan kesilýär. Olaryň tok üçin bergisi muňa sebäp bolýar. Maddy taýdan agyr şertlerde ýaşaýan maşgalalaryň elektrik energiýadan mahrum edilmegi olaryň ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrýar.
Ahal welaýatynda togy kesilen maşgalalaryň biri maddy ýagdaýynyň iňňän agyrdygyny aýdyp, tok üçin tölege pulunyň düýpden ýokdugyny gürrüň berdi.
"Meniň öýümiň elektrik toguny töläp bilmeýändigim sebäpli kesdiler. Men agtyklarym bilen ýaşaýaryn, oglum türmede, gelnim daşary ýurtda zähmet migranty, özüm wagtynda döwlet edarasynda işlemänim sebäpli pensiýam ujypsyzja" diýip, ahally pensioner Sülgün daýza gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy söhbetdeşleriniň howpsuzlyk aladalary sebäpli olaryň atlaryny üýtgedip berýär.
Degişli maglumat
Paýtagtda elektrik togunyň güýji gaçýar, Lebapda häkimiýetler jarçylar üsti bilen ilaty togy tygşytlamaga ündeýärSülgün daýzanyň sözlerine görä, onuň ujypsyz pensiýasy maşgalanyň ýeke-täk girdeji çeşmesi bolup durýar.
"Pensiýam iki kilogram et satyn almaga ýetýär. Onsoň men nädip elektrik toga, gaza, agyz suwuna töleg geçireýin diýsem-de, meni diňlemän, elektrik togumy kesdiler" diýip, maşgalanyň garry enesi zeýrenýär.
Garry ene toguny kesen işgärlere ýüzlenip, togy kesmezligi sorandygyny we öz maddy ýagdaýynyň agyrdygyny düşündirmäge synanyşandygyny gürrüň berdi.
Zenanyň sözlerine görä, oňa duýgudaşlyga derek işgärler ony kemsidip gürläpdir: "Daýza agzyňda diş galmandyr, et iýmän ot iýseň bolmaýarmy, onuň ýaly pensiýaň az bolsa diýip aýtdylar" diýip, garry ene öz adyna aýdylan kemsitmelere bozuldy: "Men 50 ýyllap kolhozyň ekin meýdanlarynda gije ýatman zähmet çekdim, kolhozyň malyny bakdym we süýdüni sagdym. Bu hiç kimiň gözüne görünmeýär".
Sülgün daýza özi ýaly maşgalalaryň az däldigini aýdyp, şeýle kynçylyklaryň ilata gaz, tok we suw ýaly zerurlyklar üçin ýeňillikleriň ýatyrylmagyndan soň köpelendigini belledi. Ilat üçin belli bir möçberde mugt berlen elektrik energiýasy, gaz we suw 2019-njy ýylda doly tölegli edildi. Şonda ýurt ýolbaşçylary munuň sebäbini düşündirip "ilatyň durmuş derejesi ýokarlandy" diýip, delillendirdi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerden, şol sanda ýerli elektrik edarasyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda ilatyň durmuş derejesini görkezýän resmi statistika çap edilmeýär.
Energiýa serişdelerine baý we elektrik toguny uly mukdarda öndürip, satýan Türkmenistanyň hökümeti ýurtdaky sosial-ykdysady problemalary açyk agzaman, ýurtdaky garyplygy boýun almaýarka, esasy zerurlyklaryny töläp bilmeýän ýaşaýjylaryň sany artýar.
Degişli maglumat
Maryda häkimiýetler gijelerine ýaş çagaly maşgalalaryň gazyny kesýär - ÇeşmelerGazy we togy kesilýän hojalyklaryň sany artýar. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary gyşyň sowugynda we tomsuň yssysynda agyr şertlerde galýan hojalyklar barada yzygiderli habar berýärler.
Şeýle-de, habarçylar tok we gaz bilen üpjün edýän edaralaryň işgärleriniň öýme-öý aýlanyp, ilatdan bu hyzmatlar üçin tölegleriň öňünden, käte birnäçe aý öňünden tölenmegini talap edýändigini habar beripdi.
Bu ýagdaý elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde yzygiderli döreýän bökdençlikleriň arasynda ýüze çykýar. Şu tomsuň başyndan bäri ýurduň dürli welaýatlarynda we paýtagtynda elektrik energiýasy kesilip durdy. Käbir ilatly ýerler birnäçe günläp yssyda toksuz galdy.
Degişli maglumat
Maryda hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini töläp bilmeýän maşgalalar köpelýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.