Niderlandlardaky ahal-teke atlarynyň bäsleşiginiň yzysüre Arkadag şäherinde guralan dabaralar käbir ýaşaýjylaryň nägileligi bilen utgaşýar. Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, olar ýurtdaky ykdysady meseleleriň, azyk ýetmezçiliginiň arasynda gymmat bahaly sowgatlaryň paýlanmagyny we baýramçylyk çäreleriniň dowam etdirilmegini ilatyň güzeran kynçylyklary bilen deňeşdirýärler. Habarçy talyplaryň we býujet işgärleriniň çärelere mejbury çekilýändigini hem aýdýar.
12-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ahalteke atçylygyna bagyşlanan halkara mejlis, soňra bolsa “Arkadag” binasynyň öňünde konsert geçirildi. Türkmen mediasy bu dabarany şondan birnäçe gün öň Niderlandlarda geçirilen atçylyk we gözellik bäsleşikleriniň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara hökmünde häsiýetlendirdi.
Döwlet metbugatynyň wideo şekillerinde konsertde dürli ir-iýmişler we naharlar bilen bezelen onlarça stoluň başynda oturan ýüzlerçe adamyň çapak çalyp, tans edýän we konserte tomaşa edýän pursatlaryny görse bolýar. Şeýle-de, onda medeniýet işgäriniň ýüzlerçesiniň çykyş edendigi, atlaryň ençemesiniň sahna çykarylandygy, agşam feýerwerkleriň onlarçasynyň partladylandygy görünýär.
Döwletiň berk gözegçiligindäki media konserte prezident Serdar Berdimuhamedowyň maşgala agzalary bilen gatnaşandygyny habar berdi. Resmi reportažda prezidentiň ýany bilen iki sany ýaş gyzyň we bir oglanyň ýöräp baýrandygyny görkezildi, emma olar tanyşdyrylmady.
Soňky dabaralar bilen bagly dürli pudakdaky we ýaşdaky raýatlardan pikirini soran habarçymyzyň sözlerine görä, käbir ýaşaýjylar ýurt ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky dabaralaryň yzygiderli geçirilmegini öz maşgalalarynyň gündelik zerurlyklaryny üpjün etmekde çekýän kynçylyklary bilen deňeşdirip tankytlaýar. Olar çaga we maýyplyk boýunça döwlet kömek pullaryna bil baglaýan adamlaryň ýagdaýyna hem ünsi çekýärler.
Habarçy ýaşaýjylaryň arasyndaky nägileligiň gymmat bahaly sowgatlara we dabaralara orun berilýän mahaly ilatyň durmuş meselelerine ýeterlik üns berilmeýändigi baradaky garaýyş bilen baglydygyny aýdýar.
“G.Berdimuhamedow döwlet býujetiniň hasabyna Niderlandalarda şadyhorramlyk we jomartlyk görkezip, ýurda dolanandan soň, Berdimuhamedowlar maşgalasynyň elpe-şelpeligi, halkyň puluny bisarpa harçlamagy Arkadag şäherinde dowam etdi. Adamlar işsizlik, gymmatçylyk zerarly gazanç üçin daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolýar. Bular daşary ýurtda bolan bir dabarany ýurtda gaýtadan ençeme gezek dabaralandyryp, giden pul sarp edýärler. Biz bolsa, gymmatçylyk zerarly et iýmek beýle-de dursun, aýdan-aýa zordan gün görýäris” diýip, ahally bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Niderlandlarda berlen sowgatlar
Arkadagdaky çärelerden öň Gurbanguly Berdimuhamedow 4-6-njy sentýabr aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde geçirilen atçylyk bäsleşigine gatnaşypdy. Ol baş baýragy gazanan “Ýyndam” atly atyň fransiýaly eýesine prezident-oglunyň adyndan ýeňil awtoulagyň açaryny gowşurdy. Resmi mediada ulagyň BMW 7-nji seriýa bolandygy aýdylýar. Habarçy bu düzümdäki ulagyň azyndan 150 müň ýewro bahalanýandygyny aýdýar.
