Günbatar welaýatyň etraplarynda ownuk ogurlyk köpelýär, Balkandaky polisiýa 'ogurlanan mallary tapmaýar' diýip, çeşmeler habar berýär. Ýaşaýjylaryň käbiri gürelen ogurlyk hadysalarynyň 'Saparmyrat Nyýazowyň neşekeşlik döwri' diýilýändäki ogurlyklary ýatladýandygyny belleýär.
Geçen aýdan bäri Gyzylarbat, Magtymguly etraplarynda goýun-geçilerini sürüsi bilen ogurladan hojalyklaryň sany 10-dan geçdi diýip, Azatlygyň habarçysy birnäçe çeşmä salgylanyp habar berýär.
60-dan gowrak dowaryny ýitiren raýat 'dili gysga' edildi
“Men dag etegindäki Parow obasynyň ýokarky böleginde çekene bakýan çopanlara jemi 30 geçi, 33 sany goýun-guzy berip, jan başyna aýda 5 manatdan hak töläp, mallarymy meýdanda bakdyrýardym. 25-nji awgust güni maňa çopan goýun-geçileriň ogurlanan bolmagynyň ýa-da gije ýatagyndan çykyp, näbelli tarapa giden bolmagynyň mümkindigini habar berdi” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy habarçymyza aýtdy.
Mal eýesi we çopan bu ýagdaýy aýdyp, polisiýa ýüz tutýar. Emma polisiýa olaryň ýazmaça şikaýatyny kabul etmekden ýüz öwürýär.
“Bize ‘mallaryň ýiten gününden 3 sutka geçeninden soň habar beriň, biz diňe şondan soň jenaýat işini açarys’ diýip jogap berdiler. Biz üç gün geçeninden soň baryp, goýun-geçilerimizi tapmandygymyzy aýtdyk. Olar şondan soň jenaýat işini açyp, gözleg işlerine başladylar” diýip, mal eýesi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýiten mallar sebäpli başlanan gözleg, derňew işleri 20 gün bäri dowam edýär, emma hiç bir netije görünmeýär.
Mallary ýiten adamlaryň aýry-aýrylykda beren maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri döwlet edarasyna baryp, ‘goýunlar tapylmadymy?’ diýip soraýan raýatlar bilen ‘gödek gürleşýärler, geçirýän gözlegleri barada anyk hasabat bermän, olary ‘dili gysga etmäge’ çalyşýarlar.
“Öz netijesiz işleri barada gürrüň etmän, malyny sorap baran adamlary döwlete dogry-düzüw salgyt tölemezlikde, daýhan birleşikleriniň ýerlerini bikanun ulanmakda aýyplaýarlar. ‘Hökümet sanawynda hojalygyňdaky goýunlaryň sanyny 15 diýip görkezip, nalok tölemekden gaçdyň’ diýip, bizi dili gysga edip goýberdiler. Bu polisiýa ofiserleri ogrular bilen şärik bolmasa ýagşy” diýip, bir ýaşaýjy öz göwnüne giden gümany aýtdy.
Azatlyk bu hili gümanlar barada güýç gurluşlaryndan resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Ýaşaýjylar ogurlygyň köpelendigini tassyklaýar, ýöne...
Dürli ýaşdaky we işdäki ýaşaýjylaryň birnäçesi soňky hepdelerde obalarda goýun-geçi ýa-da towuk ogurlygy barada çykýan, eşidilýän habarlaryň köpelendigini tassyklady. Emma bu diýilýän 'köpelişiň' gerimini göz öňüne getirmek kyn.
Döwlet gözegçiligi astynda işleýän habar serişdeleriniň işgärleri bu hili ýagdaýlar barada žurnalist derňewlerini geçirip, ilata maglumat berip bilmeýärler.
Şu aralykda döwlet mallaryny bakýan çopanlaryň goşlarynda hem ogurlyk hadysalarynyň köpelýändigi, belki-de, adaty bir ýagdaýa öwrülýändigi habar berilýär.
“Hususan-da iri şahly mallar ogurlanýar, emma jenaýatçylar tapylmaýar” diýip, döwlet mallaryny bakýan çopanyň garyndaşy aýtdy we ogrularyň diňe meýdandaky mallary däl, gowaça meýdanlarynda ýyglyp goýlan pagtalary hem ogurlaýandygyny belledi.
