Eýrandan gelýän ulaglaryň uzak saklanmagy bazar nyrhlaryna 'täsir edýär'

Artyk geçelgäsindäki ýük ulaglarynyň nobaty.

Türkmenistanyň günorta goňşusyndan, Eýrandan gelýän ýük ulaglary Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Artyk gümrükhanasynda azyndan bir hepdä golaý nobata durmaly bolýarlar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Harytlaryň serhetde uzak eglenmegi, bir tarapdan yssy howadaky zaýaçylyga sebäp bolsa, ikinji tarapdan, bazarlarda üsti wagtly-wagtynda ýetirilmeýän harytlaryň nyrhynyň gymmatlamagyna getirýär.

Bazarlarda Eýrandan gelýän azyk harytlarynyň bahasy ortaça 10, 15 göterim ýökarlandy we gymmatlaýyş ýuwaş-ýuwaşdan dowam edýär diýip, ýerli çeşme aýtdy.

Habarçylarymyz we çeşmeler ýurduň serhet geçelgelerinde döreýän düşnüksiz bökdençlikler hakynda ozalam habar beripdiler we, aýdylmagyna görä, Artyk gümrükhanasyndaky ýagdaý serhetde ýüzlerçe ulagyň toplanmagyna getiripdir.

Azatlyk rugsada garaşýan ulaglaryň näçe göteriminiň Türkmenistandan yzyna dolanjakdygyny ýa-da üstaşyr geçjekdigini anyklap bilmedi.

Maglumat ýapyklygy ulaglaryň saklanmagynyň sebäbini 'gizleýär'

Türkmenistandaky maglumat ýapyklygy Eýrandan gelýän ulaglaryň serhetde saklanmagynyň mümkin bolan sebäpleri barada resmi düşündiriş almaga ýol bermeýär.

Degişli maglumat

Ýurduň açylmagy, ulag gatnawlary, wiza hakynda 'gürrüň edýän köpelýär'


Ýerli synçylaryň käbiri bu bökdençligi Eýran Yslam Respublikasynda dörän çylşyrymly ýagdaýlar, ABŞ we Ysraýyl tarapyndan başlanan harby çäreler bilen baglanyşdyrýar we türkmen häkimiýetleriniň bu ýurt bilen aradaky gatnaşygy öňküsi ýaly saklamakdan belli bir derejede ätiýaç edýän bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.

“Eýran yslam respublikasynda dörän dartgynly ýagdaý, Türkmenistanyň hökümetiniň ýöredýän ikiýüzli syýasaty ýük daşaýan ulaglaryň ýurt çägine girmeginde we üstaşyr geçmeginde ulag sürüjilerini örän kyn ýagdaýa düşürýär. Türkmenistanyň hökümeti birdenkä ulaglaryň öz serhedinden geçmegine rugsat berse, ertesi güni [muny] gadagan edip, ýük ulaglarynyň serhet geçelgesinde uzynlygy on, on bäş kilometre ýetýän nobat döretmegine sebäp bolýar” diýip, ýerli hünärmen öz pikirini aýtdy.

Emma muňa garamazdan, resmi metbugatdaky habarlar, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda goňşy ýurda eden sapary we eýranly žurnalistler bilen geçiren söhbetdeşligi, galyberse, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlanyp geçirilen çäre iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda ýagdaýyň öňküligine galýandygyny yşarat edýär.

Türkmen bazarlaryndaky ýagdaý 'çylşyrymly'

Türkmenistan goňşy ýurtlardan gelip, ýurduň üstünden geçýän ýük ulaglary, olardan alýan resmi tölegleri, şeýle-de bu hyzmatyň ýerli ilat üçin döredýän iş, gazanç mümkinçilikleri, ýurda ýük getirýän ulaglaryň saklanmagynyň ýerli bazarlardaky harytlaryň nyrhlaryna ýetirýän täsirleri hakynda açyk maglumat bermeýär.

Ýurduň oba hojalygynda saklanyp galýan mejbury zähmet we yglan edilen oba hojalyk özgertmeleriniň netijesizligi, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilip bilinmezligi, synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistany daşary ýurtdan getirilýän önümlere barha kän garaşly edip goýýar.

