ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp 5-nji noýabrda Ak Tamda Russiýanyň we Ukrainanyň wekillerini kabul eder. Iki tarap hem Ukrainanyň günortasyndaky Herson sebitiniň bir böleginde ýerli ok atyşygy bes etmek düzgüniniň ornaşdyrylmagyndan soň geçiriljek duşuşyga gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu waka, indiki hepde ABŞ-nyň araçylygynda parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyryny geçirmegiň meýilleşdirilen mahaly bolýar.
Duşuşyk Russiýanyň basyp alan Oleşki şäherinde we onuň töwereginde ok atyşygy bes etmek boýunça alty günlük ylalaşygyň yzysüre geçirilýär. Mundan ozal Melaniýa Tramp bu sebite ynsanperwer kömeginiň berilmegini we ejiz raýatlaryň ewakuasiýa edilmegini üpjün etmekde araçylyk etmäge kömek edendigini aýtdy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna (AÝ/AR)maglumat beren çeşmelere görä, Ukraina tarapyna prezident Wolodymyr Zelenskiniň “Halkyň hyzmatkary” atly parlament fraksiýasynyň ýolbaşçysy Dawid Arahamiýa we ýurduň adam hukuklary boýunça ombudsmeni Dmytro Lubinets wekilçilik eder. Duşuşyga rus tarapyndan bolsa, Kremliň wekili, Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň ýolbaşçysy Kirill Dmitriýewiň hem-de Russiýanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýana Lantratowanyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bu maglumatlar, diplomatik işjeňligiň täzeden başlanmagy bilen utgaşdy. 3-nji noýabrda Russiýa Moskwanyň, Kiýewiň we Waşingtonyň gatnaşmagyndaky üçtaraplaýyn gepleşikleriň 10-11-nji noýabrda Abu-Dabide geçiriljekdigini tassyklady.
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow rus prezidenti Wladimir Putiniň uzak wagtlap kömekçisi bolan Wladimir Medinskiýniň Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek gepleşiklerde Moskwanyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy. Waşingtonyň araçylyk etmeginde geçiriljek gepleşiklerde Russiýanyň Ukraina garşy bäş ýyla golaý wagt bäri dowam edýän doly möçberli urşuny bes etmek boýunça tagallalaryň, uruşdan soňky howpsuzlyk çäreleriniň we çaknyşyklary gowşatmagyň ýollarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Oleşkide atyşygyň bes edilmegi ynsanperwerlik babatda öňegidişlige ýol açýar
27-nji oktýabrdan 2-nji noýabra çenli dowam eden Oleşkiniň töwereginde, ýerli derejede ok atyşygy bes etmek ylalaşygy ynsanperwer kömekleriň eltilmegini we ejiz raýatlaryň ewakuasiýa edilmegini üpjün etmek üçin niýetlenendi.
23-nji oktýabrda Melaniýa Tramp Oleşkidäki ynsanperwer ýagdaýy Russiýanyň we Ukrainanyň ýolbaşçylary bilen ara alyp maslahatlaşandan soň, ylalaşygyň üpjün edilmegine kömek edendigini yglan etdi.
Onuň edarasy bu başlangyjyň möhüm kömegiň eltilmegine we tas 800 adamyň ewakuasiýa edilmegine mümkinçilik berendigini, olaryň Ukrainanyň gözegçiligindäki territoriýa gaýdyp bilendigini aýtdy.
Oleşkide ynsanperwer ýagdaý barha agyrlaşypdy. Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha sentýabr aýynda eden çykyşynda käbir ýaşaýjylaryň azyk, derman, arassa suw we elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi sebäpli haşal otlary iýmäge mejbur bolandygyny aýtdy.
Russiýa tarapyndan basylyp alnan Herson oblastynda, Dnepr derýasynyň gündogar kenarynda ýerleşýän bu şäherde uruşdan öň takmynan 24 müň adam ýaşaýardy. Mejbury göçürilmelerden we ewakuasiýalardan soň, ilatyň diňe bir bölegi bu ýerde galypdy.
Bu aralykda, Ukraina rus güýçlerini wagtlaýyn arakesmeden peýdalanyp, sebitdäki harby pozisiýalaryny berkitmekde aýyplady.
“Ukraina üçin Amerikan Koalisiýasynyň” syýasat boýunça direktory Ýewgeniý Gonçarow Oleşkide ok atyşygy wagtlaýyn bes etmek baradaky ylalaşygyny Russiýanyň, eger islese, söweşde ýerli arakesmelere razy bolup biljekdiginiň subutnamasy hökmünde garşylaýandygyny, ýöne has uly öňegidişlige garaşmaly däldigini aýtdy.
