Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ady, göräýmäge, ‘Halkara howa Arkadag menziline’ üýtgedildi

Aşgabadyň Halkara howa menzili (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň häkimiýetleri Aşgabadyň Halkara howa menziliniň adyny, göräýmäge, resmi derejede öňünden yglan etmezden “Halkara howa Arkadag menziline” üýtgetdiler. Bu baradaky ilkinji maglumat 10-njy noýabrda resmi metbugatda peýda boldy.

Munuň netijesinde, ýurtda öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň lakamy bolan “Arkadag” atly desgalaryň sanawyna ýene biri goşulan ýaly bolup görünýär.

Habarçylarymyz ilat arasynda dürli garaýyşlaryň bardygyny, olaryň köpüsiniň “halkara derejesinde türkmen paýtagtynyň esasy ýüzi hasaplanýan” bu desganyň adynyň öňünden hiç hili maslahat edilmezden, göräýmäge, üýtgedilmegine nägilelik bildirýändigini aýdýar.

“Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasyna ugramak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa Arkadag menziline bardy” diýip, TDH G.Berdimuhamedowyň Türkiýä başlan iş sapary barada 10-njy noýabrda çap eden habarynda aýtdy.

TDH-nyň G.Berdimuhamedowyň Türkiýä başlan iş sapary barada 10-njy noýabrda çap eden habary

Şol güni “Altyn Asyr” döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginde hem, sapar barada görkezilen wideoreportažda paýtagtyň “Halkara howa Arkadag menzilinden” G.Berdimuhamedowy resmi adamlaryň ugradandygy habar berildi.

“Türkmenistan Altyn Asyr” neşiri bolsa, G.Berdimuhamedowyň Türkiýä iş saparynyň tamamlanmagy barada 11-nji noýabrda çap eden maglumatynda “paýtagtyň Halkara howa Arkadag menzilinde ony ýurduň resmi adamlarynyň garşylandygyny” habar berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri Aşgabadyň Halkara howa menziliniň adynyň “Halkara howa Arkadag menziline” üýtgedilýändigini, göräýmäge, resmi derejede öňünden hiç hili yglan etmediler.

Azatlyk TDH, “Türkmenistan Altyn Asyr” we beýleki resmi neşirlerde howa menziliniň adynyň üýtgedilendigi we munuň sebäpleri barada haýsydyr maglumat tapmady.

Bu barada Aşgabadyň Halkara howa menziliniň resmi web sahypasynda hem haýsydyr bildiriş göze ilmeýär. Hatda onda howa menziliniň logotipi we ady öňküligine saklanyp galýar.

Aşgabadyň Halkara howa menziliniň resmi web sahypasynda 12-nji noýabrda çap edilen habar

Ýöne howa menziliniň web sahypasynda G.Berdimuhamedowyň Türkiýä saparynyň tamamlanandygy barada 12-nji noýabrda çap edilen habarda hem, onuň Halkara howa “Arkadag” menziline barandygy aýdylýar.

Azatlyk bu barada resmi teswir almak üçin 13-nji noýabrda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgisine ençeme gezek jaň etdi. Ýöne redaksiýamyzyň eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Bellesek, 10-njy noýabrdan ozalky resmi habarlaryň ählisinde, şol sanda prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana iş sapary barada 5-nji noýabrda, şeýle-de türkmen lideriniň Daşoguz welaýatyna iş sapary barada 4-nji noýabrda çap edilen maglumatlarda hem desganyň ady “Aşgabadyň Halkara howa menzili” diýlip agzalýar.

Türkmen prezidentiniň kakasy, öňki prezident we Halk Maslahatynyň başlygy G.Berdimuhamedowyň “Arkadag” lakamynyň ýurtdaky iri desgalara we beýlekilere dakylmagy bilen bagly tejribe indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.

Degişli maglumat

Müňlerçe adam Arkadag şäherindäki Arkadag stadionynda “Arkadagyň” futbol oýnuna tomaşa etmäge mejbur edildi

Bularyň arasynda iň öňe saýlanýany, iri ilatly nokat, ýagny Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan täze “Arkadag” şäheridir. Aşgabadyň merkezinden 30 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän we 70 müň ilata niýetlenen şäher tas noldan guruldy.

Gurluşygy 5 milliard amerikan dollaryna barabar boljakdygy mälim edilen Arkadagyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda G. Berdimuhamedowyň doglan gününde boldy. Şeýle-de, Arkadag şäherinde “Arkadag” stadiony we “Arkadag” futbol topary hem bar.

Türkmenistanda G.Berdimuhamedowyň lakamyny göterýän desgalaryň sany barada takyk maglumatlar elýeterli bolmasa-da, ýurtda “Arkadag” myhmanhanasy, “Arkadag” seýilgähi, “Arkadag” gazeti w “Arkadag” teleýaýlymy bar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolýan ýerli synçylar we halkara bilermenler Türkmenistanda soňky ýyllarda has-da ýaýbaňlandyrylýan “Arkadag” propagandasyna “lideriň şahsyýet kultuny has-da ösdürmek tagallalary” hökmünde baha berip gelýärler.

Habarçylarymyz häzirki wagtda ilat arasynda dürli garaýyşlaryň bardygyny, olaryň köpüsiniň “halkara derejesinde türkmen paýtagtynyň esasy ýüzi hasaplanýan” bu desganyň adynyň ilat bilen öňünden hiç hili maslahat edilmezden ýa-da bildiriş yglan edilmezden, göräýmäge, üýtgedilmegine nägilelik bildirýändigini aýdýar.

Degişli maglumat

Aşgabatda azyk, egin-eşik, aýakgap ogurlygynda saklanýan aýallar ‘köpelýär’

“Bu adamlarda dürli soraglary, nägilelikleri döredýär. Öň Aşgabadyň halkara howa menzili öňki merhum prezident Saparmyrat Nyýazowyň lakamyny göterip, Saparmyrat Türkmenbaşy halkara aeroporty atlandyrylypdy, indem Halkara howa Arkadag menzili atlandyrylýar. Her lider kellesine gelenini edýär. Halkyň pikirini soraýan ýolbaşçylar ýok. Arkadag ölenden soň, onuň ady näme bolarka?” diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy kinaýaly sorag bilen sözüni jemleýär.

Bellesek, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem ýurtda resmi taýdan “Türkmenbaşy”, ýagny “türkmeniň başy” yglan edilipdi. Ýöne Berdimuhamedowyň 2006-njy ýylda döwlet başyna geçmegi bilen “Türkmenbaşynyň” şahsyýet kultunyň dabaralandyrylmagy ilki selçeňleşdi, soňra doly aradan aýryldy.

Şondan soň sähel salymyň içinde Berdimuhamedow “Arkadag” yglan edildi we ‘Türkmenbaşynyň’ şahsyýet kultuna derek, ‘Arkadagyň’ kulty öňe sürlüp başlandy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty 2022-nji ýylda prezident wezipesini ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirenden soň, has-da güýçlendi we onuň adyny göterýän ýerler köpelip başlady. Ol 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa, kanun taýdan “türkmen halkynyň milli lideri” yglan edildi.

Türkmenistany dünýäniň iň ýapyk we iň awtoritar režimleriniň biri dolandyrýar. Türkmen hökümeti adam hukuklaryny depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde tankyt edilýär. Bu aralykda, Türkmenistanyň raýatlary indi ençeme ýyl bäri barha ýitileşen agyr durmuş-ykdysady problemalardan ejir çekýär.

Degişli maglumat

Çeşmeler: Bloggerleriň ençemesine G.Berdimuhamedowyň doglan gününi gutlap, wideo çap etmek tabşyryldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.