Türkmenistanyň Hazar kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynda 9-njy oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet baştutanlarynyň sammiti başlandy. Şu gün bu ýerde Hazar ekologiýa sammitiniň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Duşuşyklar üçin Türkmenistana Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian hem geldi.
Ýokary derejeli gepleşikleriň dowam edýän wagtynda, Azatlygyň sebitdäki habarçysy Türkmenbaşyda güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyny kynlaşdyrýandygyny habar berýär. Onuň maglumatyna görä, soňky günlerde ýollarda gatnaw çäklendirilip, internetden peýdalanmak we telefon arkaly habarlaşmak hem kynlaşypdyr.
Sammit Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýär. Oňa Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň prezidentleri, Belarusyň ýolbaşçysy Aleksandr Lukaşenko hem-de Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan gatnaşýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, Pezeşkian GDA sammitine ýörite myhman hökmünde çagyryldy. Eýranyň prezidenti Arkalaşygyň giňeldilen mejlisine ilkinji gezek gatnaşýar.
Degişli maglumat
Awazada Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň liderleri duşuşdy, bilelikdäki beýannama kabul edildiSöwda päsgelçilikleri we howpsuzlyk meseleleri
Gepleşikler ilki çäkli, soň giňeldilen düzümde geçirilýär. Gün tertibinde GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki beýanat, 2027-nji ýylda başlyklygyň Özbegistana geçirilmegi, howpsuzlyk we hukuk goraýjy edaralaryň hyzmatdaşlygy baradaky resminamalar bar. Olaryň arasynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly edilýän jenaýatlara garşy göreşde maglumat alyşmagy ösdürmek baradaky taslama hem göz öňünde tutulýar.
Interfax agentliginiň habar bermegine görä, Putin 9-njy oktýabrdaky çäkli düzümli mejlisde GDA ýurtlaryny söwda päsgelçiliklerini aýyrmaga çagyrdy. Ol ýurtlaryň milli derejede girizýän käbir çäklendirmeleriniň özara söwdanyň ösüşini haýalladýandygyny aýtdy.
Kremliň kömekçisi Ýuriý Uşakow sammitiň öňüsyrasynda, beýleki liderleriň haýyşy boýunça Putiniň ýapyk mejlisde Russiýanyň Ukraina garşy urşundaky ýagdaý barada maglumat berip biljekdigini aýdypdy. Munuň hakykatdan ara alnyp maslahatlaşylandygy barada häzirlikçe açyk maglumat ýok.
Ýollar çäklendirildi we aragatnaşyk kynlaşdy
Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, Türkmenbaşyda we Awazanyň töwereginde polisiýa hem-de howpsuzlyk işgärleriniň gözegçiligi güýçlendirildi. Käbir ýollar resmi ulaglardan başga gatnaw üçin ýapylypdyr.
Awazada polisiýa işgärleri ýollary petikleýär (arhiw suraty)
Habarçy Awaza ýakyn ýaşaýyş etrapçasynda awtobuslaryň we taksileriň gatnawyna rugsat berilmeýändigini aýdýar. Ol Gyýanlydaky senagat desgalaryna we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna barýan ýollarda-da gatnawyň çäklendirilendigini habar berýär.
Onuň maglumatyna görä, Türkmenbaşyda TMCELL-iň we “Türkmentelekomyň” internet hyzmatlaryndan peýdalanmak hem düýpli kynlaşypdyr. Gündizlerine telefon arkaly jaň etmekde-de bökdençlikler bolýar. Habarçy şäheriň üstünden dik uçarlaryň yzygiderli aýlanýandygyny hem belleýär.
Azatlyk sammitleriň öňüsyrasynda Awazanyň myhmanhanalarynda dynç alýanlaryň möhletinden öň öýlerine ugradylýandygyny habar beripdi. Habarçynyň söhbetdeş bolan myhmanhana işgäriniň aýtmagyna görä, myhmanlardan 1-nji oktýabrda çykjakdyklary barada dil haty alnypdyr, emma olar 28-nji sentýabrda çykarylypdyr.
Putin bilen Pezeşkian bir gün öň duşuşdy
Putin bilen Pezeşkianyň ozal 9-njy oktýabra meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşygy 8-nji oktýabr agşamy geçirildi. Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow liderleriň wagty bolandygy sebäpli gepleşikleri bir gün öň geçirmegi makul bilendiklerini aýtdy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan bilen Awazada duşuşýar.
Duşuşykda Putin Eýran töweregindäki urşy diplomatik ýol bilen çözmäge kömek etmäge taýýardygyny aýtdy diýip, Kreml habar berýär. Eýran mediasynyň maglumatyna görä, Pezeşkian Tähranyň gepleşiklerden ýüz öwürmejekdigini, ABŞ-nyň tekliplerine öz düzedişlerini girizendigini we araçylar arkaly gepleşikleri dowam etdirmek isleýändigini öňe sürüpdir.
Russiýa bilen Eýran Moskwanyň 2022-nji ýylda Ukraina giň gerimli çozuşyndan bäri harby we diplomatik gatnaşyklaryny güýçlendirdi.
Putin 8-nji oktýabrda Serdar Berdimuhamedow bilen hem aýratyn duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň 9-njy oktýabrda çap eden habarynda olaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşandygy aýdylýar.
Hazaryň suwunyň azalmagy maslahatlaşylar
Günüň dowamynda Hazar ekologiýa sammitine Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň prezidentleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Onuň esasy meseleleriniň biri Hazar deňziniň suw derejesiniň peselmegi bolar. Kenarýaka ýurtlaryň tebigaty goramak boýunça hyzmatdaşlygy we deňziň biologik baýlyklaryny saklamak meselesi hem gün tertibinde durýar.
Degişli maglumat
Suwsuz deňiz. Türkmenistanyň kaşaň dynç alyş zolagyndan suw çekilýärBir gün öň Awazada Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň liderleriniň sekizinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Onda bilelikdäki beýannama kabul edildi.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Transhazar ulag geçelgesini ABŞ-nyň goldaýan, Ermenistanyň üsti bilen Azerbaýjany onuň Nahçywan eksklawy bilen birleşdirjek TRIPP ulag taslamasy bilen utgaşdyrmak mümkinçiligini bilermenler derejesinde maslahatlaşmagy, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bolsa bilelikdäki önümçiligi ösdürmegi teklip etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.