Soňky aýlarda çykan metbugat habarlarynda Türkmenistanyň Orsýetden towuk etini, Özbegistandan sogan, Azerbaýjandan armyt ýaly önümleri import edýändigi, içerki bazarlaryň ýerli önümler bilen üpjün edilýändigi baradaky tekrarlamalaryň esasyzdygy ýene bir gezek belli boldy.

Degişli maglumat

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýakyn Gündogardaky ýagdaý 'örän ynjalykdan gaçyrýar' diýdi


Şol bir wagtda, bazarlarda saklanýan berk baha gözegçiligi, mejbury arzançylyk zerarly, Türkmenistanda öndürilýän et önümleriniň bir böleginiň bikanun ýagdaýda goňşy ýurtlata çykarylýandygy aýdyldýar.

Şu sebäpden, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ykdysatçynyň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleriniň ylalaşylan halkara düzgünleri esasynda amala aşyrylýan gatnaşyklara döredýän islendik päsgelçiligi ozaly Türkmenistana, hususan-da ilatyň azyk üpjünçiligine zyýan bolýar.

Türkmenistan Eýran harytlarynyň alyjysyna öwrüldi

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen söwda işgärleri Türkmenistanyň 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri, ähli azyk harytlary meselesinde, esasan Eýrana garaşly bolup galýandygyny aýdýarlar.

Diňe azyk harytlary däl, türkmen bazaryndaky köp önüm, hojalyk harytlary, dürli enjamlar, gurluşyk harytlary, gaty kän zat Eýrandan gelýär.

Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň hem köpüsi, düzümine seredilende, Eýranda öndürilen harytlara garaşly bolýar.

“Türkmenistanda öndürilýän buzgaýmak önümiň düzümine girýän, mesge ýagyna, ösümlik ýagyna, wanilin, şeker, gaýmak, limon turşusy ýaly goşundylar otuz ýyldan gowrak wagtdan bäri Eýrandan getirilýär” diýip, ýerli telekeçi aýtdy.

Hususy we döwlet kärhanalary tarapyndan öndürilýän dürli-dürli tagamly, şireli içgileriň düzümindäki goşundylaryň hem tas hemmesi Eýrandan eksport edilýär diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti bir zaman, azyk önümleri bilen bir hatarda, gurluşyk harytlarynyň hem ýurt içinde öndürilmelidigini aýdypdy. Emma bu gürrüňler netijesiz galdy diýip, gurluşyk hünärmeni aýtdy.

Degişli maglumat

Eýran urşy Merkezi Aziýa ykdysady tolkun atýar, esasy täsiri Türkmenistana düşýär


“Sement, şpatlewka, reňkler, gurluşyk enjamlary, ýeňil senagat önümleri, ýeňil ulaglar we şuňa meňzeş ähli ugurdaş harytlar Eýrandan eksport edilýär” diýip, ol soňky wagtlar, Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda ýitileşen dartgynlylygyň fonunda goňşy ýurt bilen aradaky ýagdaýyň üýtgeýändigini, belki-de, syýasy petigiň döremek ähtimallygynyň görünýändigini öňe sürdi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistan Eýranyň alyjysy bolup, şonyň bilen baglylykda, eýran býujetiniň “maýadaryna öwrüldi” we, bazarlaryndaky üpjünçiligi häzirki ýagdaýynda saklajak bolsa, özüne gelýän ýükleri geçirmeli bolar.

Ýöne ol Aşgabadyň Eýrandan gelýän ulaglary öz üstünden geçirmekden, Merkezi Aziýa ýurtlary, Russiýa Federasiýasy üçin geçelge bolmakdan howatyr edýän bolmagynyň ähtimaldygyny belledi.

Azatlygyň habarçylary golaýda aşa yssy howa, dowamly tok kesilmeleri ýa sowadyjylaryň doly güýjünde işläp bilmezligi zerarly zaýalanýan azyk önümleri, bazarlarda çekilýän zyýanlar barada habar berdiler. Emma häkimiýetler bu hili aladaly maglumatlatlara hiç bir düşündiriş bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.