“Diňe bir mal däl, meýdanlarda ýyglyp goýlan pagtalaryň ogurlanyp, başga bir kärendeçä satylmagy ýaly hadysalar aşa köpeldi. Geçen bazar güni Zaw obasynda bir daýhanyň 500 kg ak pagtasyny ogurlap gitdiler. Ogrularyň yzy tapylmady” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Synçylar bu ýagdaýy ýurtdaky ykdysady çökgünlik, ýetde-gütde ýasaýyş we ilat arasynda mätäçligiň artmagy, birnäçe günläp iýere zat tapmaýan adamlaryň hem bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Emma Azatlyk bu diýilýän ýagdaý barada açyk derňew geçirip, degişli hünärmenlerden resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Ýaşaýjylaryň käbiri häzirki ogurlyk köpelmesini, hususan-da ownuk ogurlyklary Nyýazow döwründe neşekeşligiň köpelen wagtynda dörän ýagdaý bilen deňeşdirýär.
“Et we durmuş gymmatlap, indi adamlar çörek we güzeran üçin ogurlyga baş goşmaga başladylar. Bu has erbet. Ozal kim neşekeş, derrew bilerdik we ýitgimizi tapardyk ýa-da geçip goýardyk. Häzir umumy halk açlygyna meňzeş ýagdaý, bu betbagtçylyk neşekeşlikden has erbet” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy öz pikirini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ‘ýoluny tapan daşary ýurda çykmagy başardy, galan adamlaryň gazanç mümkinçiligi gaty ýagdaýly’.
'Ogrulara-da, polisiýa-da haýpyň gelýär...'
Ýaşaýjylaryň biri pagta ýygyp, günlük gazanjagynyň 10 manat bolandygyny, bu pula ‘1 sany çörek hem satyn alyp bolmaýan derejede emeli inflýasiýanyň döredilendigini’ öňe sürdi.
“Hatda ogurlyk edýän adamlara-da rehimiň gelýär şu döwürde. Polisiýadaky işgärleriň hem işine bolan höwesi ýok, soň jenaýaty nädip anyklasynlar? Döwletiň berýän aýlygy olaryň-da güzeranyna ýetmeýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen bir ýaşuly hem ogrularyň, hem polisiýanyň ýagdaýyna gynanç bildirdi.
Gyzylarbat şäherinde ýaşaýan çeşme adamlaryň ýuwup, howlularynda seren eşikleriniň hem ogurlanýandygyny habar berdi.
“Welosipediň, tok öndürýän benzinli generatoryň bolsa, gaty berk goramaly. Satyp, pullanyp bolýan zat bolsa, ahmal bolsaň ogurlanýar. Işsizlik we inflýasiýa meseleleri çözülmese, bu ownuk ogurlyklar ulalyp, banklary talaýan ogrularyň peýda bolmagyna garaşybermeli” diýip, çeşme ýitileşýän jenaýatçylyk ýagdaýynyň hiç kim üçin syr däldigini öňe sürdi.
Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen ene-atalaryň biri orta mekdepleriň 11-nji we 12-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda ogurlyga baş goşýanlaryň köpelýändigini aýtdy.
“Döwlet 12 ýyllyk orta mekdep sistemasyny aýryp, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň aladasyny etse, ýa-da, Halk maslahatynda biderek zatlary etmän, ýokary okuw mümkinçiligini köpeltse gowy bolardy” diýip, balkanly ýaşaýjy öz pikirini aýtdy.
Şu aralykda gelip gowşan başga bir maglumata görä, sebit merkezi Balkanabatda süýthorlardan karz pul alyp, internetdäki humar oýunlaryna pul goýýan we bergä batyp, girewine goýan jaýlaryny ýitirýän we öýsüz galýan ýasaýjylar köpeldi. Azatlygyň habarçylary bu ýagdaýyň käbir jikme-jikliklerini öwrenmäge çalyşýarlar.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky işsizlik meselesini, manadyň hümmeti bilen bagly meseleleri resmi taýdan boýun almaýar, durmuş gymmatlamasy, güzeran kynçylyklary barada aýdylýanlara resmi düşündiriş bermeýär.
Azatlygyň Ahaldaky habarçysy awgust aýynyň ortasynda Aşgabatdaky dükanlardan 'azyk ogurlap tutulýan ýaşlaryň köpelýändigini' habar berdi.
Habarçylarymyz we çeşmeler ýurtdaky ogurlyk ýagdaýlary, olaryň mümkin bolan sebäpleri, ogurlykda tutulan adamlara görülýän çäreler we jemgyýetdäki jebislige, agzybirlige goşant goşmaýan beýleki ýagdaýlar barada yzygiderli habar berýärler. Emma türkmen häkimiýetleri bu habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum