Şu günler Balkan welaýatynda subsidirlenen bahadan mal etiniň we günebakar ýagynyň satylyp başlanmagyna garaşýan köp ýaşaýjy bu önümleri satyn almak üçin zerur bolan resminamalary alyp, öňünden taýýarlap goýýarlar.
Muňa “Aşgabatdan soň, ýurduň günbatar welaýatynda hem arzan etiň we günebakar ýagynyň satuwa çykaryljakdygy” barada ilat arasynda ýaýraýan gürrüňler sebäp bolýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy noýabrda Balkandan maglumat berdi.
“Arzan et geljekmiş diýen gürrüňler sebäpli adamlar Öý dolandyryş müdirliklerinden we arçynlyklardan kepilnamalary öňünden alyp, maşgalasy barada soralan ähli maglumatlary jemleýärler. Bu adamlaryň arasynda kepilnamany 20 manat para berip alanlar hem köp” diýip, ýagdaýlardan habarly Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda bazar bahasyndan birnäçe esse arzan nyrhdan satuwa çykarylýan azyk önümlerini, şol sanda sygyr etini we günebakar ýagyny satyn almak üçin ilatdan Öý dolandyryş müdirligi ýa-da arçynlyk tarapyndan berlen kepilnamany görkezmek talap edilýär.
Degişli maglumat
Balkanda ýene günebakar ýagy 'ýitdi'“Bu... kepilnama satmak söwdasyna meňzeýär”
Şol bir wagtda, habarçymyz döwlet dükanlarynyň tekjelerinde indi bir aý bäri peýda bolmaýan arzan etiň we ösümlik ýagynyň heniz-de satylyp başlanmazlygynyň köp ýaşaýjyda nägilelik döredýändigini aýdýar.
“Bu, köpräk et we ösümlik ýagyny satmaga däl-de, ýerli häkimligiň, Öý dolandyryş müdirliginiň kepilnama satmak söwdasyna meňzeýär” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýaşaýjylaryň ençemesi munuň sebäbini döwlet dükanlarynyň we Öý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleriniň “ýakyn wagtda arzan etiň we ýagyň gelmegine garaşylýandygyny” aýdýandygy bilen düşündirýär.
“Indi bolsa, heniz paýtagtdan we Ahal welaýatyndan artmaýandygyny, şol sebäpli onuň gelip ýetmesiniň kyn bolup durandygyny aýdýarlar” diýip, balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda söwda edarasyndan teswir alyp bilmedi.
Balkanyň Türkmenbaşy, Balkanabat şäherlerindäki döwlet dükanlarynda ilatyň gündelik ýagdaýda ulanýan günebakar ýagynyň satuwy mundan bir aý çemesi ozal bes edildi. Şonda bir litr günebakar ýagy 25 manatdan satylypdy.
Ýerli ýaşaýjylar daşary ýurtlardan getirilen ýaglaryň, şeýle-de ýerli zeýtun ýaglaryň we ýarym litri 200 manat bahalanýan künji ýagyň satuwda bardygyny hem aýdýarlar.
“Ýöne köp maşgalanyň bu bahadan ýag satyn almaga puly ýok” diýip, balkanabatly ýaşaýjy belledi.
Sygyr eti 185-220 manat bahalanýar
Sebitde arzan et, Azatlyga elýeterli bolan maglumatlara görä, soňky gezek sentýabryň ahyrynda satuwa çykaryldy. Şonda ilat 20 manatdan satylan 700 gram çemesi bolan towuk budunyň ýany bilen 29 manada rezin şypbyk satyn almaga hem mejbur edilipdi.
Habarçymyz häzirki wagtda bazarlarda sygyr etiniň bir kilogramynyň 185 manada barabardygyny, ýöne ýagsyz, has gowurak hilli etiň 220 manat bahalanýandygyny aýtdy.
Degişli maglumat
Balkanda ilat çäkli möçberde satylýan towuk budunyň ýany bilen rezin şypbyk satyn almaga mejbur edilýärTürkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik we işleýän adamlaryň aýlyk gazançlarynyň pes bolmagy, köp adamyň daşary ýurtlardan import edilen azyk önümlerini, şeýle-de bazarlardaky ýerli mal etini satyn almaga maddy ýagdaýynyň bolmazlygyna getirdi. Köp hojalyk döwlet dükanlary tarapyndan subsidirlenen bahadan satuwa çykarylýan azyk harytlaryna garaşly bolup galýar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ne ykdysady kynçylyklar, ne-de ýurtdaky azyk meseleleri barada aç-açan gürrüň gozgap, maglumat berýärler.
Ýerli synçylaryň, şol sanda Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmen analitigi Aýnabat Ýaýlymowanyň sözlerin e görä, Türkmenistandaky azyk meseleleri hökümetiň ýalňyş maliýe syýasaty we ykdysadyýet ylmyna ters gelýän hereketleri bilen bagly.
Balkandan gelip gowşan soňky maglumatlar, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahadan, ýagny bazar bahasyndan tas dört esse arzan nyrhdan sygyr etiniň satuwa çykarylmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Habarçymyz 1 kilogramy 70 manatdan satylýan etiň söwdasyna polisiýa işgärleri tarapyndan berk gözegçilik edilýändigini aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.