Aşgabadyň dükanlarynda we köpgatly jaýlarynyň girelgelerinde ogurlyk hadysalary göz-görtele köpeldi. Polisiýa işgärleriniň birnäçesi ogurlykda saklanýanlaryň aglabasynyň Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarydygyny, hususan-da, gartaşan ýaşly zenanlardygyny aýdyp, olaryň açlyk, mätäçlik zerarly kanun bozýandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji noýabrda türkmen paýtagtyndan maglumat berdi.
“Soňky hepdelerde Ahalyň Bäherden, Kaka, Ak bugdaý ýaly etraplaryndan Aşgabada baryp, ogurlyk edýän, ýaşy 50-den geçen aýallaryň ogurlykda saklanmagy bilen bagly wakalar köpeldi. Käbir günlerde polisiýa bölümleriniň işgärleri saklanan zenanlary sorag edip ýetişenok” diýip, aşgabatly polisiýa işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Biri-birinden habarsyz polisiýa işgärleriň ikisiniň aýry-aýrylykda beren maglumatyna görä, bu zenanlar esasan azyk önümlerini we egin-eşikleri, aýakgaplary ogurlamakda saklanýar.
Degişli maglumat
'Gije-gündiz ogurlyk bolýar'. Maryda ogurlyk köpelýär“Olar dükanlardaky azygy, esasan miweleri, çöregi ogurlaýarlar. Şeýle-de köpgatly jaýlaryň girelgelerine aýlanyp, ýaşaýjylaryň gapysynyň daş ýüzünde goýan aýakgaplaryny, şypbyklaryny çöpleýärler. Şeýle-de, olar ýaşaýjylar podýezdlerde kir seren bolsa, ýagny serlen egin-eşikleri hem alýarlar” diýip, paýtagtly ýene bir polisiýa işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
“Gapylarynyň girelgelerinde gözegçilik kameralaryny goýdular”
Aýry-aýrylykda gürleşen paýtagtyň Köpetdag etrabynda ýerleşýän Parahat etrapçalarynyň käbir ýaşaýjylary hem bu maglumatlary tassyklap, girelgelerdäki aýakgaplaryň, egin-eşikleriň ogurlanmagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan bolýandygyny aýtdy.
“Käbir adamlar gapylarynyň girelgelerinde ýörite wideo gözegçilik kameralaryny hem goýdular. Ýöne şonda-da ogurlyk hadysalary barada polisiýa habar berýän ýaşaýjylar az” diýip, Parahat etrapçasynyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Polisiýadaky çeşmelerimiziň sözlerine görä, saklanan aýallar horluk, açlyk, mätäçlik çekýändiklerini zerarly bu bikanun işlere ýüz urmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.
“Meniň alty çagam we 13 sany agtygym bar. Çagalarym gara zähmet çekseler-de, agtyklarymyň aýagyna geýdirmäge aýakgaby, ýyly egin-eşigi ýok. Howa sowady. Olar ýarym ýalaňaç, ýarym aç durmuşda ýaşamasynlar diýip, ogurlyga baş goşmaly boldum” diýip, polisiýa işgäri saklanan bäherdenli aýalyň aýdan sözlerini sitirledi.
Çeşmelerimiz polisiýa işgärleriniň köpüsiniň aýallaryň “ejeleri ýaşlaryndadygyny” aýdyp, olara haýplarynyň gelýändigini we olaryň aglabasyny dilhaty ýazdyryp, goýberýändigini aýdýarlar.
“Olar dilhatynda indi gaýdyp azyk, egin-eşik, aýakgap ogurlamajakdyklaryny, polisiýa işgärleriniň özlerine hemme zady düşündirendiklerini ýazýarlar. Şeýle-de, indi gaýtalan halatynda, özlerine ýurduň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kanuny esasynda jeza çäreleriniň görüljekdigi hem duýdurylýar” diýip, polisiýa işgäri aýtdy.
Degişli maglumat
Aşgabatda dükanlardan 'azyk ogurlap tutulýan ýaşlar köpelýär'Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden, Köpetdag etrap polisiýasyndan teswir alyp bilmedi.
“Ogurlyk hadysalary we mätäçlik”
Türkmen häkimiýetleri hem bu ýagdaýlar barada gürrüň gozgamaýarlar. Türkmenistanda her ýyl näçe adamyň düzgün bozmalara, jenaýata baş goşýandygy ýa-da höküm edilýändigi anyk belli däl. Türkmen hökümeti düzgün bozmalar, jenaýatlar, saklananlar, aýyplananlar ýa-da çykarylan hökümler baradaky ýyllyk statistikany aç-açan çap etmeýär.
Berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem paýtagtyň dükanlarynda we köpgatly jaýlarynyň girelgelerinde köpelen ogurlyk hadysalary barada hiç bir habar bermeýär.
Ýöne Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary ýetginjekleriň toparlanyşyp ogurlyk, talaňçylyk etmegi, gijeki we gündizki, şeýle-de elektrik üpjünçiliginiň kesilen döwründäki ogurlyk wakalary, dükanlardaky azyk ogurlygy ýaly hadysalar barada ýygy-ýygydan habar berýärler.
Şu ýylyň sentýabrynda bolsa, Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz ownuk ogurlyk hadysalary bilen bir hatarda, mal ogurlygynyň köpelýändigini, Gyzylarbat, Magtymguly etraplarynda goýun-geçilerini sürüsi bilen ogurladan hojalyklaryň sanynyň artýandygyny habar berdiler.
Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bulary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we azyk gymmatçylygynyň arasynda, maşgalalardaky ýeter-ýetmezçilik we ilatyň gün-güzeranynyň dowamly ýaramazlaşmagy bilen baglanyşdyrýar.
Degişli maglumat
Mal ogurlygy 'köpelýär', ýaşaýjylar işsizligi, inflýasiýany 'aýyrmaly' diýýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.