Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda studentlere liftden we sport enjamlaryndan peýdalanmaga rugsat berilmeýär. Beýik köpgatly binalarda ýerleşýän birnäçe ýokary okuw jaýynda bilim alýan ýaşlar bu gadagançylyk we onuň özlerine ýetirýän täsiri barada gürrüň berdiler.
Türkmen döwlet maliýe institutynda şeýle-de Halkara nebit-gaz uniwersitetinde okaýan studentleriň birnäçesi beýik köpgatly binalarda ýerleşýän bu okuw jaýlarynda bilim alýanlara ýokary-aşak galyp, düşmek üçin niýetlenen liftlerden peýdalanmagyň gadagan edilýändigi gürrüň berdi.
Paýtagtly studentler okuw jaýlarynyň täze köpgatly binalarda ýerleşýändigini belläp, liftsiz uly oňaýsyzlyk duýýandygyny aýdýarlar.
"Studentleriň bir dersi dokuzynjy gatda geçirilýän bolsa, ikinji dersi birinji, ikinji ýa-da başga bir gatda okadylýar. Emma lift enjamyndan ulanmagyň talyplara rowa görülmeýänligi sebäpli, talyplar ýöräp galyp, ýöräp düşmeli bolýarlar" diýip, studentleriň biri aýtdy.
Degişli maglumat
Türkmen studentlerinden öýlerine uçarda, otluda ýa-da awtobusda gitmek talap edilýärAzatlygyň Aşgabatdaky habarçysy bu çäklendirmäniň sebäbini anyklamaga synanyşdy. Onuň sözlerine görä, ýokary okuw jaýlarynyň administrasiýasy muny "talyplaryň howpsuzlygy bilen" düşündiripdir.
"Lifti talyplaryň özleriniň ulanmaklarynyň howpludygyny göz öňünde tutup we liftlere gözegçilik edýän lift gozegçisi wezipesiniň ştat birliginde göz öňünde tutulmandygy sebäpli liftler işledilmeýär" diýip, habarçymyz uniwersitetiň işgärini sitirledi.
Gurlan liftleriň ulanylmazlygy bilen bagly ýagdaý şäheriň beýleki jemgyýetçilik ýerlerine hem degişli. Hususan-da, paýtagtyň ýollarynda gurlan ýerasty geçelgelerde oturdylan goşmaça liftler köplenç işledilmeýär. Köpgatly ýaşaýyş jaýlaryndaky liftleriň hem ençemesi işlemeýär.
Paýtagtyň agzalan iki ÝOJ-nda studentlere degişli çäklendirmeler diňe lift enjamy bilen çäklenmeýär.
Sport zallaryndaky gurallaryň arasynda beden türgenleşdirmek üçin niýetlenen maşk enjamlaryny ulanmak hem gadagan edilýär. Ýokary okuw jaýlaryň işgärleri muny sport gurallaryny aýap saklamak maksady bilen düşündirdiler.
"Bilim ministrliginden we beýleki gözegçi edaralardan gelýän barlagçylar maşk enjamlarynyň hemişe täze ýagdaýda saklanmagyny bizden talap edýärler, emma ýüzläp talyplar her gün ulanan halatynda, bu enjamlar tiz hatardan çykýar. Hatardan çykýan enjamlary dikeltmäge uniwersitetiň ýa-da institutyň maddy ýagdaýy ýok" diýip, bilim işgäri aýtdy.
Bilim ministrliginde işleýän çeşme habarçymyz bilen söhbetdeşlikde bu ýagdaýyň ýokary okuw jaýlarynda giň ýaýrandygyny belläp, sport gurallarynyň ulanyş möhletiniň bardygyny we ol dolansoň gurallaryň çalşylýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, köne sport gurallaryny soňra işgärler alyp bilýär. "Şol sport gurallary aýap saklamagyň we studentlere ulanmaga rugsat berilmezliginiň sebäbi şunuň bilen bagly bolmagy mümkin", diýip, bilim işgäri sözüne goşdy.
Degişli maglumat
Türkmenistanda studentlere mobil telefonlary, Interneti ulanmak gadagan edildiAzatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan bilim işgärleri we studentler bu ýagdaý barada anonimlik şertinde gürrüň berdiler. Azatlygyň Türkmen döwlet maliýe institutyndan we Nebit-gaz uniwersitetiniň wekillerinden resmi görnüşde teswir almak synanyşygy oňyn netije bermedi. Resmi habarlarda bu ýokary okuw jaýlarynyň döwrebap enjamlaşdyrylandygy aýdylýar.
Resmi habarlara görä, Türkmenistanda okuw jaýlary sport gurallary bilen enjamlaşdyrylýar, täze sport desgalary yzygiderli gurulýar. Emma bularyň ençemesi boş durýar, ulanmaga rugsat berilmeýär. Desgalaryň ulanylmaýandygy ozalky ýyllarda hatda resmi taýdan hem boýun alnypdy.
Degişli maglumat
Studentleriň okuwdan boş wagtyny geçirişine, başy tahýaly bolmagyna gözegçilik edilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.