Ahalyň bazarlarynda ýük daşaýjylardan galtagyň reňkiniň ýaşyl bolmagy talap edilýär

Bazarda ýük daşap gazanç edýän adamlar. Türkmenistan (arhiw suraty).

Türkmenistanyň bazarlarynda galtakly ýük daşaýanlary köp görse bolýar. Bazara baran müşderileriň satyn alan harytlaryny daşap, gazanç edýänleriň arasynda hem uly ýaşly adamlar, hem-de çagalar duş gelýär. Uly-kiçi galtaklary itekläp ýören adamlaryň arasynda şu günler ýetginjekleriň we hatda kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň sany esli köpelýär.

Bazarlarda agyr ýükli galtaklary sürüp gazanç edýänleriň köpüsi maddy taýdan agyr ýagdaýdaky adamlar.

"Men her günki çörek pulumy gazanmak üçin bazarlara baryp adamlaryň satyn alýan ýüklerini galtagyma ýükläp uly ýol gyralaryna, awtoulagynyň ýanyna çenli äkidişip, gazanç edýärin" diýip, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan ahally ýaşaýjylaryň biri berdi.

Ahalyň bazarlarynda galtakly ýük daşaýanlaryň sözlerine görä, her müşderiden 5-10 manat aralygynda pul gazanyň bolýar. Resmi kursdan bu 1,5-3 dollar aralygynda, gara bazar nyrhy boýunça bu 0,25-0,5 amerikan dollaryna barabar.

Degişli maglumat

Maryda galtaklaryň kireý nyrhlary 50% ýokarlandy. Galtakçylar mugtuna işlemeli boljakdyklaryny aýdýarlar

Emma şeýdip, gazanç edýän adamlaryň ýerli bazarlarda işlemek mümkinçiligi şu günler çäklendirilipdir. Ahal welaýatynyň bazarlarynda ýük daşaýan adamlaryň sürýän galtaklarynyň reňki ýaşyl bolmasa bazarlara goýberilmeýär.

'Galtak ýaşyl bolmaly'

"Welaýatynyň bazarlarynda ýük daşaýan galtakçylar, galtagynyň reňki üçin bazarlara goýberilmeýärler. Şu gün meni we meniň ýaly ençeme galtakçy egindeş işdeşlerimi bazaryň derwezesinden içeri goýbermediler" diýip, ahally ýaşaýjy 20-nji iýulda habar berdi.

Ol munuň sebäbini soranda oňa şeýle diýlipdir: "Bizi näme üçin bazarlara goýbermän gazanç eklenjimizi kesmekçi bolýarsyňyz diýip sorasam, galtagyňyzyň reñki ýaşyl reňke boýalan bolmaly diýdiler".

Bu talap tomus aýlarynda ýakyp duran günüň aşagynda, gyşda garly-ýagyşly sowukda agyr ýükleri daşap, maşgalasynyň iýjek çöregini zordan gazanýan adamlary agyr ýagdaýa salypdyr.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlarynyň tutulmazlygyny soran ahally ýük daşaýjylar bu talabyň özleri üçin garaşylmadyk ýagdaý bolandygyny we munuň indi özleri üçin aşa uly çykdajylary we wagty talap etjekdigini aýdýarlar.

"Häzir 1 kiçi gutusy 40 manatdan ýaşyl boýag satyn alyp, 10 manatdan boýagy çalmana şotka satyn alyp adamlar galtaklaryny boýamana başladylar" diýip, ahally ýene ýaşaýjy gürrüň berdi.

'Uly zyýana galýarys'

Onuň sözlerine görä, arabasyny boýamak diňe bir reňk üçin çykdajy bilen çäklenmeýär. Boýagyň guramagy üçin goşmaça wagt talap edilýär, ýagny adamlar birnäçe gün garaşmaly bolýar we bu aralykda girdejisiz galýar.

"Boýagy galtagyňa çalanyňdan soň 4-5 gün gurap, kraskanyň yssy aýrylmaýar. Bu näme diýmek? Bu 4-5 günläp eklenjimizden galmak bolýar" diýip, bazarda işleýän ýükçi aýtdy.

Ahal welaýatynyň dürli bazarlarynda arabaly ýük daşap gazanç edýän adamlaryň bir gün gazanýan girdejisi ortaça 100 manat töwereginde bolýar.

"Biz her gün yssy, sowuk diýmän galtak sürüp 100-120 manat gazanýarys. Indi onam bize kän görýärler" diýip, ahally ýaşaýjy aýdýar.

Bu aralykda Azatlygyň ýerli habarçysynyň we çeşmelerine görä, ýurtdaky işsizlik zerarly bazarda ýük daşamak bilen gazanç etmäge synanyşýan adamlaryň sany köpelipdir.

"Eklenji bolman, özlerine galtak satyn alyp başga welaýatlardan gelip Ahal welaýatynyň bazarlarynda galtak sürüp eklenç gözleýänler häzir az däl" diýip ahally çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy galtaklaryň reňkine degişli talap barada resmi teswir almak üçin Ahal welaýatynyň birnäçe bazarynyň administrasiýasy bilen habarlaşmaga synanyşdy, emma düşündiriş alyp bilmedi. Ahal welaýatynyň häkimliginden hem teswir alyp bolmady.

Degişli maglumat

Tomusky dynç alyş mösüminde dürli işlerde zähmet çekýän çagalar köpelýär

Ýerli ýaşaýjylar bazarlarda galtaklaryň reňkine degişli talapdan nägile bolýarlar.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan ýene bir bazar işgäri şeýle diýdi: "Ýurtda sadaja galtakçylara-da eklenç etmäne gün bermeýärler. Şolaryň gazanýan ujypsyzja puluny olara rowa görmeýärler. Galtak nähili reňkde bolanda näme, ilki awtoulaglaryň ak reňkli bolmagyna garşy dürli çäreler geçirilipdi, indi awtoulaglardan soň galtakçylara degip halkara azar berýärler".

Reňk talaby ýurtdaky durmuşyň dürli ugurlarynda görmek mümkin. Ýurduň köçelerinde diňe açyk reňkli awtoulaglaryň hereket etmegine rugsat berilýär, okuw jaýlarynda ýaşlaryň geýiminiň reňkine degişli berk talap ýöredilýär, köpçülikleýin çärelerde we sport maşklarynda gatnaşyjylaryň geýimleri we hatda sürýän tigirleri birmeňzeş bolmaly we olaryň reňki çäreden-çärä üýtgäp bilýär .

Mundan öň ýaşyl reňk talaby, hususan-da, mekdep okuwçy gyzlaryň köýnegine we mugallymlaryň ýazýan galamlarynyň we depderleriniň reňkine degişli bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.