Aşgabatda Türkiýä syýahat etjek türkmenistanlylaryň wiza almak üçin resminama tabşyrýan ýeke-täk nokadynda, “Mosaic Visa” kompaniýasynyň wiza merkezinde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi. Merkezdäki raýatlaryň ençemesi özleriniň nobatlarynyň ýeten wagtynda kabul edilmeýändiklerini aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy noýabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Ilata türk wizasyny almak üçin tölegli hyzmatlary berýän merkeziň howlusynda resminamalaryny tabşyrmak üçin nobata durýanlaryň sany günsaýyn artýar. Şu gün bu ýerde paýtagtly we welaýatlardan gelen raýatlaryň ýüzlerçesini görse bolýar. Olaryň arasynda Türkiýä işçi wizasyny almak isleýänler bilen bir hatarda, okuw wizasyny almaga baran ýaşlar hem bar” diýip, merkezde nobata duran paýtagtly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde 9-njy noýabrda beren maglumatynda aýtdy.
Öňünden onlaýn görnüşde nobata ýazylan türkmenistanlylaryň ençemesi Aşgabatda howanyň temperaturasy gijelerine 3 we gündizlerine 10 gradusa çenli ýetýän şu günlerde özleriniň nobata bellenen sagadynda kabul edilmeýändiklerini, irdenden agşama çenli, azyndan 6-7 sagatlap garaşmaly bolýandyklaryny aýdýar.
Degişli maglumat
Aşgabatdaky türk wiza merkezinde ýene-de uly nobatlar döredi“Men özüm onlaýn nobata ýazylyp bilmändigim üçin, merkeziň kömek liniýasyna jaň edip, olara bu hyzmat üçin goşmaça pul töläp, iki ýarym aý öňünden onlaýn görnüşde irden sagat 10-a nobata ýazyldym. Ýöne resminamalarymy giçlik 16:00 töwereginde kabul etdiler. Olar aralykda onlarça, belkem ýüzlerçe adam resminamalaryny tabşyrdy” diýip, merkezde nobata duran balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
“Adam kän...”
Nobata bellenen sagadyndan giç kabul edilýän ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, olar merkeziň resmilerinden özüniň irdene nobata ýazylandygyna garamazdan, näme sebäpden giçlik kabul edilendikleri barada düşündiriş almaga synanyşypdyrlar.
Ýöne resmiler “adam kän” diýip, goşmaça jogap bermekden ýüz öwrüpdirler.
Merkeziň resmi web sahypasynda raýatlaryň ähli wiza ýüzlenmeleriniň diňe öňünden nobat almak arkaly kabul edilýändigi aýdylýar. Şeýle-de, onda raýatlara zerur bolan halatynda kömek almak hem maslahat berilýär.
“Eger onlaýn nobat almakda kynçylyk çekseňiz, biziň wiza amaly merkezimiziň kömek liniýasyna jaň ediň ýa-da degişli maglumatlar bilen şol ofise elektron poçta arkaly ýüz tutuň” diýlip, merkeziň web sahypasynda aýdylýar, ýöne munuň üçin goşmaça töleg alynýandygy ýa-da alynmaýandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.
Aşgabatdaky “Mosaic Visa” kompaniýasynyň wiza merkezinde nobatynyň ýetmegine garaşýan raýatlar
Şeýle-de, web sahypanyň wiza ýüzlenmesine nobat almak bölüminde öňümizdäki günleriň her birinde 500-e golaý adamyň ýüz tutmasyny kabul etmäge ýeriň bardygy görkezilýär.
“21 penjireden diňe dört sanysy işleýär”
Şol bir wagtda, söhbetdeşlerimiz uly nobatlaryň sebäpleriniň biriniň hut şu mesele bilen ilteşiklidigini, ýagny bir güne merkeziň mümkinçiliginden aşa köp adamyň nobata alynmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
“Gelen ýüzlerçe adamyň aglabasyna şol gün üçin nobat berlipdir. Ýöne merkeziň resmileri bu adamlary öz wagtynda kabul edip ýetişenok. Şeýle-de, merkezde resminamalary kabul etmek üçin göz öňünde tutulan 21 sany penjireden diňe dört sanysy işleýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Mosaic Visa” kompaniýasynyň Aşgabatdaky wiza merkezi bilen telefon arkaly habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 9-njy noýabrda merkeze eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Degişli maglumat
Aşgabatdaky türk wiza merkeziniň daşynda 200-e golaý adam protest geçirdiBu aralykda, merkezdäki türkmenistanlylaryň we ýerli synçylaryň ençemesi uly nobatlaryň ýene bir sebäbini “ýurtda ykdysady ýagdaýyň agyrlaşmagynyň, azyk gymmatçylygynyň” arasynda, daşary ýurtlara gitmek isleýänleriň nobatdaky gezek göz-görtele köpelmegi bilen düşündirýär.
“Adamlar eklenç gözleginde çar tarapa urunýarlar”
“Adamlar gowy durmuş gözleginde, eklenç gözleginde çar tarapa urunýarlar. Türkmenistanda ýagdaýyň agyrlaşmagy, köp adamyň ýurdy hemişelik terk etmegine getirýär. Men hem şolaryň biri. Işläýin diýsem, indi iki ýyla golaý wagt bäri durnukly iş ýok. Günlükçi bolup, dürli işde işläp, diňe iýere çörek puly tapdym. Indi daşary ýurtlarda iş gözlemesem, alajym ýok” diýip, merkezde nobata duran orta ýaşlaryndaky maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda soňky 10 ýylda bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we azyk gymmatçylygynyň arasynda, türkmen raýatlarynyň müňlerçesi gazanç ýa-da has gowy durmuş gözleginde daşary ýurtlara gidýär. Türkiýe, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlar türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň başynda gelýär.
Türkmen häkimiýetleri ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şeýle-de türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara işlemäge ýa-da göçüp gitmegi barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Şeýle-de, türkmen hökümeti daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylaryň sany baradaky statistikany hem aç-açan äşgär etmeýär. Türkmen metbugaty hem bu barada aç-açan gürrüň gozgap, maglumat bermeýär.
Degişli maglumat
Türkmenbaşyda dilegçilere garşy reýd geçirilýär, pensiýa, kömek pullary gijikdirilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.