Türkmen goşunyndaky esger, harby gullukçy ýetmezçiligi sebäpli döreýän meseleler ilat arasynda, hususan-da esger ene-atalarynda döreýän nägilelikleri güýçlendirýär diýip, çeşmeler habar berýär. Şu aralykda Balkan welaýatyndaky deňiz we gury ýer goşunlarynda gulluk edýän esgerleriň, iki ýyllyk harby gulluk möhletleri dolan hem bolsa, öýlerine goýberilmeýändigi belli boldy.
Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen çeşme gulluk möhleti dolan esgerleriň öýlerine 12-nji dekabrdan soň goýberilmek ähtimallygyny öňe sürýär.
'Esger ýetmezçiligi ýiti, täze gelenler 'taýýar däl'
Balkanabatdaky we Türkmenbaşydaky harby bölümlerde işleýän serkerdeleriň anonimlik şertinde tassyklamagyna görä, esger ýetmezçiligi ýiti bolup, möhleti dolan esgerler güýzki çagyryşda gelen esgerleriň karantin möhletiniň tamamlanmagy, olaryň harby kasam kabul edip, içerki nobatçylyk düzgünlerini öwrenmegi üçin saklanylýar.
Degişli maglumat
Esger eneleri prezidentiň 'pagta sütemine' göz ýummazlygyny soraýarDürli ýyllarda gulluk eden öňki esgerleriň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, türkmen goşunyndaky şertler ‘gaty agyr we, oglanlar demble günlerini sanap garaşýarlar’.
“Esger sany azalmagy sebäpli, harby flotlar ýylda bir sapar esger almak nobaty ýetýär. Bu ýagdaý harbylaryň kyn işini has-da kynlaşdyrýar. Harby deňiz gämilerinden baş çykarýan esgerleri taýýarlamak üçin wagt gerek. Şol sebäpden, möhleti dolan esgerleri wagtyndan bir, iki aý köp saklamaly bolýar” diýip, harby hünärmen aýtdy.
Onuň sözlerine görä, goşundaky ‘dedowşina’, agalyk medeniýeti ýaş esgerleriň 12 aýlap kemsidilmegine we özlerine degişli harby hünärleri wagtynda gowy öwrenip bilmezligine sebäp bolýar.
“12 aý ‘maladoý duh’ bolup gezensoň, hiç zat ynanylmansoň, ýaş esgerler öz üstlerine düşýän jogapkärçilikleri gowy bilmeýär. Esgerler gowşak, watan goragyny ynanyp boljak esger gaty az. 2 ýyl gulluk eden esgerler ‘wagtymyz boldy’ diýip, Marydan, Ahaldan, Lebapdan ene- atalaryny çagyryp, serkerdeler bilen gürleşip, özlerini alyp gitmeklerini soraýarlar” diýip, bu ýagdaýy ýene bir hünärmen tassyk etdi.
Ministrlikde tanşyň bolsa...
Onuň sözlerine görä, serkerdeler Goranmak ministrliginiň berýän buýruklaryny ýerine ýetirýärler. Ýöne, ministrligiň buýruklary hemişe hemme esgere degişli bolmaýar.
“Ministrlikde tanşy bolan adamlaryň çagalary noýabryň başynda gullukdan boşap, öýlerine gaýtdylar. Gündogdyýew deňiz goşunlaryny halamaýar. Hemişe bahana gözläp, harbylary ruhy taýdan basmaga çalyşýar. Şu sebäpden deňiz flotunda işleýän ofiserleriň tas 60 göterimi işlerini taşlap, gaçyp gitdi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran harby aýtdy.
Azatlyk bu aýdylýanlary resmi ýagdaýda tassykladyp bilmeýär.
Şol bir wagtda, Balkan sebitindäki harbylaryň birnäçesi ýakynda goranmak ministriniň täzelenmek ähtimallygyna garaşylýandygyny öňe sürdi.
“Belki, täze ministr harby deňizçilere ala göz bilen seretmez, ýogsam işlejek adam galmaz flotda. Harbylaryň arasynda Gündogdyýew Janga, Garabogaz flotlaryny ýapyp, olary Garşydaky flota goşup, Jangadaky kazarmalary ýykyp, hususy taraplara satmakçy bolýar diýen gürrüňler edilýär” diýip, hünärmen aýtdy.
Degişli maglumat
Ene-atalar: Oglumyzy gullukda eklemek üçin günde 150 manada çenli ibermeli bolýarysOnuň sözlerine görä, Gyzylarbatda, Bereket, Esenguly etraplarynda ýerleşýän harby bölümleriň ençemesi ýapylyp, birikdirilip, olaryň ilatly nokatlardaky binalary, ýerleri hususy taraplara satyldy.
Azatlyk bu aýdylýanlar barada hem resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Aýry-aýrylykda gürleşilen harby hünärmenler harby bölümleriň ýapylmagynyň ýa birikdirilmeginiň esasy sebäbiniň esger sanlarynyň dowamly azalmagy bilen baglydygyny öňe sürýärler.
Kazarmalaryň 50 göteriminiň boş durandygy aýdylýar
Adynyň aýdylmazlygyny soran serkerdäniň hasaplamalaryna görä, ‘esger sany az bolansoň, kazarmalaryň 50 göterimi boş dur’.
“Harby bölümleri ýapyp, beýleki harby bölümlere goşmak ýaly pully göçümler kän edilýär” diýip, hünärmen ýurt boýunça ýapylan ýa birikdirilen harby bölümleriň anyk sanyny bilmeýändigini, ýöne muny azyndan 30 göterim diýip çaklaýandygyny aýtdy.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen esgerler hossarlarynyň iberýän pullary bolmasa, aç bolýandyklaryny, derman, bejergi çykdajylarynyň hem ene-atanyň boýnunadygyny aýtdylar.
Balkana oglunyň yzyndan gelen eneleriň biri adamlaryň esger ogullaryny bir gün öň boşadyp bilseler hem gaty begenjekdiklerini aýtdy.
Ýurt içindäki we daşyndaky synçylar, hünärmenler Türkmenistanyň soňky ýyllarda barha çuňlaşýan demografiýa meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, ýurtdaky ykdysady çökgünligiň we agyr işsizligiň, şol sanda bilim pudagyndaky korrupsiýanyň barha köp raýatyň daşary ýurtlara çykmagyna we yzyna gelmezligine sebäp bolýandygyny öňe sürýärler.
Türkmen goşunyndaky agyr ýagdaýlar 2007-nji ýyldan soň, Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen biraz gowulandy we, hökümet baştutany harby bölümlere baryp, esgerleriň we serkerdeleriň durmuş şertleriniň gowulanýandygyny görkezmäge çalyşdy.
Degişli maglumat
Harbylaryň açan dellekanalary iş ýerleriniň ýapylmagyna, işsizleriň köpelmegine getirýärÝöne soňy bilen, hususan-da Serdar Berdimuhamedow president bolaly bäri, türkmen goşunyndaky ýagdaýyň has çylşyrymlaşandygy, döwlet baştutanynyň ene-atalaryň we esgerleriň, şol sanda harby serkerdeleriň daşary ýurt metbugatyna, sosial ulgamlara syzdyrýan maglumatlary bilen kän gyzyklanmaýandygy öňe sürülýär.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada ne prezident edarasyndan, ne-de Goranmak ministrliginden resmi maglumat alyp bilýär.
Türkmen metbugaty, hususan-da harby neşirler barha ýitileşýändigi aýdylýan esger meselesi barada hiç bir maglumat bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.