Döwletiň gallaçylar bilen hasaplaşyk döwri golaýlady, bankomatlar 'pulsyz', pensiýalar gijikdirilýär

Adamlar pul çekmek üçin bankomatyň daşyndaky nobatda dur. Türkmenistan (arhiw suraty).

Balkan welaýatynyň dürli künjeklerinde şu günler pensionerler we maýyplar puluny alyp bilmän kösenýärler. Bankomatlarda ýene-de nagt pul ýetmezçiligi güýçlendi, käbirleriň pensiýalary heniz hasaplaryna geçirilmändir.

Günbatar welaýatda şu aýda garrylaryň, maýyplaryň we çagalara berilýän kömek pullarynyň gijikdirilendigini Azatlygyň sebitdäki habarçysy we çeşmeleriň birnäçesi 8-nji iýunda habar berdi.

Olaryň görä, şu günler pensiýa, maýyplygy we çagalar üçin döwlet kömek pullarynyň gijikdirilmegi bilen bagly ýagdaýlar Balkan welaýatynyň ençeme ýerinde, şol sanda Balkanabat şäherinde, Bereket we Esenguly etraplarynda ýüze çykypdyr.

Degişli maglumat

Bankomatlardaky nagt ýetmezçiliginiň fonunda dermanhanalaryň ençemesinde nagt däl tölegler kabul edilmeýär

Çeşmeleriň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler munuň sebäbini resmi taýdan düşündirmeýärler. Emma käbir etraplarda häkimlik wekilleriniň we bank işgärleriniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, pensiýalaryň we kömek pullarynyň gijikdirilmegi daýhanlar bilen tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyga pul serişdeleriniň ýetmezçiligi bilen bagly.

Näme üçin gijikdirilýär

"Balkan welaýatynda häkimiýetler üstümizdäki aý gallaçy daýhanlar we mehanizatorlar bilen hasaplaşmaly. Wagtynda hasaplaşmagy göz öňünde tutýan ýerli häkimlik pensionerleriň we maýyplaryň pullaryny wagtynda geçirmeýär. Sebäbi býujetden ýeterlik pul berilmeýär" diýip, etrap häkimlikleriniň birindäki balkanly çeşme aýdýar.

Pensiýalaryň gijikdirilmegi oba hojalyk möwsümi, hususan-da, bugdaý oragy bilen bagly diýip, ýene bir çeşme aýdýar.

Welaýatyň "Daýhanbank" we "Halkbank" şahamçalarynyň birnäçe hünärmeni ýurtdaky galla kampaniýasyna gabat ýygym kassalaryna gelýän puly artdyrmak tabşyrylypdyr.

"Bize jerimeleri, gaz, tok, suw we beýleki kommunal tölegler üçin adamlardan pul ýygnamak we ýol polisiýasyndan gelýän jerimeleri toplap saklamak talap edilýär" diýip, bank işgäri aýtdy. Ol kassalarda pul ýetmezçiliginiň saklanýandygyny belläp, daýhanlar bilen hasaplaşmaly bolan döwürde ozalky ýyllarda hem ýeterlik puluň bolmandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu iki bankdan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi. Balkan welaýatynyň häkimliginden teswir almak synanyşyklar hem netije bermedi. Bu döwlet edaralarynyň websaýtlarynda görkezilen telefon nomerlere edilen jaňlara jogap berilmedi.

Balkanda bugdaý ýygym kampaniýasy resmi taýdan 10-njy iýunda başlanar, emma sebitde galla oragy maý aýynyň ikinji ýarymyndan bäri alnyp barylýar.

'Daýhanlara berlen wada berjaý edilmeýär'

Bu aralykda daýhanlar hem özleri bilen hasaplaşykdaky bökdençlikler barada habar berýärler.

Bereket we Magtymguly etraplarynyň daýhanlary mundan 20 gün ozal döwlete tabşyran pile hasyllary üçin döwletiň hasaplaşyk we wada beren un, çörek, künjarany döwlet bahasyndan bermek wadalarynyň ýerine ýetirilmändigini aýdyp, şikaýat etdiler diýip, habarçymyz belleýär.

"Ýetişdiren pile hasylymyz üçin 23,5 manatdan tölenýär. Bu satyn alyş nyrhy örän ujypsyz. Bir kilogram etiň bahasy 200 manada ýetende döwletimizde ýetişdiren ýüpege 20 manat tölenmegi bizi agyr güne salýar. Iň bolmanda bir kilogram et bilen deň bahadan ýetişdiren ýüpegimizi satyn alsalar daýhanlar hem et satyn alyp iýerdi" diýip, balkanly kärendeçi aýtdy.

Degişli maglumat

Pul nagtlaşdyrmak 'uly mesele', bankomatlar döwlete işgärlerden 'has gymmat düşýär'

Raýatlaryň pensiýalary häzirkisi ýaly geçen ýylyň tomsunda hem gijikdirilipdi. Bu ýagdaý diňe Balkanda däl, eýsem beýleki welaýatlarda hem ýüze çykypdy.

Bu aralykda şu günler Balkanyň bankomatlaryň ençemesi işlemeýär, işleýän bankomatlarda hem pul bolmaýar diýip, habarçymyz 8-nji iýunda habar berdi.

Bankomatlaryň köpüsiniň işlemezligi we olarda puluň bolmazlygy ýaly ýagdaýlar soňky birnäçe aý bäri gaýtalanýar. Bu aralykda töleg terminallary hem işlemän galýar, nagt däl tölegleriň kabul edilmeýän pursatlary bolýar. Bu, ýagdaýda ýaşaýjylaryň hem satyn alyjylyk ukyby, hem-de töleglerini wagtynda geçirmek mümkinçiligi çäklenýär.

Şeýle problemalar we sebäpleri döwlet mediasynda gozgalmaýar.

Degişli maglumat

Marynyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi ýitileşýär, töleg terminallary işlemeýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.