Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda galtaklaryň kireý nyrhlary 50% ýokarlandy. Galtakçylar mugtuna işlemeli boljakdyklaryny aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty.

Mary şäheriniň “Galkynyş” bazarynda galtakçy bolup zähmet çekýän işgärler galtaklaryň kireý nyrhlarynyň duýdansyz tas 50% ýokarlandyrylmagyndan şikaýat edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan galtakçylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, 30-njy oktýabrda bazar administrasiýasynyň resmileri galtaklaryň günlük kireý nyrhlarynyň 20 manatdan 35 manada ýokarlandyrylandygyny yglan etdiler.

“Galtakçylar her gün galtagy alanda 20 manat pul töläp, pasportlaryny goýup gaýdýardylar. Olar agşam galtagy tabşyranda-da, pasportlaryny alyp gaýdýardylar. Çarşenbe güni irden galtakçylar bazara baranda, günlük kireý nyrhlarynyň gymmatladylandygyny bilip galdylar. Onuň ýokarlandyryljakdygy barada öňünden hiç zat aýdylmagy” diýip, galtakçylaryň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna 31-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Maglumat üçin aýtsak, galtakçylar – Türkmenistanyň bazarlarynyň tas ählisinde diýen ýaly bolup, olar üsti demir we agaçdan ýasalan, iki ýa-da üç tigirleri arabany sürüp, söwda nokadyndaky müşderileriň satyn alan azyk we senagat harytlaryny ulaglaryna ýa-da taksä çenli daşamaga kömek edýärler. Olar bu hyzmatdan peýdalanýan raýatlardan ortaça 1-2 manat aralygynda töleg alýarlar.

Maryly galtakçylar özleriniň sanynyň 30-dan geçýändigini belläp, bazar administrasiýasy bilen şertnamasyz işleşýändiklerini aýdýarlar. Olar her günde gazanýan girdejileriniň köp bolanda 40 manatdan geçmeýändigini belläp, täze nyrhlar bilen gazanç etmek beýle-de dursun, zyýan çekjekdiklerini aýdýarlar.

“Bazarda hergün baryp, galtak sürüp hojalygyny ekleýän adamlar bazar resmileri bilen ‘biz galtak sürüp onça gazanamyzok’ diýip dawalaşdylar. Ýöne bazar eýeleri gulak asmadylar we ‘başga ýerde iş tapsaňyz gidiberiň’ diýip aýtdylar. Ýöne başga bazarlarda galtakçy bolar ýaly söwda ýok, müşderi az. Galkynyş bazarynyň resmileri bu ýagdaýy bilýärler. Şonuň üçinem kireý nyrhlaryny galdyrdylar. Biz her günde 35 manat kireý berjek bolsak, onda günde diňe 5 manat gazanç ederis. Käbir günler bolsa, mugtuna işläp beren ýaly bolarys. Başga ýerde-de iş tapyp bolanok” diýip, galtakçylaryň biri belledi.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlary Mary şäheriniň “Galkynyş” bazarynyň resmilerine tassykladyp, ýa inkär etdirip bilmedi.

Soňky ýyllarda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi ykdysady kynçylyklar, harytlaryň gymmatlamagy hem-de gytçylygy bilen baglylykda, ilatyň gün-güzeranynyň kynlaşýandygyny we işsizlikden kösenýän raýatlary has köp görse bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ilat arasyndaky işsizligiň ýa-da garyplygyň derejesi, işlerini ýitiren adamlary sosial taýdan goramak, gaýtadan hünär bermek we işe ýerleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler, şeýle-de işsizlik boýunça kömek puly bilen üpjün edilen raýatlaryň sany barada maglumat bermeýärler.

Şol bir wagtda, ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň indi has gowulanandygyny" aýdyp, ilata çärýek asyrlap mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berlen gaz, suw we elektrik togy ýaly hyzmatlary şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan tölegli etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG