Balkanda dümew ýaýraýar, lukmanlar ony 'wirus' diýip atlandyrýar

Saglyk öýi. Türkmenistan (arhiw suraty).

Balkan welaýatynda dümew alamatly keselçilik ýaýraýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan lukmanlar şol bir alamatlar bilen medisina kömegini sorap ýüz tutýan hassalaryň, şol sanda çagalaryň köpdügini aýdyp, ony wirus diýip atlandyrýarlar.

Agyr geçýän dümewe meňzeş kesel dem alyş ýollaryna täsir edýär.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe lukmanyň sözlerine görä, syrkawlan adamlarda güýçli ysgynsyzlyk, iniň üşetmegi, 39.5 töwereginde birnäçe günläp saklanýan beden gyzgyny, gury üsgülewük, der basmak we kelle agyry ýaly alamatlar bar.

Lukmanlar soňky 10 gün bäri hassalaryň sany barha köpelýär diýýärler.

Soňky günlerde dümewlänleriň arasynda Azatlygyň habarçylary we olaryň maşgala agzalary hem bar.

"Her 6 sagatdan gyzgyny düşürýän tabletka ýa-da sanjym almasaň, beden gyzgyny pese düşenok, ysgynyň gaçyp, ýykaýjak bolýar" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Lukmanlar näsaglanlaryň adaty dümewden tapawutlylykda bir hepdede gutulmaýandygyna ünsi çekýärler.

Degişli maglumat

Lebabyň saglyk edaralarynda prokuratura barlaglary geçirilýär

"Antibiotik dermanlary we antiwiruslary ýazyp berýärler ýöne adaty bolmadyk dem alyş ýollarynyň bu dümewi adaty gripden tapawutlylykda bir hepdede bejertmeýär" diýip, lukman aýdýar.

Şu günler dermanhanalarda nobatlar döreýär we dermanlar gymmatlaýar. Habarçynyň sözlerine görä, wirusa garşy dermanlaryň 10 tabletkasynyň bahasy 300 manatdan başlanýar. Bu resmi kursdan 85,7 amerikan dollaryna barabar.

"Balkanabatda her köçede dört dermanhana bar, ählisi adamlardan, nobatdan doly" diýip, şäher ýaşaýjysy aýtdy.

Kesellänleriň ençemesi däp bolan halky serişdeleri burçly un aş, buýan köki, otly çaý we beýleki ot çöpler bilen özlerini bejermäge synanyşýarlar, emma dümewden gutulmagyň kyndygyny aýdýarlar.

"Puly ýok maşgalalar sarymsak we sogan, ajy burç çeýnese gowulaşýar diýip, şu zatlar bilen oňuşjak bolýar" diýip, balkanly ýaşaýjy şeýle diýdi: "Netije bermeýär, agyr ysgynsyzlyk, ýörände derläp öýkene howa ýetmän hassahana ýüz tutmaga mejbur bolýaň" diýip, habarçymyz öz ýagdaýyny suratlandyrdy.

Azatlyk bilen gepleşen lukmanlar häzirki dümewe wirusyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar, emma onuň nähili wirusdygyny kesgitläp bilmeýärler.

Il içinde şu günler ýaýraýan wirusy "mini-kowid" diýip atlandyrýarlar. Käbir medisina işgärleri hem häzirki hassalyk barada aýdanda şol ady agzaýarlar.

"Döwletimizde bu aýdylmaýar, ýöne 'kiçi kowid' diýlip atlandyrylýan bu kesel respirator wirusydyr" diýip, balkanly lukman aýtdy.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde teswir almaga synanyşdy. Biziň telefon jaňlarymyza jogap berilmedi. Ministrligiň websaýtynda häzirki respirator dümewe degişli maglumat çap edilmändir.

Bu aralykda saglyk bilen bagly zerur maglumatlaryň wagtynda ilatyň dykgatyna ýetirilmegi we medisina kömeginiň elýeterliligi köp türkmenistanlylar üçin mesele bolmagynda galýar.

Maglumat we onuň 'boşlugy'

"Adamlaryň tas ählisi aýak üsti şu wirus bilen göreşýärler. Işe barýarlar. Çagalara gyzgyn peseldiji derman berýärler. Okuwçylar tabletkanyň güýjüne mekdeplere gatnap ýörler. Aslynda bu ýalňyş, ýokary beden gyzgyny saklanyp, bagyryň gatamagyna sebäp bolup bilýär. Ýöne türkmen hökümeti adam saglygyny diňe kagyzda goraýar. Häzir Merkezi Aziýa ýurtlarynda 'mini kowid' wirusyny boýun alyp, lukmanlar çykyş edip maglumat berýärler, gynansak-da Türkmenistanda hakykat aýdylmaýar" diýip, lukman öz pikirini paýlaşdy.

Şu günler edaralarda we okuw jaýlarynda kesellänleriň köpdügini, işleýänlere we okaýanlara irräk öýlerine gitmäge rugsat berilýändigini habarçy belledi.

"Ýolbaşçylaryň özleri hem bu wirusdan ejir çekýändikleri sebäpli düşünýärler. Şeýle-de, ysgynsyz derläp oturan ýerinde ýarawsyz işgäriň, ýa-da okuwçynyň huşuny ýitirýän ýagdaýlary hem bolýar. Şonuň üçin köp ýolbaşçy işe-okuwa gelip-gitse, görünse bolýar diýip rugsat berýärler" diýip, ýene bir balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Degişli maglumat

Türkmenistanda ýiti dümew alamatly keselçilik ýaýraýar, ölüm hadysalarynyň bardygy aýdylýar

Soňky günlerde respirator keseller goňşy ýurtlarda hem ýaýrady. Gazagystanda adamlar sosial ulgamlarda COVID-19-a meňzeşdigini çaklaýan bir kesel barada pikir alyşýarlar. Olar güýçli ysgynsyzlyk, beden agyrylary, burnuň akmagy, bokurdak agyrysy we üsgülewük, şeýle hem ys we tagam duýgusynyň ýitmegi ýaly alamatlaryň bardygyny habar berýärler. Käbirleri birnäçe hepdeläp syrkaw bolandygyny we antibiotik kabul etmegiň hiç hili gowulaşma getirmändigini aýdýarlar. Sosial ulgamlarda bu kesele eýýäm "mini-COVID" diýlip at berildi.

Gazak metbugatynda çap bolýan maglumatlarda medisina bilermenleriniň çykyşlary çap edilip, häzirki wagtda barlag geçirilip, ýurtda hiç hili adaty bolmadyk täze dem alyş ýollarynyň wirusynyň ýüze çykmagynyň tassyklanmandygy aýdylýar.

Türkmenistanda ilat arasyndaky keselçiligiň derejesini görkezýän resmi statistika ýyllar boýy ilata elýeterli edilmeýär. Türkmenistan adatdan daşary ýagdaýda tutuş dünýäni gurşan koronawirusyň öz giňişliginde bolandygyny boýun almady we bu barada çap bolan garaşsyz maglumatlary ret etmedi.

Degişli maglumat

Türkmenistandaky maglumat boşlugy, pandemiýa döwründäki halkara proýektleriniň goýan maksatlaryna ‘ters netije berdi’

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.