Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Ýok' diýilýän koronawirusa garşy sanjym. Türkmenistan öz ilatyna COVID-19-a garşy dördünji sanjymy edýär


COVID-19 garşy çäreler baradaky bildiriş. Türkmenistan
COVID-19 garşy çäreler baradaky bildiriş. Türkmenistan

Türkmenistanda koronawirusa garşy waksinanyň dördünji dozasy bilen ilata sanjym edilýär. COVID-19 ýurtda hasaba alynmady diýýän türkmen hökümeti koronawirusa garşy waksinanyň ilatyň 90% -den gowragyna edilendigini aýdýar we çäklendirmeleri ýeňilleşdirýär.

Azatlygyň habarçysy Maryda waksinanyň dördünji dozasynyň edilip başlandygyny 14-nji iýunda habar berýär. Onuň sözlerine görä, häzir sanjym saglygy saklaýyş edaralarynyň we polisiýanyň işgärlerine edilýär. Soňra ilatyň galan bölegi dördünji dozany alyp bilerler. Ulanylýan waksinalar Hytaýyň we Russiýanyň önümleri.

Bu aralykda, lukmançylyk edaralarynyň işgärleriniň bellemegine görä, sanjymyň üçünji dozasynyň edilmegi entek tamamlanmandyr. Azatlygyň habarçylarynyň maglumataryna görä, Türkmenistanda koronawirusa garşy waksinanyň üçünji dozasy şu ýylyň ýanwar aýynda edilip başlanypdy.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ýurtda hökmany bolan wakinasiýanyň ozalky tapgyrynyň berjaý edilmeginiň haýallygynyň sebäplerinden biri ilatyň waksina we umuman ýurduň saglygy saklaýyş ulgamyna ynamsyzlygy bilen bagly. Şonuň üçin köpçülik waksina almagy mümkin boldugyndan yza süýşürmäge synanyşýar.

"Sanjymdan ýüz öwürýän adam kän, sebabi waksinany saklaýyş usullary ynamly dal. Köplenç sanjymdan soň adamlar özlerini gowy duýmaýarlar. Käte kimdir biri ölýär we garyndaşlary sanjymdan gysga wagt soň kesel bolandygyny aýdýarlar. Köplenç, hatda lukmanlaryň özleri sanjymy yza süýşürmegi maslahat berýärler" - diýip, maryly çeşme gürrüň berdi.

Mundan öň häkimiýetler ilaty sanjym almaga mejbur edip, birnäçe gezek basyş görkezipdi. Hususan-da, sanjym edilmediklere işden boşadylmak howpy abanýardy we ýurduň içinde syýahat etmek gadagan edilipdi.

Ýurtda häzire çenli ilatdan sanjymly bolmak berk talap edilýär. Edara-kärhanalaryň işgärleriniň sanjym resminamalary yzygiderli barlanýar. Habarçynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Mary şäherindäki kärhanalarda işgärleriň sanjymsyz işe goýberilmejegi duýdurylýar.

Ýurtda ilata COVID-19 keseline garşy sanjym etmek 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda başlandy, waksinany ilkinji bolup alanlar saglyk işgärleri, harbylar, polisiýa işgärleri we saglyk taýdan töwekgelçilik toparyna girýän raýatlar boldy.

2021-nji ýylyň iýulynda Türkmenistan waksinasiýany hökmany etdi. Bu karar koronawirus ýokaşan hassalaryň we ölenleriň sanynyň düýpgöter ýokarlan wagtynda kabul edildi. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ýolbaşçylygy ýurtda COVID-19-yň bardygyny ykrar etmediler.

Ýurtda koronawirusa garşy rus we hytaý önümleri bolan waksinalar hasaba alyndy. Azatlygyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmeleri ilata sanjym etmek üçin köplenç Hytaýda öndürlen dermanlaryň, şol sanda "Sinovac" kompaniýasynyň önümi bolan "Vero Cell" sanjymyny ulanýandygyny habar berdiler.

Habarçylar ýurtda köpçülikleýin keselçiligiň birnäçe tolkuny barada habar beripdi. Ilkinji tolkun 2020-nji ýylyň ýaz we tomus aýlarynda bolup geçdi. Şonda hökümet koronawirusyň bardygyny ykrar etmedi, ýöne beýleki ýurtlarda bolşy ýaly karantin çäklendirmelerini girizdi. “Ýurtda koronawirus bar ýaly” hereket etmek teklibi BSG-nyň COVID-19 garşy missiýasynyň 2020-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistana eden saparynda öňe sürüldi.

2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 25 müň adamdan aşandygy mälim boldy. Hökümete ýakyn çeşmeler ýurtda koronawirus pidalarynyň sany köpçülige yglan edilmese-de, resmi hasaba alynýandygyny habar berdi. Halkara saglyk bilermenleri türkmen hökümetiniň ýurtda COVID-19-yň ýokdugy baradaky sözlerine birnäçe gezek şübhe bildirdiler.

Koronawirus pandemiýasy wagtynda Türkmenistan üç gezek doly gulplama girizdi we ilatyň esli bölegini eklençden mahrum etdi. Indi ýurduň häkimiýetleri girizilen çäklendirmeleri gowşadýarlar we ilaty öňki talaplary ýerine ýetirmezlige mejbur edýärler. 1-nji iýundan başlap, köpçülik ýerlerinde maskalara bolan talap aýrylandan soň, maska dakynan ilata jerime salyndy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşriniň habaryna görä, 11-nji iýunda agşam polisiýanyň awtoulaglary Aşgabadyň içinde aýlanyp, sesi gataldyjylar arkaly raýatlara köçede maska dakynmagyň zerur däldigini habar berdi. Polisiýa "köçedäki maskalaryňyzy çykaryň, diňe ulagda dakynyň!" diýip, yglan etdi diýip, neşiriň habarynda aýdylýar.

11-nji iýunda prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli resmilere ilat arasynda maskalaryň nirede we haýsy ýagdaýda dakynmalydygy barada düşündiriş işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG