Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda 'arzan et' bazara çykaryldy, Ahalda at eti satylýar

Türkmenistanda ilat köpçüliginiň azyk üpjünçiligine degişli mesele agyrlygyna galýar. Bahalaryň ýokarlanmagy köp maşgalalaryň iýmitlenmek mümkinçiligine täsir ýetirýär, hususan-da käbir maşgalalar et önümlerini bazar bahasyndan satyn alyp bilmeýär. Bu ýagdaýda wagtal-wagtal satuwda peýda bolýan arzanladylan etiň, hiline garamazdan, hyrydary köp bolýar.

Paýtagtyň bazarlarynda doňdurylan et satuwa çykaryldy, her adam başyna iki kilogramdan köp satylmaýan hem bolsa, bu et hemmä ýetmeýär. Iki sagadyň dowamynda satylyp gutarýan harydy alyp ýetişmek isleýän alyjylar daňdan baryp, nobata düzülýär. Bu barada Azatlygyň habarçysy 30-njy oktýabrda paýtagtdan habar berdi.

"Eti ir sagat 8-den 9-za çenli satyp gutarýarlar, adamlar altyda baryp, nobata durýarlar" diýip, habarçy aýdýar. Ol bu et söwdasynyň näçe günläp dowam etjegi barada aýdylmaýandygyny we munuň alyjylary has hem aljyradýandygyny belleýär.

Bu etiň hili, nireden getirilendigi we hatda nämäniň etidigi barada alyjylara maglumat berilmese-de, hyrydarynyň köp bolmagy onuň bahasy bilen bagly. Bu etiň bir kilogramy 35 manada, ýagny bazarda etiň täjirçilik nyrhyndan esli arzan. Sygyr etiniň täjirçilik bahasy ýurtda 200 manada golaý bahalanýar.

Arzanladylan et önümleri döwlet dükanlarynda satylýar, emma adatça hili pes önümleriň bahasyna täsir ýetirýän dürli düzgünler hem goşulýar. Şu aýyň başynda Aşgabadyň dükanlarynda satylan towuk etiniň hili alyjylarda nägilelik döreden bolsa, geçen aýda Balkan welaýatynda arzanlandyrylan towuk eti satylanda alyjylardan onuň ýany bilen rezin şypbyk satyn almak talap edildi.

Söwda nokatlarynda arzan etiň gytçylygynyň arasynda eşek etiniň, it etiniň satylýandygy barada habar berilýär. Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, at eti hem satylýar.

Atlaryň et önümçiligi üçin ulanylmagy kanunda gadagan edilýär

Ahal welaýatynda bolan bir birinden habarsyz birnäçe çeşmäniň maglumatlaryna görä, sebitiň dürli ýerlerinde ýaplarda, zeýkeşlerde we potrat meýdanlarynda atlaryň kellesi, derisi, içegesi, toýnaklary ýaly bölekleri ýygy-ýygydan tapylýar. Şol bir wagtda-da, kafe-restoranlarda at etiniň ulanylmagynyň seýrek däldigini çeşmeler gürrüň berýärler.

"Etiň gymmatlan wagtynda arzan nyrhdan satylýan at etine hyrydar kän. Et satýanlar at etini kafe-restoranlara, et dükanlaryna, somsa-börek bişirýän çaýhanalara, toý hyzmatlaryny taýýarlaýanlara satýarlar" diýip, ýerli söwda edarasyndaky çeşme aýtdy.

Bu aralykda, Türkmenistanda at etiniň söwdasyndan habarly iki çeşmäniň howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde Azatlyga gürrüň bermegine görä, et üçin satyn alynýan diri atyň bahasy onuň saglyk ýagdaýyna görä 200-2000 manat aralygynda bahalanýar, bu tohum aty bolman, garry, ýa-da münmäge ýaramaýan atlar bolýar.

Türkmenistanda atlary et önümlerini öndürmek üçin ulanmak kanun taýdan gadagan edilýär. Bu gadagançylyk "Atçylyk we atly sport hakyndaky kanunyň" 27-nji maddasynda görkezilýär, emma munuň jogapkärçiligi hakynda anyk maglumat berilmeýär. 2015-nji ýylda kabul edilip, 2023-nji ýylda üýtgetmeler girizilen bu kanunda at etini öndürmek gadagançylygy baradaky kanunda at etini iýmek we satmak barada gadagançylyk görkezilmändir.

Mundan öň eşek we it etiniň söwdasy bilen bagly ýagdaýlaryň birnäçesi ýüze çykypdy.

Awgust aýynda Maryda satuwa çykarylan arzan etiň “eşek etidigi” aýdylyp, şonda sekiz adam saklanandygy habar berildi. Habarçymyzyň şol maglumatyna görä, Mary şäheriniň "Lälezar" we "Gök" bazarlaryndaky et dükanlarynda arzan bahadan et satuwa çykarylyp, bazarlarda adaty göle etiniň bir kilogramy 160 manat bahalanýan mahaly, bu et 80 manatdan satylyp, onuň hyrydary köp bolupdyr. Marynyň söwda pudagyndaky ygtybarly çeşmeler “sygyr eti diýlip satuwa çykarylan şol etiň eşek etidiginiň anyklanandygyny” habar berdiler.

Maşgalasyny naharlamak aladasy raýatlary dürli ýagdaýlara sezewar edýär. Geçen hepde türkmenabatly ene çagalaryna et iýdirmek üçin it etini satyn alandygyny Azatlyga gürrüň berdi. Zenan etiň aşa gymmatlamagynyň maşgalasynyň azyk üpjünçiligine agram salandygyny we çagalaryny iýmitlendirmegiň hakyky kynçylyga öwrülendigini, bir kilogramy 60 manatdan satylýan it etiniň doňuz we towuk etinden hem arzan düşýändigini aýtdy.

"Men çagalaryma et bermek üçin it etini aldym. Näme edeýin? Elbetde, etiň özboluşly ysy bar, özi hem gaty" diýip, 30 ýaşlaryndaky zenan Azatlygyň habarçysyna 22-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy at, eşek we it etiniň söwdasyna degişli habarçylaryň we çeşmeleriň beren maglumatlaryny türkmen häkimiýetleri, şol sanda söwda resmileri tarapyndan tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG