Milliardlarça dollar harçlanyp gurlan “Awaza” dynç alyş zolagynda dynç alýan türkmenistanlylaryň sany görülmedik derejede azalýar, munuň esasy sebäpleri ‘giň ýaýran' korrupsiýa, myhmanhanalaryň ýagdaýy, hyzmat derejesiniň hili bilen bagly diýip, çeşmeler habar berýär.
Synçylar häkimiýetleriň bu ýerde dynç alýan adamlary islendik wagt dürli çäklendirmelere, hatda dynç alyşlaryny bes etmäge hem mejbur edip bilýändiklerini we özüni oňarýan türkmenleriň indi daşary ýurtlardaky elýeterli kurortlara barha kän ýykgyn edýändigini öňe sürýärler.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen dynç alýanlaryň sanynyň iýulyň soňky 10 gününden başlap azalandygyny we bu ýagdaýyň häzire, awgustyň 19-yna çenli saklanyp galandygyny aýtdy.
Myhmanhanalarda adam 'tasdan ýok diýen ýaly'
“Dynç alýanlaryň sany soňky bir aýyň dowamynda görülmedik dereje azaldy, adatça bu günler “Awazada” dynç almak sezonynyň gaýnaýan wagty bolardy. Emma bu ýyl iýul, awgust aýlarynda, käbir meşhur myhmanhanalarda diýmeseň, galan myhmanhanalarda tasdan adam ýok diýen ýaly” diýip, hünärmen aýtdy.
Degişli maglumat
Awazada bir çaganyň jesedi tapyldy, beýlekisi ýitdi. Resmi düşündiriş berilmeýärBu maglumat türkmen prezidentiniň Döwlet Jumaýewi Awaza etrabynyň häkimi we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşadyp, onuň ornuna Soýençnazar Selimowy bellän wagtynyň yz ýanyndan geldi. Adatça bolşy ýaly, Serdar Berdimuhamedow nobatdaky kadr täzelenmesiniň sebäbini aýtmady, Jumaýewiň bäş ýyla çeken ýolbaşçylygyna hiç hili baha bermedi.
Türkmenistanda býujet edaralarynda işleýän adamlaryň köpüsiniň aýlyklary az bolansoň, daşyndan goşmaça gazanjy bolmadyk raýatlar köplenç tomsuna deňiz boýuna gitmek, myhmanhanalarda bolup, gowy dynç almak arzuwlaryna ýetip bilmeýärler. Ýöne bu arzuwa mejbury ýagdaýda, işleýän ýeriniň ugratmagynda ‘ýetýän’ adamlar welin bar.
Azatlygyň habarçysy “Awazadaky” myhman ýetmezçiligi bilen gyzyklananda, welaýatlara degişli we welaýat atlaryna göterýän myhmanhanalarda az hem bolsa, garaz, dynç alýan adamlaryň bardygyny anyklady.
“Welaýat myhmanhanalarynda sanlyja adamy, dynç alýanlaryň az bölegini görmek bolýar. Olar mejbury dynç almaga ugradylan myhmanlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
"Awaza" taryhynda beýle 'pes netijeli ýyl bolmandy'
Aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe hünärmeniň tassyklamagyna görä, “Gämi”, “Hazar”, “Watançy” we “Berkarar” myhmanhanalarynda orunlaryň 50%-70%-i adamly diýse bolar, emma otaglaryň galan 30%-i boş dur.
“Bu oteller meşhur oteller bolany üçin adamly, galan beýleki otelleriň her birinde bolýan adamlaryň sanynyň jemi 20 myhmana ýetmeýänleri-de bar” diýip, myhmanhana hünärmeni aýtdy.
Myhmanhana hünärmenleri ýaş kurort ýeri bolan Awazanyň taryhynda heniz beýle pes netijeli ýylyň bolmandygyny, dynç alýanlara edilýän hyzmatdan gelýän girdejileriň hatda işçilere aýlyk haklaryny bermäge hem ýetmeýändigini aýdýarlar.
Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, Azatlyk bu ýagdaý barada has anyk maglumatlary, resmi düşündirişleri alyp bilmeýär.
Degişli maglumat
Awazada ýene howpsuzlyk çäreleri güýçlendi, pasportlar 'derňelýär', 'gep diňlenýär'Balkan sebitindäki we “Awazadaky”, Hazar deňziniň kenarlary bilen bagly beýleki dynç alyş nokatlaryndaky ýagdaýlary ýakyndan synlaýan ýerli synçylar raýatlaryň geljegine uly umyt baglanan milli dynç alyş zolagyndan sowaşmaklarynyň dürli sebäpleriniň bardygyny, häkimiýetleriň soňky bir aýda ‘myhman köpeltmek üçin edýän tagallalarynyň hem netije bermändigini’ aýdýarlar.
“Häkimlik wekilleri soňky 1 aýda Guwlymaýak, Çeleken kenarlarynda dynç alýan adamlary ol ýerlerden kowup, köp adamyň dynç alyş planyny bozdular. Ol ýerlerde deňizde suwa düşmegi gadagan etdiler, polisiýa işgärlerini getirip, adamlaryň dynç alýan ýerlerini polisiýanyň nobatçylyk çekýän zolagyna öwürdiler. Emma bu “Awaza” gelýän myhmanlaryň sanynyň köpelmegine hiç bir täsir ýetirmedi, gaýtam görkeziji diňe aşaklady” diýip, hünärmen aýtdy.
Şertler ýyllar boýy 'ýaramaz bolmagynda galýar'
Azatlygyň habarçylary “Awazadaky” şertler, dynç alýan adamlaryň bildirýän nägilelikleri, şol sanda giň ýaýran korrupsiýa, restoranlardaky hyzmatyň derejesi we bahasy barada yzygiderli habar berýärler.
“Adamlar ýadady. Şertler ýyllar boýy ýaramaz bolmagynda galýar. Myhmanhana ýerleşmek üçin ummasyz para bermeli. Restoranlarda naharlanmak aşa gymmat” diýip, dynç alýanlaryň biri ýurtdaky ýeke-täk syýahat zonasyndan ‘göwni geçen adamyň köp boljakdygyny’ öňe sürdi.
Onuň sözlerine görä, bir maşgala bolup, är-aýal, iki çaga bilen 15 gün deňizde kadaly dynç almaga 50 müň, 60 müň manat hem ýetmeýär.
Aýry-aýrylykda gürleşen raýatlar bu ýerdäki ‘parahorlugyň halys başyna gidendigini öňe sürdüler.
“Bu şeýle bir korrumpirlenen kurort zonasy welin, beýle sistematik para almak hiç bir döwletiň kurortlarynda ýok. Awazada daşyndan gelip, haýsydyr bir myhmanhananyň deňinde deňizde suwa düşmek isleýän adamlaryň her birinden 200 manat pul talap edýärler. Hamana, deňiz myhmanhana degişli ýaly” diýip, bir raýat aýtdy.
Onuň sözlerine görä, türkmen kanunlarynda, adatdan daşary ýagdaýlar bolmasa, deňizde suwa düşjek adama hiç kimiň gadagançylyk girizmäge haky ýok diýip bellenen we munuň züin pul talap etmek dogry däl.
“Bu ýerde dynç alýanlar belli bir derejede gurply maşgalalara degişli bolup, olar bu zatlardan ýadadylar. Şu sebäpden, özüni oňarýan gurply maşgalalar “Awaza” gelmäge derek, Wýetnama we beýleki elýeter döwletlere gitmekligi saýlap alýarlar. Garyp halkyň bolsa çöregi gaýgy” diýip, habarçymyzdan adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmen öz pikirini paýlaşdy.
Degişli maglumat
"Awaza" myhmanlary ala tutmakda, dynç aljaklary 'strese salmakda' aýyplanýarBulardan başga, söhbetdeşlerimiz “Awazadaky” myhman ýetmezçiligine içerki uçar, otly we awtobus gatnawlarynyň hem ýeterlik goşant goşýandygyny aýtdylar.
Azatlyk ýurtdaky ulag gatnawlary, ýolagçylaryň onlarça ýyl bäri ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şol sanda ýurduň beýleki sebitlerinden “Awaza” gelmek üçin görülýän görgüler barada yzygiderli habar berýär.
Azatlyk milli dynç alyş zolagynyň jogapkär işgärlerinden, Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylaryndan milliardlarça dollar harçlanan syýahatçylyk zolagyndaky işleriň guralyşy we dolandyryş netijesizliginiň sebäpleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.