Balkan welaýatynda sürüjilik şahadatnamasynyň möhleti dolup, olary täzeletmek isleýän raýatlardan ulag sürmek boýunça sürüjilik okuwlaryny okandygy baradaky resminamany getirmek talap edilýär. Resminamasyny ýitiren raýatlara sürüjilik şahadatnamasynyň täzelenip berilmejekdigi aýdylýar.
Onlarça ýyl bäri ulag sürüp gelýän sürüjiler muny “ýerli häkimiýetleriň raýatlardan para almagynyň nobatdaky usuly” atlandyrýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
“Sürüjilik şahadatnamamyň 10 ýyl möhleti dolup, ýakynda PÝGG-niň Gyzylarbat şäherlerindäki hasaba alyş we synag bölümine baranymda, menden beýleki resminamalar bilen bir hatarda, sürüjilik okuwlaryny okandygym baradaky haty getirmegi talap etdiler. Men onuň nirededigini bilmeýändigimi aýtdym. Olar maňa ‘şony getirmeseňiz, sürüjilik şahadatnamaňyzyň möhletini uzaldyp bermeris’ diýdiler” diýip, balkanly sürüji anonimlik şertinde aýtdy.
Degişli maglumat
'50 ýaşdan soň gel'. Zenanlar ýene-de sürüjilik şahadatnamasyny almakda kynçylyk çekýärlerSebitde sürüjilik şahadatnamalarynyň möhletini uzaltmak ýa-da olary çalyşmak işleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) Balkanabat we Gyzylarbat şäherlerindäki hasaba alyş we synag bölümleri tarapyndan amal edilýär.
“Kanunnamany görkeziň diýseň görkezmeýärler”
Balkanly sürüjileriň ençemesiniň sözlerine görä, mundan ozal bu bölümlerde raýatlardan möhleti dolan sürüjilik şahadatnamasynyň we pasportynyň nusgalary, saglyk kepilnamasy, şeýle-de 3x4 ölçegindäki surat we 50 manat resmi töleg soralýardy.
“Bulary tabşyran raýatlaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň möhleti iki iş gününiň dowamynda uzaldylyp berilýärdi. Häzir men ýaly başga-da ençeme raýat sürüjilik okuwlaryny mundan 10-20 ýyl okandyklaryny we şondan bäri ulag sürüp gelýändiklerini, ýöne bu baradaky resminamalarynyň nirededigini bilmeýändiklerini düşündirmäge çalyşsa-da, netije bermeýär” diýip, sürüjilik şahadatnamasyny mundan 20 ýyl ozal alan balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şol bir wagtda, sürüjileriň ençemesi PÝGG-niň Balkanabatdaky we Gyzylarbatdaky hasaba alyş we synag bölümlerindäki resmileriň 1500-2000 manat paranyň öwezine sürüjilik okuwlaryny okandygy baradaky resminamasy bolmadyk raýatlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaldyp berýändigini aýdýar.
“Bu ýerli häkimiýetleriň, şol sanda PÝGG-niň raýatlardan para almagynyň nobatdaky usuly bolup görünýär. Sebäbi olar ‘sürüjilik okuwyny okandygy baradaky hatyň talap edilýändigini görkezýän kanunnamany görkeziň’ diýseň görkezmeýärler. Sürüjilik okuwyny okandygy baradaky hatyny ýitiren köp adam 1500-2000 manat möçberinde soralýan parany bermäge razy bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly sürüji anonimlik şertinde aýtdy.
Sürüjiler çykdajylaryň munuň bilen hem tamamlanmaýandygyny, Balkanabat şäher saglyk öýüne baryp, saglyk kepilnamasyny almak üçin hem 380-500 manat aralygynda çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýtdylar.
Degişli maglumat
Balkanabadyň sürüjilik mekdebinde rugsatnama almagyň şertleri 'çylşyrymlaşdy'“Parahorlyk gaty çuň kök urýar”
“Bu saglyk kepilnamasy geçen ýyl 100 manada barabardy. Şeýlelik-de, sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmak geçen ýyl takmynan 150 manada barabar bolan bolsa, indi 2000-2500 manada deň bolýar. Ýurtda parahorlyk gaty çuň kök urýar” diýip, balkanabatly sürüji belledi.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) Balkanabat we Gyzylarbat şäherlerindäki hasaba alyş we synag bölümlerinden resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi. Gürrüňi edilýän täze talap barada IIM-niň websaýtynda hem haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.
Türkmenistanda awtoulagy dolandyrmak isleýän raýatlaryň sürüjilik şahadatnamasyny almakçy bolanda dürli kynçylyklara sezewar bolýandygy, hususan-da, zenanlar üçin mümkinçilikleriň örän çäklidigi we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň ýylsaýyn artýandygy barada Azatlygyň habarçylary ýygy-ýygydan maglumat berýärler.
Ýurduň käbir ýerlerinde zenanlaryň sürüjilik şahadatnamasyny almagy üçin olaryň 50 ýaşyny doldurmalydygynyň aýdylandygy barada habarçylarymyz 5-nji noýabrda habar berdiler.
Mundan başga-da, Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamalarynyň töweregindäki parahorlyk bilen bagly problema hem köpden bäri dowam edýär.
Emma bu meseleler, halkara guramalaryň ýyllyk hasabatlarynda dünýäde iň korrumpirlenen ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýän Türkmenistanyň resmileri we döwlet mediasy tarapyndan agzalmaýar.
Degişli maglumat
Türkmenistanda aýallaryň sürüjilik şahadatnama almagy kynlaşdyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.