Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ilatyň elektrik we gaz üpjünçiligindäki bökdençlikler ýene ýitileşdi. Günbatar welaýatyň merkezi şäherinde ýaşaýyş jaýlaryna berilýän elektrik we gaz üpjünçiligi tas her gün 2 sagat kesilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“Soňky hepdelerde şäheriň 189-njy, 209-njy, 210-njy we 211-nji kwartallarynda ilatyň elektrigi aşa köp kesilýär. Ilat tas her gün 2 sagat toksuz we gazsyz kösenýär” diýip, agzalýan etrapçalarda ýaşaýan balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi elektrigiň we gazyň kesilmeginiň her gezek günüň dürli sagatlarynda bolýandygyny aýdyp, munuň adamlaryň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýändigini belleýär.
“Tok ýa gaz nahar bişirýän wagtyň ýa-da elektrik bilen amal edilýän işleri berjaý edýän mahalyň kesilip bilýär. Etmeli işleriň galýar. Adamlar toguň, elektrigiň sagat näçede kesiljegini bilmeýändigi sebäpli, käbir edilmeli işleri öňünden planlaşdyryp hem bilmeýärler” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat
Narmanly ýaşaýjylar bäş ýyl bäri toksuz oňuşmaly bolýar“2 sagat garaşyň, soňra gazyňyz, toguňyz berler”
Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ýerli elektrik we gaz üpjünçilik edaralarynyň resmileri bökdençlikleriň sebäbi barada anyk düşündiriş bermeýärler.
“Jaň edenimizde, diňe 2 sagat garaşyň, soňra gazyňyz, toguňyz berler’ diýmek bilen çäklenýärler. 21-nji asyrda, 2026-njy ýylda şäher ýaşaýjylarynyň günde 2 sagat toksuz we gazsyz kösenmegi örän geň galdyrýar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy belledi.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada ýerli elektrik we gaz üpjünçilik edaralary bilen habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi. Redaksiýamyzyň 1-nji oktýabrda şäher häkimligine eden telefon jaňlaryna hem hiç kim jogap bermedi.
Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanda, şol sanda ýurduň günbatar welaýatynda ilat elektrik we gaz üpjünçiliginiň kesilmegi bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar.
Şeýle bökdençlikler barada Balkandaky habarçymyz iýul aýynyň ahyrynda hem habar beripdi. Şonda ol welaýat merkezinde elektrik üpjünçiliginiň kesilmeginiň adaty ýagdaýa öwrülendigini, etraplarda bolsa, hepdeläp elektrik togunyň berilmeýän halatlarynyň hem bolýandygyny aýdypdy.
“Etraplardaky hojalyklarda indi adamlar toguň döwlet üpjünçiligine kän bil baglaman, meseläni özbaşdak ýagdaýda, öz mümkinçiliklerine görä çözmäge çalyşýarlar. Adamlar elektrik toguny öndürmek üçin Gün panellerini satyn alýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy gürrüň beripdi.
Degişli maglumat
Tok kesilmeleri ogurlyga ‘ýol açýar’, telekeçiler ‘gorkuda ýaşaýar’Eksporty artdyrmak meýilleri we ilatyň bökdençlikleri
Awgust aýynda bolsa, Mary welaýatyndaky habarçymyz Baýramaly etrabynyň Narman geňeşliginde elektrik togunyň ýaşaýyş jaýlaryna bäş ýyl bäri tasdan barmaýandygyny habar berdi.
Türkmenistanda ilat elektrik we gaz üpjünçiligindäki bökdençlikler bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýan mahaly, türkmen hökümeti Özbegistana, Eýrana, Owganystana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edýär. Şeýle-de, Türkmenistan ýylda milliardlarça dollara durýan tebigy gazy daşary ýurtlara, şol sanda Hytaýa satýar.
Türkmen häkimiýetleri elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak meýilleri barada hem wagtal-wagtal çykyş edýärler.
Türkmenistandan Azerbaýjan Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilikler bar, häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar diýip, TDH şu ýylyň 30-njy iýunda çap eden habarynda prezident Serdar Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi.
Türkmen häkimiýetleri ýangyç serişdeleriniň söwdasyndan gelýän girdeji, olaryň sarp edilişi baradaky maglumatlary ilat köpçüligine aç-açan ýetirmeýän mahaly, ýurt raýatlarynyň gaz we tok bökdençlikleri, olaryň sebäpleri barada hem gürrüň gozgamaýarlar. Resmi metbugat hem diňe “ösüş sanlaryny” getirip, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan bökdençliklerini agzamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.