Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdaky türk wiza merkezinde ýene-de uly nobatlar döredi

Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalarynyň biriniň öňünde wiza almak üçin nobatynyň ýetmegine garaşýan raýatlar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalarynyň biriniň öňünde wiza almak üçin nobatynyň ýetmegine garaşýan raýatlar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Aşgabatda Türkiýä syýahat etjek türkmenistanlylaryň wiza almak üçin resminama tabşyrýan ýeke-täk nokadynda, “Mosaic Visa” kompaniýasynyň wiza merkezinde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi.

Merkezdäki türkmenistanlylaryň, şeýle-de ýerli synçylaryň ençemesi muňa daşary ýurtlara gitmek isleýänleriň nobatdaky gezek köpelmeginiň we resminama kabul edýän penjireleriň aglabasynyň işlemezliginiň sebäp bolýandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.

“Şu günler ýurduň bäş welaýatyndan her günde 100-den gowrak adam Türkiýä işçi wizasyny almak üçin Aşgabadyň K.Kulyýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän wiza merkezinde nobata durýar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýagdaýlardan habarly türkmenistanlylaryň, şol sanda ýerli synçylaryň birnäçesi nobatlaryň 27-nji sentýabrda bellenen Garaşsyzlyk baýramyndan we 23-nji sentýabrda geçirilen Halk maslahatyndan soň ulalyp başlandygyny aýdýar.

“Ykdysady we syýasy özgerişleriň bolmajagyna...”

“Halk maslahatyndan öň hem nobatlar az däldi, ýöne maslahatdan soň ýurdy terk etjek bolýanlaryň sany has-da artdy. Muňa maslahatda ilatyň kynçylyklarynyň, şol sanda işsizligiň, aýlyklaryň azlygynyň we azyk gymmatçylygynyň gozgalmazlygy sebäp boldy” diýip, merkezde nobata duran balkanly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýaşaýjylaryň ençemesi bu senelerden soň, köp adamyň ýurtda ykdysady we syýasy özgerişleriň bolmajagyna doly göz ýetirendigini aýdyp, daşary ýurtlara, hatda köpleriň maşgala bolup göçüp gitmäge synanyşýandygyny belleýär.

“Adamlar Türkmenistanyň ilatynyň girdejisiniň nukdaý nazaryndan köp çykdajy çykaryp, ýurdy terk etjek bolýarlar. Işçi wizasyny almak üçin 2500-4000 ABŞ dollary aralygynda bolýar. Welaýatdan gelen adamlar irdenden agşama çenli nobata durýarlar” diýip, lebaply ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Söhbetdeşlerimiz adamlaryň uly nobatlarynyň döremeginiň ýene bir sebäbini merkezde resminamalary kabul etmek üçin göz öňünde tutulan 21 sany penjireden diňe dört sanysynyň işleýändigi bilen hem düşündirýärler.

“Raýatlaryň ýurdy terk etmeginiň öňüni almak...”

“Bu bolsa daşary ýurtlara gitmek isleýänleri kanagatlandyrmaýar. Adamlaryň köpüsi 21 penjireden diňe dört sanysynyň resminamalary kabul etmegini häkimiýetleriň raýatlaryň ýurdy terk etmeginiň öňüni almak üçin nobatdaky tagallasy hökmünde görýärler. Adamlar ‘ýurdy terk etmek isleýänlere emeli päsgelçilik döretmek, penjireleri ýapyk saklamak barada hökümet tarapyndan dilden görkezme berlendir’ diýip, özaralarynda aýdyşýarlar” diýip, merkezdäki balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen barada “Mosaic Visa” kompaniýasynyň Aşgabatdaky wiza merkezi bilen telefon arkaly habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 2-nji oktýabrda merkeze eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi. Merkeziň resmi web sahypasynda hem penjireleriň aglabasynyň işlemezliginiň sebäbi barada haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.

Türkmenistanda soňky 10 ýylda has hem güýçlenýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we azyk gymmatçylygynyň arasynda, türkmenistanlylaryň müňlerçesi gazanç ýa-da has gowy durmuş gözleginde daşary ýurtlara gidýär.

Türkiýe, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlar türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň başynda gelýär. Bu barada Azatlygyň habarçylary yzygiderli maglumat berip gelýärler.

Uçara goýberilmezligi...

Türkmen häkimiýetleri ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şeýle-de türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara işlemäge ýa-da göçüp gitmegi barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.

Şeýle-de, türkmen hökümeti daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylaryň sany baradaky statistikany hem aç-açan äşgär etmeýär. Azatlygyň bu baradaky ýüzlenmelerini hem jogapsyz goýýarlar. Türkmen metbugaty hem bu barada aç-açan gürrüň gozgap, maglumat bermeýär.

Bu habarlaryň arasynda, Aşgabadyň aeroportundaky türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlara okamaga ýa-da işlemäge barýan türkmenistanlylary uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalar hem wagtal-wagtal gaýtalanýar.

Şeýle wakalar barada habarçylarymyz soňky gezek 20-nji awgustda maglumat berdiler. Şonda türkmenistanlylaryň ençemesi diňe “bolanok” diýlen düşündiriş bilen çäklenýän bu çäreleri “häkimiýetleriň öz jübülerini doldurmak we raýatlaryň daşary ýurtlara akymynyň öňüni almak tagallalary” atlandyrýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG