Türkmenistanda häkimiýetler pile öndürmek möwsüminiň çägindäki oba hojalyk işlerine býujet işgärlerinden we mekdep okuwçylaryndan başga-da, indi Türkmenistanyň Ýaraglyk güýçleriniň hatarynda gulluk edýän käbir esgerleri hem çekip başladylar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk radiosynyň habarçysy 13-nji maýda paýtagt Aşgabatdan maglumat berdi.
“Bu ýyl Aşgabadyň köçelerinde we seýilgählerinde, tut agaçlarynyň bar ýerlerinde, esgerleriň elleri byçgyly tut agajynyň şahalaryny kesip ýören wagty köpeldi. Olaryň sany onlarça bolup, olar tut agaçlarynyň şahalaryny ulaglara ýükläp alyp gidýärler” diýip, bu ýagdaýlara günde şaýat bolýandygyny aýdýan aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu işleri amal edýän esgerleriň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, bu ýyl paýtagtyň harby bölümlerinde çagyryş boýunça harby gullugyny berjaý edýän esgerleriň üstüne hem ýüpek gurçugyna ideg edip, pile öndürmek talaby ýüklendi.
Degişli maglumat
Maryda mekdep okuwçylary ýüpek gurçugyny arassalamak işlerine köpçülikleýin çekilýär“Şol sebäpden ýüpek gurçugyny obasynda saklap gören esgerler gurçuklara gije-gündiz ideg edýärler. Biziň olar ýaly tejribämiz bolmany üçin, hemmämize şäheriň niresinde bolsa, tut agaçlaryň şahalaryny kesip, harby bölüme äkitmek tabşyryldy” diýip, paýtagtyň köçeleriniň birinde tut agajynyň şahalaryny kesýän esger anonimlik şertinde aýtdy.
"Haltalara gaplap goýýarys"
Bellesek, netijeli pile hasylyny öndürmek üçin ýüpek gurçuklary tut agaçlarynyň ýapraklary bilen yzygiderli iýmitlendirilýär.
“Harby bölümlerde tut ýapraklaryny çöpläp, haltalara gaplap goýýarys we gurçuga ideg edýän esgerler bolsa, ýapragy geregiçe alyp, gurçuklary iýmitlendirýärler” diýip, paýtagtyň köçelerindäki ýene bir esger anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli harby resmilerinden, şol sanda Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag we Büzmeýin etraplaryndaky harby wekilliklerden resmi teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda pile öndürmek bugdaý, gowaça, ýeralma we şugundyr önümçiliginde bolşy ýaly döwlet plan borçnamasy esasynda ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek köplenç kärendeçileriň boýnuna mejbury dakylýar. Käte-de ýüpek gurçuklary oňa ideg etmäge isleg bildirýän ýurt raýatlaryna hem paýlanýar.
Döwlet bilen kärendeçileriň, şeýle-de ýurt raýatlarynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, döwlet olary ýüpek gurçuklarynyň tohumlary bilen üpjün edýär. Pileçiler bolsa, öz hasyllaryny döwletiň kesgitlän satyn alyş nyrhyndan döwlet ammaryna tabşyrmaga borçly edilýärler.
Degişli maglumat
Býujet işgärleri ýene mejbury ýüpekçilige çekilýär, 'çykalga çäkli'"Duşman gelse, gurçuk bilen gaýtaryp biljekdä..."
Ýöne soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri döwletiň pagta, şugundyr we ýeralma önümçiliginde bolşy ýaly pile önümçiliginde hem mejbury zähmetden peýdalanýar. Ýüpek gurçuklaryna ideg edip, pile öndürmek çäresi býujet işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň, esgerleriň we käte bolsa, öňki tussaglaryň üstüne ýüklenýär.
Bu ýagdaýlar köp türkmenistanlyda nägilelik döredip, olar hökümetiniň býujet işgärleriniň işlemeginiň, okuwçylaryň okamagynyň, esgerleriň harby tälimleri geçmeginiň öňüni alýandygyny aýdýarlar.
“Raýatlaryň käbirleri, paýtagtyň köçelerinde tut agaçlarynyň şahalaryny kesýän esgerlere seredip, ‘duşman gelse, gurçuk bilen gaýtaryp biljekdä...’ diýip, içi ýananyň gülküsini edýärler. Adamlar özara gürrüňdeşliklerde bolýan bu ýagdaýlara güljegini ýa aglajagyny bilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, paýtagtly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmen hökümeti adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara toparlar tarapyndan oba hojalygy pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär.
Bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýan türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri şu ýyl Türkmenistan boýunça jemi 2 müň 100 tonna çig pile öndürmegiň göz öňünde tutulýandygyny yglan etdiler.
Degişli maglumat
Pile önümçiligi: Tut ýapragynyň gytçylygy onuň bahasynyň üç esse gymmatlamagyna getirdiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.