Mundan başga-da, şol habarda atçylyk we döredijilik bäsleşikleriniň dürli ugurlary boýunça ýeňijilere 1,5 müň ýewrodan 10 müň ýewro çenli, jemi hasapda 50 müň 500 ýewro pul baýraklary berildi. Gurbanguly Berdimuhamedowa hem atçylyga goşan goşandy üçin baýrak we kubok berildi. Oňa friz tohumly at-da sowgat edildi.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy saparyň çykdajylaryny, baýraklaryň maliýeleşdiriliş çeşmelerini, ulagyň bahasyny, galyberse-de Arkadagdaky dabaralaryň umumy çykdajylaryny aýan etmeýärler.
Mejbury çäreler
Ýerli habarçynyň maglumatyna görä, nägilelik diňe çykdajylar bilen çäklenmeýär. Arkadag şäherindäki sport we medeni çäreler üçin ýokary okuw jaýlarynyň talyplary öňünden taýýarlyklara çekilýär we okuw sapaklaryndan galýar. Býujet işgärleri hem öz iş ýerlerinden alnyp, çärelere gatnaşdyrylýar.
Habarçy munuň talyplaryň bilim almagyna, döwlet edaralarynyň işgärleriniň bolsa öz esasy wezipelerini doly ýerine ýetirmegine päsgel berýändigini belleýär.
“Olar talyplary okuwdan, bilimdem kör sowat goýýarlar. Býujetçileri bolsa, işden, güýçden aýryp, döwlet edaralarynda işleriň agsamagyna we kärhanalarda öndürilýän önümleriň kemelmegine getirýär” diýip, ýene bir ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk Arkadag şäherindäki çärelere mejbury gatnaşdyrmak tejribesi barada öň hem habar beripdi. Geçen aý býujet işgärleriniň we talyplaryň 12-nji awgustdaky futbol duşuşygyna alnyp barlandygy aýdylypdy. Gatnaşanlaryň käbiri dört sagatlap stadiondan çykmaga, hatda hajathana gitmäge hem rugsat berilmändigini gürrüň beripdi.
2025-nji ýylyň aprelinde hem Azatlygyň söhbetdeşleri Bedew baýramçylygy mynasybetli geçirilen at ýaryşlaryna býujet işgärleriniň mejbury tomaşaçy hökmünde çekilendigini aýdypdylar.
Azyk gytçylygy
Täze dabaralar esasy azyk önümleriniň gymmatlamagy we gytçylygy baradaky habarlaryň arasynda geçirildi. Azatlyk soňky günlerde Ahal we Mary welaýatlarynda günebakar ýagyny tapmagyň kynlaşandygyny habar berdi. Ahalda alyjylar bir litr ýagyň bahasynyň bir günüň içinde 20 manatdan 25 manada çykandygyny aýtdylar.
Geçen aýyň aýagynda Balkan welaýatynyň etraplarynda ýerli unuň satuwdan ýitendigi, gazak we rus unlarynyň bolsa köp maşgalanyň gurby çatmajak bahalardan satylýandygy habar berlipdi. Şol maglumatda balkanly ykdysatçy: «Döwlet edaralarynda berilýän zähmet haky, pensiýalar bazardaky baha bilen gabat gelenok» diýipdi.
Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi çagaly enelere we maýyplara berilýän döwlet kömek pulunyň möçberiniň 400 manada ýetmeýändigine we köp adamyň aýlygynyň 3 müň manatdan aşmaýandygyna ünsi çekip, bularyň ýokarlanmaýandygyny, ýöne azygyň yzygiderli gymmatlaýandygyny hem aýdýar.
“Bu halky äsgermezlikden başga zat däl. Bular adamlaryň agyr güni bilen gyzyklanmaýarlar” diýip, ýene bir ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Arkadagdaky dabaralar baradaky resmi habarlarda ýaşaýjylaryň güzeran bilen bagly nägileliklerine we talyplaryň hem-de işgärleriň çärelere mejbury gatnaşdyrylýandygy baradaky maglumatlara düşündiriş berilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum