Balkan welaýatynyň häkimiýetleri Bereket we Balkanabat şäherlerinde we olaryň töweregindäki obalarda ilatyň oba hojalyk mallaryny we öý haýwanlaryny güýçli depginde hasaba alyp başladylar.
Bu çärelerden ýüz öwrenleriň mallarynyň we öý haýwanlarynyň ellerinden alnyp, döwlet haýryna geçiriljekdigi duýdurylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
“Ýerli häkimlik, polisiýa we weterinariýa gullugynyň wekilleri öýme-öý aýlanyp, it, pişik, sygyr, goýun, geçi we at saklaýan adamlaryň mal-garalaryny, öý haýwanlaryny uçdantutma hasaba alýarlar. Olar bularyň ählisiniň umumy sanaw depderçesine geçirilip, pasportlaşdyrylmalydygyny aýdýarlar” diýip, bereketli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Öýlere aýlanýan häkimlik, weterinariýa gullugynyň wekilleri bu çäräniň “hojalyklardaky öý haýwanlarynda guduzlamanyň we beýleki ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak” maksady bilen amal edilýändigini aýdýarlar.
“Olar kanunçylyga görä amal edilmelidigini aýdyp, jikme-jik düşündiriş bermeýärler” diýip, bereketli ýaşaýjy belledi.
Degişli maglumat
Balkanda towuklara 'kesel degýär', hojalyklar zyýan çekýärHojalygynda mal-garalary we öý haýwanlaryny saklaýan ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, bu çäräniň dowamynda her bir haýwany guduzlama we beýleki kesellere garşy sanjym etdirmek hem talap edilýär.
“Döwlet haýryna geçiriler, itler we pişikler ýok ediler”
“Häkimlik we weterinariýa gullugynyň wekilleri ilat ýazuwyna meňzeş haýwanlary hasaba almak çäresinde her bir haýwany 60 manat töläp, waksina etdirmelidigini, şeýle-de 50 manat pasport üçin tölemelidigini aýtdylar. Meniň öýümde iki sygrym, bir itim we bir pişigim bar. Häzir bular üçin 440 manat çykdajy etmeli bolýaryn” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Söhbetdeşlerimiz güzeran eklenji kyn bolan hojalyklaryň arasynda bu pul serişdesini tölemäge maddy mümkinçilikleriniň ýokdugyny aýdyp, bu mejbury çärelerden ýüz öwürýänleri hem bardygyny belleýärler.
“Döwlet wekilleri boýun gaçyrýan ýa-da ret edýän hojalyklara mallarynyň we öý haýwanlarynyň ellerinden alnyp, döwlet haýryna geçiriljekdigini, itleriň we pişikleriň bolsa ýok ediljekdigini berk duýdurýarlar. Häzir käbir hojalyklar dogan-garyndaşlaryndan karz alyp, öýdäki haýwanlaryna pasport almaga çalyşýarlar” diýip, bereketli ýaşaýjy aýtdy.
Mundan başga-da, häkimlik wekilleri mal-garalary hasaba alynmadyk raýatlar sygryny, goýnuny ýa geçisini mal bazaryna eltende, olaryň bazara alynmajakdygyny, olaryň ogurlyk hasaplanjakdygyny hem duýdurýarlar.
Täze başlangyç, balkanlylaryň bir bölegi tarapyndan oňat garşylansa, beýleki bir bölegi muny “häkimiýetleriň býujeti doldurmak, hususy hojalygynda mal saklaýan adamlardan salgyt almagyň usuly” diýip atlandyrýar.
Degişli maglumat
Ahal welaýatynda it-pişikleri ýok etmek boýunça guramaçylykly 'çäre' geçirilýärAzatlyk bu çäreler barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Berekediň we Balkanabadyň häkimliklerinden, weterinariýa gullugyndan resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 25-nji noýabrda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň web sahypasynda soňky üç aýyň dowamynda çap edilen habarlaryň arasynda oba hojalyk mallarynyň we öý haýwanlarynyň hasaba alynýandygy barada haýsydyr bir maglumat elýeterli däl.
“Mallary identifikasiýa etmegiň we yzarlamagyň Milli strategiýasy”
Ýöne ýurduň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň web sahypasynda 18-nji sentýabrda çap edilen maglumatda Türkmenistanda mallary identifikasiýa etmegiň we yzarlamagyň Milli strategiýasy boýunça derwaýys işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.
Degişli maglumat
Ahalda iri şahly mallaryň arasynda 'näbelli' kesel ýaýraýar“Synag hökmünde ýörite saýlanan maldarçylyk toplumynda, has takygy, Ahal welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň “Şa ýoly” oba hojalyk maldarçylyk toplumynda ýaş tüwelere gulak belgilerini dakmak we çiplemek işleri tapgyrlaýyn alnyp barylýar” diýlip, habarda aýdylýar.
Onda bu işleriň Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde amala aşyrylýandygy hem bellenilýär.
Munuň esasy maksadynyň Türkmenistanda mallaryň saglygyna gözegçiligi we keselleriň öňüni alyş çärelerini has netijeli guramakdan, weterinariýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakdan, ýurtda azyk howpsuzlygyny berkitmekden, maldarçylyk önümleriniň gelip çykyşynyň yzarlanylmagyny we ygtybarlylygyny üpjün etmekden ybarat bolup durýandygy hem habarda aýdylýar.
Bu barada hökümetçi “Turkmenportal” neşiri hem habar berýär, ýöne maglumatlaryň ikisinde hem hasaba almak we gelip çykyşyny yzarlamak çäreleriniň oba hojalyk mallaryna degişlidigi aýdylyp, olarda itler we pişikler barada gürrüň gozgalmaýar.
Ýurduň günbatar welaýatyndaky çäreler, Türkmenistanda soňky ýyllarda mallaryň köpçülikleýin kesellemegi we näbelli kesellerden haram ölmegi bilen bagly ýagdaýlaryň häli-şindi gaýtalanýan mahalyna gabat geldi.
Şu ýylyň başyndan bäri Ahalda, Lebapda we Balkanda iri şahly mallaryň arasynda ýaýran keselden sygyrlaryň ençemesi gyryldy. Türkmen resmileri we döwlet mediasy bu ýagdaýlar barada köpçülige teswir we düşündiriş bermeýärkä, raýatlar maddy zyýana galýandygyny aýdyp, kynçylyklar bilen özbaşdak göreşmeli bolýandyklaryny aýdyp gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.