Tramp administrasiýasy indiki hepde Abu-Dabide Ukraina we Russiýa bilen üçtaraplaýyn parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge taýýarlanýarka, Ak Tam Ukraina üçin howpsuzlyk kepilliklerini öz içine alýan Ýewropa howpsuzlyk çarçuwasyny yglan etdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň wekili Jared Kuşner bu başlangyjyň jikme-jik beýanyny Brýusselde ukrain, NATO we ýewropa resmileri bilen geçirilen gepleşiklerinden soň, 5-nji noýabrda sosial mediada ýerleşdiren maglumatynda mälim etdi.
Teklip edilýän çarçuwa hemişelik howpsuzlyk maslahatlaryny, krizis aragatnaşyklaryny, harby açyklygyň ýokarlandyrylmagyny, dartgynlylygyň ýokarlanmagynyň töwekgelçiligini azaltmak üçin özara çäreleri we Ýewropanyň howpsuzlygy we durnuklylygy üçin uzak möhletli ylalaşygy öz içine alýar.
Degişli maglumat
Oleşki ylalaşygyndan soň, Melaniýa Tramp Russiýanyň we Ukrainanyň wekillerini kabul ederKuşner bu başlangyjyň her bir ýurduň özygtyýarlylygyna we territorial bitewüligine hormat goýjakdygyny, hiç bir döwletiň başga bir ýurduň öz howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýaranlaryny saýlamagyna ýa-da çemeleşmelerine weto hukugynyň bolmajakdygyny aýtdy. NATO-nyň Ýewropada umumy goranyşyň esasy elementi bolmagynda galjakdygyny hem sözüne goşdy.
Bu beýanat Trampyň 5-nji noýabrda Ak Tamda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ýörite wekili Kirill Dmitriýew bilen duşuşygyndan soň edildi. Tramp "uly, ajaýyp ylalaşygyň" golaýda bolup biljekdigine ynanýandygyny we munuň diňe Ukrainany däl, eýsem "bütin Ýewropany" hem öz içine alyp biljekdigini aýtdy.
"Bu uly ylalaşyk bolar we ol diňe bir Ukrainany däl, eýsem has giňişleýin meseleleri öz içine alar" diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy we "hemmeleriň örän hoşal boljakdygyny" sözüne goşdy.
Kuşner maslahatlaryň Ukrainanyň, NATO-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki ýewropaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda Şell Beý (Shell Bay) formaty arkaly dowam etdiriljekdigini, Russiýanyň hem parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşjakdygyny aýtdy.
Howpsuzlyk aladalary
Ukrainanyň howpsuzlyk kepillikleri bilen has giň Ýewropa howpsuzlyk arhitekturasynyň arasyndaky teklip edilýän baglanyşyk, Russiýa boýunça bilermenlerde başlangyjyň gerimi we onuň NATO üçin täsirleri barada soraglary döretdi.
“Saratoga” gaznasynyň prezidenti we Russiýa boýunça strategist bolan Glen Howard Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Kuşneriň beýanatynyň Ukrainany we ýewropaly ýaranlaryny Waşingtonyň gepleşiklerden öň Russiýa basyş edýän mahaly, olaryň bähbitlerinden ýüz öwürmejekdigine ynandyrmak üçin niýetlenen bolmagynyň mümkindigini aýtdy.
Emma Howard has giňişleýin Ýewropa howpsuzlyk arhitekturasyna salgylanmanyň aýratyn alada döredýändigini belledi.
Ol geçen hepde Kremliň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakowyň eden beýanatlaryna ünsi çekip, onuň NATO-nyň Gündogar Ýewropa we Baltika ýurtlaryna giňelmeginden öňki, 1997-nji ýyldan öňki ýagdaýyna gaýdyp gelmegine çagyrandygyny aýtdy.
“Russiýa NATO-nyň geljegi we gündogar ganatynyň dargadylmagy barada haçandan bäri söz aýtmaga hukuk aldy?” diýip, Howard Russiýanyň munuň öwezine nähili ýeňillikleri hödürlejekdigini sorag astyna aldy.
Howard bu potensial çemeleşmäni 1938-nji ýyldaky Mýunhen ylalaşygy bilen deňeşdirdi. Bu ylalaşyk nasist Germaniýasyna Gitleriň başga territoriýa talaplaryny etmejekdigi baradaky wadasynyň öwezine Çehoslowakiýanyň bir bölegini anneksiya etmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem, Howard Tramp administrasiýasynyň Russiýa bolan garaýşy barada giň aladalary agzady we hususan-da, Pentagonyň ýokary derejeli resmisi Elbrij Kolbiniň Baltika döwletlerini Russiýa garşy çykyşlaryny peseltmäge çagyran sözlerini mysal getirdi.
Degişli maglumat
Demokratlaryň aralyk saýlawlardaky ýeňşi Trampyň Russiýa, Ukraina we Eýran babatdaky syýasatyna basyşy güýçlendirip bilerMundan başga-da, ol Fransiýanyň we Britaniýanyň Ukrainada parahatçylyk goraýjy güýçlerini ýerleşdirmek mümkinçiligi baradaky taýýarlyklarynyň, şeýle hem Ukrainanyň territoriýasyndan geçýän gaz akymlarynyň ugruny üýtgetmek baradaky pikir alyşmalaryň gepleşikleriň töweregindäki giň strategiýanyň bir bölegi bolup biljekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň Ukrainadaky öňki ilçisi we "Atlantic Council" guramasynyň Ýewraziýa merkeziniň ýokary derejeli direktory Jon Herbst hem garaşylýan gepleşikler barada kän bir umytly garaýyş beýan etmedi.
Ol rus daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýakynda Russiýanyň hiç hili eglişik etmejekdigi baradaky beýanatyny we Wladimir Medinskiýniň Abu-Dabide rus delegasiýasyna ýolbaşçylyk etmäge bellenendigini mysal getirdi. Medinskiý öň Russiýanyň gepleşik toparlaryna ýolbaşçylyk edipdi, ýöne öňegidişlik gazanyp bilmedi.
Herbst gepleşiklere Ýewropanyň gatnaşmagynyň Ukraina goldawyny saklamaga we Waşingtony has berk pozisiýa eýelemäge höweslendirmäge kömek edip biljekdigini belledi. Emma ol Ýewropanyň ABŞ administrasiýasyna täsir etmek üçin edýän tagallalarynyň, esasanam Kremliň Trampa täsir etmek ukyby bilen deňeşdirilende, täsiriniň çäklidigini duýdurdy.
Ol Russiýadan söweşi bes etmek barada anyk wada almazdan ozal, Waşingtonyň näme üçin uruşdan soňky howpsuzlyk çärelerine we dartgynlylygyň peseldilmegine üns bermegini sorag astyna aldy.
Herbst Russiýanyň ylalaşyga gelmekden ýüz öwürmeginiň Tramp administrasiýasynyň Kremle has uly basyş etmegiň ýerine başga ugurlarda öňegidişlik gözlemegine sebäp bolandygyny hem aýtdy.
Makala gysgaldylan görnüşde çap edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.