Aşgabadyň orta bilim berýän mekdeplerinde täze okuw ýylynyň başlanmagyna birnäçe gün galanda, şu ýyl mekdebe ilkinji gezek barýan çagalaryň gatnaşmagynda mejbury taýýarlyk çäreleri geçirilip başlandy.
Bu çärelerde 6 ýaşly çagalar birnäçe sagatlap Günüň aşagynda durmaga mejbur edilýärler we olaryň arasynda saglygy ýaramazlaşyp, huşuny ýitirýänler hem köp bolýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmen paýtagtyndan maglumat berdi.
“Birinji synpa başlajak çagalar her gün irden sagat 9-da mekdepleriň howlusynda, Günüň astynda nyzama düzülip, deň ýöredilip, olara aýdylmaly goşgulary azyndan iki sagatlap gaýtaladylýar. Şeýle-de, birinji synpa geljek çagalara prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan paýlanjak ýönekeý noutbuklary dabaraly paýlanmak hereketleri gaýtalanyp, täze okuw ýylynyň ilkinji gününe taýýarlyk görülýär” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat
1-nji synpa ýazylýan okuwçy ýene azaldy, mugallymlar eklenjini alada edýärTürkmenistanda 1-nji sentýabrda ýurduň orta mekdeplerinde, şeýle-de ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) 2026-2027-nji täze okuw ýyly başlanýar. Bu senede ýurtda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem bellenilýär.
Geçen hepdäniň ilkinji günlerinden bäri bu senä görülýän taýýarlyklara 6 ýaşly çagalaryň tas ählisi gatnaşdyrylýar we bu çäreleriň käbirleri döwlet telewideniýesine reportažlary öňünden taýýarlap goýmak üçin wideo ýazgy hem edilýär.
“Resmileri çagalaryň saglygy gyzyklandrymady”
“Çagalara ‘prezidentiň peşgeş berýän bu noutbuklary üçin sagbolsun’ aýtdyrylyp, olaryň prezidente alkyş sözlerini aýdýan pursatlary häzirden döwlet telewideniýesine ýazgy edilip alyndy” diýip, paýtagtyň bilim işgärleriniň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Mugallymlaryň we ene-atalaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, birnäçe mekdepde geçirilen döwlet telewideniýesine ýazgy etmek çäresi, beýleki mekdeplerdäki taýýarlyklar bilen deňeşdirilende, has-da köp wagt dowam etdi.
“Yssy howada birnäçe sagatlap Günüň aşagynda duran çagalaryň arasynda kellesinden Gün urup, saglygy ýaramazlaşan we huşuny ýitiren çagalar köp boldy” diýip, paýtagtly ýene bir bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Söhbetdeşlerimiz ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan bu çärelere gözegçilik etmek üçin mekdeplere ugradylan bilim resmilerine “çagalaryň saglygynyň gyzykly bolmandygyny” aýdýarlar.
“Bilim resmileri saglygy ýaramazlaşan çagalaryň öýlerine goýberilmegine rugsat bermänsoň, mugallymlar mekdebiň tiz kömek toparyny ýygy-ýygydan çagyryp durmaly bolýarlar. Huşuny ýitirýän çagalar, lukmanlar tarapyndan özüne getirilip, çäre gutarýança saklanýar” diýip, paýtagtly mekdep mugallymy anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat
Mekdebe taýýarlyk 2 müň manada düşýär, gapyma-gapy aýlanyp, köne eşikleri soraýan eneler köpelýärAzatlykda bu wakalaryň paýtagtyň haýsy mekdeplerinde we haýsy günlerde bolandygy barada anyk maglumatlar bolsa-da, söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
ÝOJ-larda hem taýýarlyk çäreleri geçirilýär
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň Bilim müdirliginden teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 31-nji awgustda ýurduň Bilim ministrliginiň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanda käbir uly senelere ýa-da baýramçylyklara birnäçe gün, hepde ýa-da aý öňünden taýýarlyk görüp başlamak tejribesi onlarça ýyl bäri dowam edýär. Bu çärelere çagalar baglarynyň körpeleri, mekdep okuwçylary, ÝOJ-laryň talyplary we býujet işgärleri mejbur gatnaşdyrylýar. Käte aşa yssy ýa-da sowuk howada geçirilýän bu çärelerde saglygy ýaramazlaşyp, huşuny ýitirýänler, keselhana äkidilýänler hem köp bolýar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgap, ilat köpçüligine maglumat bermeýärler.
Bu aralykda, habarçymyz täze okuw ýylynyň ilkinji gününe görülýän taýýarlyklaryň diňe mekdepler bilen çäklenmän, şuňa meňzeş taýýarlyklaryň paýtagtyň ÝOJ-larynda hem geçirilip başlanandygyny aýdýar.
“1-nji sentýabrda Aşgabatda açylmaly Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň açylyş çäresine ähli institut we uniwersitetleriň talyplary gatnaşdyrylýar. Olar irdenden tä ölýäne çenli institutynyň howlusynda we instituta barýan ýoluň iki gyrasynda diri diwar hökmünde düzülip, dürli baýdakdyr şygarlary gygyryp aýtmaga mejbur edilýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.