Türkmenistanyň harby bölümleriniň birnäçesinde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän esgerleriň ençemesi harby gullukdaky arassaçylyk şertleriniň, azyk we suw üpjünçiliginiň ýaramazdygyny aýdýar. Bu barada anonimlik şertinde maglumat beren esgerleriň ene-atalary ogullaryny “harby gullukda eklemek üçin” günde 50-150 manat aralygynda pul ibermeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesi ogul perzentleriniň harby gulluga alnyp, harby bölümlere eltilenden sanlyja gün soň jaň edip başlandygyny gürrüň berdi.
“Oglum harby bölümde iýmitiň hiliniň juda ýaramazdygyny, olaryň ýagsyz we tagamsyz, şeýle-de örän az möçberde berilýändigini, egin-eşikleriň, arassaçylyk serişdeleriniň tas ýokdugyny, hususan-da, ýiti suw ýetmezçiliginiň uly meseledigini aýtdy. Kähalatlarda bir hepdeläp suwuň asla bolmaýandygyny, ulag çeleklerde getirilýän suwuň harby bölümiň suw talabyny berjaý edip bilmeýändigini aýtdy” diýip, balkanly ene anonimlik şertinde aýtdy.
Maryly we lebaply eneleriň birnäçesi hem, esger ogullaryna salgylanyp, harby bölümlerde arassaçylyk şertleriniň we suw üpjünçiliginiň ýaramazlygy zerarly ýatakhanalarda gan sorujy mör-möjekleriň ýaýrandygyny gürrüň berdi.
Degişli maglumat
Pagta ýygymyna çekilen esgerlere 50 kilogramlyk borçnama goýulýar“Hökümet harby gullukda oglumyzy ekläp saklamaly dälmi?!”
“Gulluga ýaňy ýakynda başlan oglum esgerleriň köpüsiniň aýak barmaklarynyň arasynda kömelek keseliniň, şeýle-de teninde gijilewük keseleriniň hem giň ýaýrandygyny we özüne hem ýokuşmagyndan alada edýändigini aýtdy” diýip, maryly ene anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, Azatlykda gürrüňi edilýän harby bölümleriň atlary we ýerleşýän ýerleri barada anyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýa söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Şeýle-de, söhbetdeşlerimiziň arasynda çagalary bahar aýlarynda, şeýle-de oktýabr aýynyň başynda çagyryş boýunça harby gullugyna başlan esgerleriň ene-atalary bar.
Ene-atalaryň sözlerine görä, olaryň esger ogullary gulluga başlan ilkinji günlerinden bäri arassaçylyk serişdelerini we suw satyn almak üçin her gün 50-150 manat aralygynda pul ibermegi haýyş edýärler.
“Oglum öýde wagty bizden munça pul soramazdy. Häzir kakasy bilen men başardygymyzdan, her gün bolmasa-da, günaşadan 50 manat iberjek bolýarys. Ýöne bizde günde şeýle soraglar döreýär: Oglumyzy Watan goragyna taýýarlaýan hökümet harby gullukda ony ekläp saklamaly dälmi?! Biz iki ýyl nädip her gün 50 manat ibereli?! Bu biziň bizimiziň tas bir aýlygy bolýar” diýip, lebaply ene anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerden, şol sanda gürrüňi edilen harby bölümlerden, harby wekillerinden resmi teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerine degişli harby bölümlerdäki ýagdaýlar baradaky nobatdaky maglumatlar, ýurtda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleri harby gullukdan boşatmagyň we raýatlaryň harby gulluga çagyrylyşynyň güýzki möwsüminiň dowam edýän mahalyna gabat geldi. Bu çäre oktýabr-dekabr aýlaryny öz içine alýar. Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky permana 17-nji sentýabrda gol goýdy.
Degişli maglumat
Öňki esgerler: Türkmen goşunynda zorluk, toparlanyşyk ýitileşýär“Teninde ýaralaryň döräp başlandygyny”
Ýurduň harby bölümlerindäki agyr şertler, şol sanda azyk we suw üpjünçiliginiň, arassaçylyk şertleriniň ýaramazdygy barada türkmenistanlylar, şol sanda öňki esgerler, harby ofiserler we ene-atalar yzygiderli habar berip gelýärler.
Geçen aýyň ahyrynda Ahal welaýatynyň pagta meýdanlaryna ýatymlyk ugradylan esgeriň hossary oglunyň şahsy arassaçylygyny berjaý etmekde, şol sanda eşiklerini wagtynda ýuwmakda kynçylyk çekýändigini aýtdy. Şonda söhbetdeş oglunyň teninde ýaralaryň döräp başlandygyny hem belläp, muny arassaçylyk şertleriniň ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrdy
Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde dedowşina, agalyk praktikasynyň saklanyp galýandygy, esgerleriň eden-etdiliklere, parahorluga, zorluga, şol sanda ýenjilmelere sezewar edilmegi bilen wakalaryň köp bolýandygy barada hem, harby ofiserler we öňki esgerler ýygy-ýygydan habar berýärler.
Türkmenistanda gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede bolmagy ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri, şol sanda harby resmileri öz çykyşlarynda goşundaky problemalary agzamaýarlar.
Ýurduň harbylaryna, şol sanda esgerlere degişli maglumatlary çap edýän “Milli goşun” web sahypasynda hem bu ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýdylmaýar.
Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Ýurduň kanunçylygy çagyryşa degişli raýatlar üçin alternatiw raýat gullugy mümkinçiligini hödürlemeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.