“Biz uly zatlara garaşmaýarys” diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Russiýanyň urşy islendik wagt tamamlap biljekdigini, ýöne onuň ok atyşygy bes etmek boýunça çynlakaý tagallalara gatnaşmazlygy yzygiderli saýlap alandygyny hem öňe sürdi.
“Bu ýerde biziň ýatda saklamaly möhüm zadymyz, Russiýanyň bu urşy islendik wagt tamamlap biljekdigi, ýöne diňe bes etmezligi saýlaýandygydyr” diýip, ol belledi.
Parahatçylyk prosesine degişli seresaply umytlar
Hudson institutynyň uly ylmy işgäri we Donald Trampyň ilkinji dolandyryşy döwründe ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň öňki orunbasary Metýu Boýs Russiýanyň Ukrainadan uly ýeňillikleriň öwezine ýerlerde ok atyşygy wagtlaýyn bes etmek baradaky täze teklipleri hödürlemek arkaly başlangyjy ösdürmäge synanyşmagynyň mümkindigini aýtdy.
Uruşdan soňky howpsuzlyk çäreleri we dartgynlylygy azaltmak meseleleri geljekki gepleşiklerde gozgalyp bilner diýip, Boýs belledi. Şol bir wagtda, ol Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky pozisiýalardaky tapawutlaryň ylalaşyga gelmek üçin gaty uly bolmagynda galýandygyny aýtdy.
“Bu meseleleriň gün tertibinde bolmagy mümkin, ýöne taraplar bu meselede şeýle uzakda galdylar welin, häzirki wagtda olaryň arasyndaky tapawutlaryň nähili çözülip bilinjekdigini göz öňüne getirmek kyn” diýip, ol AÝ/AR-na aýtdy.
Ol Russiýanyň wagtyň öz tarapyndadygyna ynanýandygyny hem sözüne goşdy.
ABŞ-nyň Ukrainadaky öňki ilçisi William Teýlor Oleşki ylalaşygynyň başlangyç nokady bolup biljekdigini, ýöne islendik ähmiýetli öňegidişligiň Putiniň has giň gerimli ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyga razy bolmagyna bagly boljakdygyny aýtdy.
Teýlor ABŞ-nyň we Ukrainanyň ok atyşygy bes etmegi goldaýandygyny, ýöne Moskwanyň hem şeýle etmäge taýýardygynyň belli däldigini hem belledi. “Eger ruslar ok atyşygy bes etmäge razy bolsalar, bu uly öňegidişlik bolar” diýip, ol AÝ/AR-na beren interwýusynda aýtdy.
Teýlor söweşleri bes etmek barada syýasy ylalaşyga gelnensoň, harby bilermenleriň tehniki jikme-jiklikleri, şol sanda dronlary, gözegçilik uçarlaryny we sensorlary ulanyp gözegçilik mehanizmlerini, şeýle hem düzgün bozmalary çözmek üçin amallary işläp biljekdigini aýtdy.
“Bu aňsat” diýip, ol aýtdy. “Kyn tarapy, Putiniň ‘hawa’ diýip, ok atyşygy bes etmäge razy bolmagy bolar, bu öňegidişlik bolar” diýip, Teýlor sözüniň üstüne goşdy.
Seresaplylyk bilen garaşylýan bu ýagdaýyň fonunda parahatçylyk prosesini öňe ilerletmek üçin halkara tagallalary dowam edýär. Ýewropa Komissiýasy 4-nji noýabrda Brýusselde ABŞ-nyň, Ukrainanyň we Ýewropanyň wekillerini kabul etmegi meýilleşdirýär. Bu duşuşyga Bütindünýä Banky bilen birlikde Fransiýanyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň we NATO-nyň wekilleri hem gatnaşarlar.
Ukrainanyň Russiýanyň çozuşyna garşy goranyşyny goldaýan iň ýakyn ýaranlarynyň topary bolan “Islegliler koalisiýasynyň” ýene bir ýygnagynyň hem 19-njy noýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Bu aralykda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubionyň 9-10-njy noýabrda Fransiýanyň Marsel şäherinde geçiriljek “Ýedilik toparynyň” (G7) daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmagyna garaşylýar, bu duşuşykda Ukraina ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meseleleriň biri bolar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum