Türkmenistanda azyk meseleleri, hususan-da ösümlik ýagy meselesi saklanyp galýar. Balkan sebitindäki habarçymyzyň 19-njy oktýabrda iberen maglumatyna görä, sebitiň Türkmenbaşy, Balkanabat şäherlerinde ilatyň gündelik ýagdaýda ulanýan günebakar ýagy söwda tekjelerinden ‘doly ýitirim boldy’.
Azatlyk geçen aý Ahalda we Maryda hem günebakar ýagyny tapmagyň kynlaşýandygyny habar beripdi.
“Dek düýn bir litrlik plastik gapdaky günebakar ýagyny 20 manada aldym. Şu gün irden eýýäm 25 manat diýýärler. Ertir 30 manat bolmaly diýýänler bar” diýip, Ahalyň bazarlarynyň birinden ýag satyn alan ýaşaýjy 14-nji sentýabrda habarçymyza aýtdy.
Balkandan gelen täzehabara görä, günebakar ýagy bir hepdä golaý umuman ýok, döwlet dükanlaryna ýag sorap gelýän adamlar nägile bolup gidýärler.
Çeşmäniň sözlerine görä, günebakar ýagy söwda tekjelerinden doly ýitirim boldy, bu ýagdaý geçen hepdäniň 1-nji gününden bäri dowam edýär.
Adamlar ýok ýagyň nobatynda 'ýakalaşýar'
“Türkmenbaşynyň Kenar bazarynyň golaýynda ýerleşýän döwlet dükanyna gelip, ýag almak üçin nobata durýan adamlar indi dört gün bäri boş gaýdýar. Her gün ýüzlerçe ýaşaýjy ýok ýag üçin nobata durýar. Emma diňe ösümlik ýagy däl, pagta çigidinden alynýan ýerli ýag hem ýok” diýip, bir ýaşaýjy adamlaryň paýok görnüşinde satuwa çykaryljak ýaga umyt baglap gelýändigini nygtady.
Türkmenistandaky azyk meseleleri ýurtda giň ýaýran işsizlik we işleýän adamlaryň aýlyk gazançlarynyň pes bolmagy, köp adamyň daşary ýurtlardan import edilen azyk önümlerini almaga maddy ýagdaýynyň bolmazlygy bilen has-da çylşyrymlaşýar diýip, synçylar aýdýar.
“Daşary ýurtlardan getirilen ýaglar, şeýle-de ýerli zeýtun ýaglary satuwda bar. Ýarym litri 200 manat satylýan künji ýagy hem satuwda bar. Ýöne köp maşgalanyň bu bahadan ýag satyn almaga puly ýok” diýip, bu habary ýene bir ýaşaýjy tassyklady.
Habarçymyz dükanlardaky mal ýaglarynyň hem bahalary bilen gyzyklandy.
“Sygyrlaryň iç ýagy, goýunlaryň guýruk ýagy hem köp adam üçin gaty gymmat. Etiň 1 kilogramy 180 manat, et gymmat bolansoň, mal ýagy hem gymmat” diýip, çeşme aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini aýdýarlar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda haryt elýeterliliginiň we baha durnuklylygynyň üpjün edilýändigini aýtdy.
Prezidentiň haryt, baha barada aýdýanlary 'ýalan çykýar'
Emma şol günüň ertesi, 24-nji sentýabrda Marydan gowşan habara görä, döwlet dükanlarynda günebakar ýagy, towuk budy çäkli möçberde satylsa-da, hususy dükanlarda we bazarlarda günebakar ýagy tapmak kyn, towuk buduny aljak bolýanlar bolsa ir säherden nobata durýar.
Azatlygyň habarçysy biraz soň Marydaky azlyk ýagdaýynyň birneme gowulaşandygyny habar berdi.
Aýdylmagyna görä, döwlet dükanlarynda her hojalyga bir litr günebakar ýagy 26 manatdan, bir kilogram towuk budy 30 manatdan berilýär. Hususy dükanlarda towuk budunyň kilogramy 40 manatdan satylýar.
Azatlyga gelip gowuşýan maglumatlara görä, azyk, şol sanda et-ýag ýetmezçiliginiň çuňlaşmagy gowy mallaryň etiniň we ýagynyň, hökümet goldawyndan peýdalanýan telekeçileriň gowy pul ýasamaklary üçin, daşary ýurtlara satylmagy bilen bagly.
