At çapyşyk möwsüminiň başlanmagy bilen, talyplar we býujetçiler dynç günlerinden mahrum edilýär

Aşgabatda geçirilen at çapyşyklaryň birine gatnaşýan býujet işgärleri we talyplar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda güýzki at çapyşyk möwsümine badalga berilmegi bilen, paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) talyplary we býujet işgärleri üçin mejbury çäreleriň nobatdakysy hem başlandy.

Bu gezek olar özleriniň ýeke-täk dynç günlerinde paýtagtyň atçylyk sport toplumynda geçirilýän çärelere “tomaşaçy” hökmünde gatnaşdyrylýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Sentýabryň başyndan bäri her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri Aşgabadyň atçylyk toplumynda at çapyşyk gurnalýar. Bu at çapyşyklara talyplaryň we býujet işgärleriniň müňlerçesi tomaşaçy hökmünde gatnaşmaga mejbur edilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Paýtagtyň dürli ÝOJ-larynda okaýan talyplaryň ençemesiniň aýry-aýrylykda beren maglumatyna görä, olar özleriniň sport egin-eşiklerini geýip, irden sagat 6-da özlerine degişli ýokary okuw jaýynyň umumy ýaşaýyş jaýynyň öňünde üýşýärler.

Degişli maglumat

Arkadagdaky atçylyk dabaralary güzeran kynçylyklarynyň arasynda nägilelik döredýär

"Hajathanalarda suw akmaýar, hajathana kagyzy ýok"

Bu ýerden olar ÝOJ-yň ýolbaşçylary tarapyndan ýolagçy gatnadýan awtobus kärhanasyna töleg geçirilip, sargyt edilen awtobuslarda atçylyk sport toplumyna alnyp gidilýärler.

“Talyplar bu ýerde öýläne çenli tä at çapyşygyň 10 aýlawy gutarýança, ýagny 12:30-a çenli tomaşaçy hökmünde oturmaly bolýar. Şondan soň olar ýene şol awtobuslarda umumy ýaşaýyş jaýyna alnyp gidilýär” diýip, aşgabatly talyp anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň ençemesi özleriniň hem şu tertipde çärelere gatnaşdyrylýandygyny we munuň özleri üçin nobatdaky “çäre görgüsinden başga zat däldigini” aýdýar.

“Her aýlawdan soň 20 minut arakesme bolýar. Býujetçiler şonda 5 minut wagt bilen hajathana goýberilýär. Ýöne hajathanalarda suw akmaýar. Adamlar ýiti ysly, aňkaýan hajathanada tebigy zerurlygyny berjaý etmeli bolýarlar. Hajathana kagyzy hem ýok” diýip, aşgabatly býujet işgäri aýtdy.

"Ýedi sagat hajathanasyz oňşuk etmeli"

Talyplar bolsa, ýedi sagat dowam edýän çäreleriň dowamynda özleriniň hajathana zerurlyklaryny berjaý etmeklerine asla rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.

“Talyplary atçylyk toplumynyň içindäki hajathanalara hem goýbermeýärler. Şol sebäpli olar oňşup, gaýdyp gelýänçä çydam etmeli bolýarlar. Köp talyp eýýäm hajathana goýberilmejekdiklerini çaklap, birnäçe sagat öňünden suw içmegi we azyk iýmegi bes edýär” diýip, aşgabatly ýene bir talyp anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim ministrliginden we müdirliginden teswir alyp alyp bilmedi. Redaksiýamyzyň 21-nji sentýabrda bu edaralaryň web sahypalaryndan görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda geçirilýän at çapyşyk möwsümlerinde geçirilýän çärelere talyplary we býujet işgärlerini mejbury gatnaşdyrmak tejribesi ýyllarboýy dowam edýär.

"Hepdede bir gün hem dynç alyp bilmeýäris"

Häkimiýetler we resmi metbugat mejbury tomaşaçylar we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada kelam agyz söz aýtmaýarlar. Şol bir wagtda, olar at çapyşyklaryň baş maksadynyň “atçylygy wagyz etmek, ahalteke bedewlerini gorap saklamak we ýaşlary atçylyk sportuna çekmek bolup durýandygyny” tekrarlaýarlar.

Degişli maglumat

Pagtaçylykdaky mejbury zähmet jemgyýetçilik ulaglary hyzmatyna 'zarba urýar'

Ýöne býujet işgärleri we talyplar möwsümiň azyndan iki aý dowam edýändigini we bu döwürde özleriniň ýeke-täk dynç güni bolan ýekşenbe günlerinden mahrum edilýändiklerini aýdyp gelýärler.

“Biz hepdede bir gün hem dynç alyp bilmeýäris. Bu býujet işgärlerinde ýa-da talyplarda atçylyk sportuna gyzyklanma döretmegiň deregine gaýtam ýigrenç, gahar-gazap döredýär” diýip, aşgabatly talyp aýtdy.

Bu ýylky güýzki at çapyşyk möwsümi, Niderlandlarda geçirilen ahalteke atlarynyň bäsleşiginiň yz ýanynda Arkadag şäherinde guralan dabaralaryň, ilatyň güzeran kynçylyklarynyň arasynda, käbir ýaşaýjylarda nägilelik döredýän mahalyna gabat geldi.

"Bilim resmileriniň oýlap tapan usuly..."

Bu aralykda, aşgabatly talyplar özleriniň, geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem sentýabr aýynyň başynda täze sport egin-eşiklerini satyn almaga mejbur edilendiklerini hem aýdýarlar.

Ýöne olar bu gezek hem onuň diňe reňkiniň ýa-da ýazgysynyň geçen ýyldakysyndan tapawutlanýandygyny, galan zatlarynyň öňküsi ýalydygyny aýdýarlar.

“Bu bilim resmileriniň sport formalarynyň köp ýyllap geýilmeginiň öňüni almak üçin oýlap tapan bir usulydyr. Ýagny olar ÝOJ-y gutarýan talyplaryň sport formalaryny birinji kursa okuwa başlan talyplara geçirmegini ortadan aýyrmak üçin talyplary her täze okuw möwsüminiň başynda täze sport eşigini satyn almaga mejbur edýärler” aşgabatly ýene bir talyp anonimlik şertinde aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.