Türkmenistanda ilaty gaz bilen üpjün etmek, gaz tölegleri we gazlaşdyrmak işlerini ýerine ýetirýän «Türkmengazüpjünçilik» edarasy işini bes edýär. Bu barada metbugatda çap edilen habarlar guramanyň müşderilerinde we işgärlerinde soraglary döretdi, bu kararyň anyk sebäbiniň düşündirilmezligi kesgitsizlik aladasyny güýçlendirdi.
«Türkmengazüpjünçilik» bileleşiginiň websaýtyndaky maglumatlara görä, ýakyn wagtda ýapyljak edara gaz bilen üpjün etmek, gazlaşdyrmak boýunça işleri ýerine ýetirmek, sarp edilen gaz üçin tölegleri hasaplamak, gaz hasaplaýjy enjamlary gurmak ýaly derwaýys işleri ýerine ýetirýär.
Türkmenistanyň döwlet metbugatynda çap edilen resmi bildirişde "Türkmengaz" döwlet konserniniň düzümindäki "Türkmengazüpjünçilik" birleşiginiň 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap öz işini bes etjekdigi aýyldy. Şeýle hem bildirişde ähli degişli taraplardan 30-njy iýuna çenli özara hasaplaşyklary doly geçirmek haýyş edilýändigi bellendi. Emma bu edaranyň ýapylmagynyň sebäpleri habarda anyklaşdyrylmady.
Munuň sebäplerini guramanyň özünden hem bilip bolmady. "Türkmengazüpjünçilik" birleşiginiň websaýtynda görkezilen telefon belgisine jaň edilende, Azatlyga edaranyň göçendigi we şol ýerde "Aşgabatgazüpjünçiligiň" ýerleşýändigi aýdyldy. Telefon jaňyna jogap beren işgär "Türkmengazüpjünçiligiň" ýapylmagynyň sebäpleri we onuň işiniň kime tabşyryljagy barada "habarym ýok" diýip aýtdy.
Degişli maglumat
Ahalda gazy, togy kesilýän mätäç maşgala köpelýärAzatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, "Türkmengazüpjünçilik" birleşiginiň düzümindäki edaralar welaýatlarda hem işleýär.
"Gündogar sebitde 'Lebapgazüpjünçilik' müdirligi ýaly ýerli edaralar hut şu birleşigiň düzüminde hereket edip, ilatyň öýlerine tebigy gaz üpjünçiligini alyp barýardy" diýip, Lebapdaky habarçy indi bu hyzmatlary kimiň ýerine ýetirjeginiň ýerli ilaty alada goýýandygyny belledi.
Bu aralykda Balkan welaýatynda şu günler ýerli gaz edarasynyň işgärleri hojalyklara aýlanyp, ilatdan gyssagly hasaplaşmagy talap edýärler.
"Gaz üpjünçilik edarasy ýapylýar diýip, şu günler Balkanabatda gaz edarasynyň işgärleri polisiýa işgärleri bilen bilelikde ähli kwartiralary we öýleri aýlanyp, gazdan bergisi bar ähli hojalyklardan pullary ýygnap ýörler" diýip, balkanly habarçymyz 15-nji maýda habar berdi.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gepleşen ýerli gaz üpjünçilik edarasynyň işgärleri "Türkmengazüpjünçilige" degişli ýerli bölüm ýapylansoň, onuň alyp barýan işiniň "Transgaz" edarasyna "ýüklenip, şäher we etrap gaz üpjünçilik edaralary doly ýapylar" diýip gürrüň berdiler. Olar öz ýolbaşçylarynyň "1-nji iýuna çenli doly hasaplaşyklary geçirmegi" talap edendigini gürrüň berdiler.
"Döwlet tarapyndan bu edaranyň işgärlerine başga iş hödürlenmedi. Her etrapda onlarça işgäri bolan gaz üpjünçilik edaralary öz işini ýitirensoň ýurt boýunça 2000-den köp gaz hünärmenleri, hasapçylary, sürüjiler we garawullar işsiz galmaly" diýip, gaz işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Balkanly gaz üpjünçilik edarasynyň hünärmenleri we ussalary lapykeç bolup, indi nädip maşgala eklemeli diýip aladalanýarlar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri özgerişligiň anyk sebäplerini, täze ulgamyň nähili işlejekdigini, hyzmatlaryň nädip üpjün etdiriljekdigini giňişleýin düşündirmedi. Kesgitsizligiň arasynda ýerli ýaşaýjylar dürli çaklamalary öňe sürýär.
“Soňky ýyllarda gaz bilen bagly meseleler onsuzam köpelipdi. Gyşda basyş peselýär, kä mahal düýbünden gaz kesilýär. Indi bolsa şu edarany ýapýarlar diýýärler. Onda ertir näme bolar? Halk kimiň gapysyny kakar?” diýip, Türkmenabat şäherinde ýaşaýan pensioner aýtdy.
Degişli maglumat
Maryda ýyladyşdaky bökdençlikler saklanýar, Garagum etrabynyň obasynda ilat odun ýakyp ýylynýarLebap welaýatynyň etraplaryna degişli gaz edaralarynyň işgärleriniň arasynda hem näbellilik aladasy güýçlenýär. Käbir işgärler täze gurluş dörediljekdigini çak etse, beýlekiler iş orunlarynyň gysgaldylmagyndan howatyrlanýarlar.
“Edaranyň içinde-de hiç kim doly maglumat alyp bilenok. ‘Täze sistema bolar’ diýýärler, ýöne nähili sistema, işgärleriň ykbaly näme bolar? Bize muny aýdýan ýok” diýip, gaz ulgamynda işleýän lebaply işgär anonimlik şertinde gürrüň berdi.
"Türkmengazüpjünçilik" birleşiginiň ýerine nähili gurluşyň dörediljekdigi we ilatyň gündelik gaz üpjünçiliginiň nähili dowam etdiriljekdigi barada häzir köpçüligi gyzyklandyrýan sowala resmi düşündirişleriň berilmezligi sosial torlarda we halk arasynda dürli myş-myşlaryň köpelmegine sebäp bolýar.
“Bizde bir zat üýtgese, öňünden düşündirmeýärler. Adamlar hem özbaşyna çak edýär. Kimdir biri ‘bahalar ýokarlanar’ diýýär, başga biri ‘gaz kart sistemasyna geçer’ diýýär. Şonuň üçin halkyň howsalasy artýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet edaralarynyň birleşdirilmegi, käbir ministrlikleriň ýa-da birleşikleriň ýatyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan bolup geçýär. Resmi taýdan bu çäreler “ulgamy kämilleşdirmek” ýa-da “dolandyryşy döwrebaplaşdyrmak” hökmünde görkezilýär. Emma ýaşaýjylar gaz üpjünçiliginiň örän gowşakdygyny bellemek bilen islendik özgerişligi hyzmatlaryň hili peseler diýen howatyrlanmalar bilen garşy alýarlar.
Degişli maglumat
Ýerli ýaşaýjylar köne gaz geçirijileriň täzelenmegini soraýar, gazyň basyşy pes bolmagynda galýarTürkmenabat şäherinden telekeçi gaz üpjünçiligindäki islendik näbelliligiň ilata ykdysady täsir ýetirýändigini belleýär: “Bizde köp adam öýde tamdyr gurýar, nahar bişirýär, ownuk önümçilik edýär. Gaz bir gün kesilse-de zyýan bolýar. Indi edaranyň ýapylýandygyny eşiden adamlar ‘ertir töleg nirede tölenýär?', 'Hyzmat kim tarapyndan üpjün ediler?’ diýip alada edýär”.
Lebaply ykdysady synçy ilatyň her bir üýtgeşikligi ykdysady kynçylyklar bilen baglanyşdyrmagy soňky ýyllarda döwlet býujetiniň gysylmagy, energiýa ulgamyndaky çykdajylarynyň artmagy we ilatyň tölegleriniň artdyrylmagy bilen bagly diýýär.
“Türkmenistanyň esasy baýlygy gaz hasaplanýar. Emma şol gaz bilen ilaty üpjün edýän ulgamyň ýatyrylmagy adamlara psihologik taýdan täsin täsir döredýär. Halk muny ‘ulgamda uly problemalar bar bolmaly’ diýip kabul edýär”.
Soňky ýyllarda Lebap, Balkan welaýatlarynda we ýurduň beýleki ýerlerinde, aýratynam obalarda gyş aýlarynda gaz basyşy peselip, ilat uzak wagtlap gazsyz galypdy. Käbir beýleki garaşsyz çeşmeler birnäçe gezek habar beripdi. Ýaşaýjylar sowuk günlerde gaz peçleri işlemänsoň, ne ýylanyp, ne-de nahar bişirip bilipdi.
Şol bir wagtda ýerli gaz edaralary tölegleri wagtynda geçirip bilmedik hojalyklaryň, şol sanda çagaly maşgalalaryň gaz üpjünçiligini kesdi.
Degişli maglumat
Marynyň käbir döwlet edara-kärhanalarynda iş orunlary kemeldilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.