Ýerli synçylaryň, şol sanda Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmen analitigi Aýnabat Ýaýlymowanyň sözlerin e görä, Türkmenistandaky azyk meseleleri hökümetiň ýalňyş maliýe syýasaty we ykdysadyýet ylmyna ters gelýän hereketleri bilen bagly.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýaşaýjylaryň käbiri ýurtda ýag, et, towuk budy ýaly azyk önümleriniň gytçylygynyň sebäbine düşünip bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Habarçylarymyzyň ýazmagyna görä, şu ýyl azyk bahasy öňki ýyllaryň degişli döwrüne garanda has gymmatlady.
Hünärmenler hökümeti 'günäkärleýär'
Gök, bakja önümleri gymmat, pomidor bahasy 20 manatdan aşak düşmedi, käşir 15 manat, geçen ýyl şu wagtlar pomidor 5, käşir 3 manatdan satylýardy. Ýerlama, kartoşka, sogan bahalary hem hasyl ýygnalýan döwründe aşaklamady. Etiň kilogramy 220 manada çenli ýokarlandy diýip, habarçymyz aýtdy.
Anonimlik şertinde gürleşen bilermenler, maldarlar häkimiýetleriň emele gelen ýagdaýa wagtynda we dogry, töwerekleýin baha bermekde ‘agsaýandygyny’ aýdýarlar.
“Hökümet daýhanlara gök, bakja ekinleri, ot-iým üçin ýer böleklerini bölüp bermek meselesinde agsady, gijä galdy” diýip, oba hojalyk hünärmeni aýtdy.
Söwda hünärmeni bazary, bahalary ‘günäkärlemegiň’ peýdasyzdygyny öňe sürdi.
“Bahalarda günä ýok, asyl problema döwletiň adamlara aşa az zähmet hakyny, pensiýa tölegini etmeginde. Sebitdäki goňşy ýurtlara deňäniňde, azyk bahalary deňeçer, ýöne olarda zähmet haky ýokary, bizde aşa pes, problema şunda” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, daýhanlar mineral döküne, tehnika, tohuma, suwa pul töläp, zähmet çekip, wagt ýitirip, öndüren önümlerini adamlara mugt ýa zyýanyna berip bilmeýär.
“Döwlet meseläniň beýleki tarapyny öwrenip, terezini dogrulamaly” diýip, söwda işgäri aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlar ilat köpçüliginiň häzirki hökümetden närazydygyny, iki adamyň başy birikse “aýlyk, günlük az, bahalar gymmat” diýiň gürrüň edilýändigini aýdýarlar.
“Ilat gelýän pullary hökümetdäki adamlar ogurlaýar diýen pikirde, gymmat samalýotlar, wertalýotlar, mersedesli kaşaň durmuş, geçirilýän netijesiz sammitler halky gedaý goýdy” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Azyk wadasy näme üçin ýerine ýetirilmeýär?
“22 manatlyk ýag pulumyza tapdyrmaýar, pagta ýagy-da ýok. Biziň häkimlik we döwlet, hökümet hiç hili düşündiriş bermeýär. Adamlar her gün ýok ýagyň nobatynda ýakalaşmaga, ýumruklaşmaga çenli baryp ýetýärler” diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýtdy.
Türkmenistan günebakar ýagy, guş eti we beýleki azyk meselelerini çözmegi ençeme gezek wada berdi, emma importyň ornuny tutýan önümleri köpeltmek, önüm öndürijiler üçin amatly şertleri döretmek barada edilen gürrüňler, azyk howpsuzlygy baradaky kanun 'kagyz ýüzünde galýar' diýip, anonimlik şertinde gürleşen synçy aýtdy.
Synçylar ýurtdaky azyk bahalarynyň soňky onýyllykda yzygiderli ýokarlanýandygyny, bu ýagdaýyň sosial deňsizligiň has hem çuňlaşmagyna, ilatyň barha beter garyp düşmegine getirendigini öňe sürýärler.
Emma Türkmenistan ilatyň aglaba köpçüliginiň ýyl-ýyldan garyp düşýändigi hakynda aýdylýanlary inkär edýär we, adamlaryň durmuş şertleriniň gowulanandygyny öňe sürüp, şu ýyl işleýän adamlaryň aýlyklaryny, pensiýa we kömek, çaga pullaryny 10% ýokarlandyrmak praktikasyny hem bes etdi.
Türkmen häkimiýetleri azyk ýetmezçiligi, ilatyň garyp düşmeginiň sebäpleri, önüm öndürijileriň öňünde döredilýän emeli päsgelçilikler barada aýdylýanlara resmi düşündiriş bermeýärler.
Döwlet eýeçilgindäki metbugat ýurt ykdysadyýetiniň 'bedew bady bilen ösýändigi' baradaky wagyzlaryny dowam etdirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum