Mary welaýatynyň gowaça meýdanlarynda çürtüm işleri başlandy, býujet edaralarynyň işgärlerinden hakyna tutuljak işçileriň gündelik tölegleri üçin pul ýygnalýar diýip, Azatlygyň habarçysy we çeşmeler habar berýärler. Synçylar oba hojalygynda saklanyp galýan köne dolandyryş usullarynyň jemgyýetiň wezipeli, başlyklar diýilýän gatlagy üçin peýdaly bolup, gününi zordan aýlaýan adamlarda köp sorag döredýändigini, olaryň bu ýagdaýdan örän nägiledigini aýdýarlar.
B habar häkimiýetleriň ýurtda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalandygy, kärendeçileriň şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli berjaý edilendigi barada beren habaryna gabat geldi.
Dowamly azyk, hususan-da un, çörek meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýan Türkmenistanda ýygnalan hasylyň hakyky möçberlerini anyklamak üçin žurnalist derňewini geçirmek mümkinçiligi ýok.
''Her işgär çürtüm üçin 70 manat bermeli'' diýdiler
''Mary welaýatyndaky býujet edaralarynyň her bir işgäri çürtüm üçin 70 manat bermeli. Her edara çürtüme gündelik 10 adam ugratmaly'' diýip, dilden berlen görkezmelerden habarly çeşme aýtdy.
Degişli maglumat
Balkanda okuwçylar, talyplar we mugallymlar gowaçany ýekelemek we otag işlerine çekilýärlerOnuň sözlerine görä, bu ýagdaý edara başlyklary üçin bir pursat bolýar, olar işgärlerden diňe çürtümçiler üçin däl, öz jübülerini galňatmak üçin hem pul almagy başarýarlar.
Synçylar ýurtda 'emeli ýagdaýda döredilen' işsizligiň, soňy görünmeýän ykdysady kynçylyklaryň býujet edaralarynyň işgärlerini öz ujypsyz aýlyklaryny hem meýletin ýagdaýda paýlaşmaga mejbur edýändigini aýdýarlar.
''Býujet edaralarynyň işgärleriniň özlerine salynýan bikanun salgyt barada dymmagy, raýatlaryň käbiri arz edende hem diňlenmejekdigi baradaky ynam edara ýolbaşçylaryny has-da arkaýyn edýär'' diýip, Awstriýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamow bu hili salgytlaryň arkasynda güýç gurluşlarynyň durýandygyny hem sözüne goşdy.
''Ýokardan her edara çürtüme 10 adam ugratmaly diýseler, başlyklar 'biz 15 adam ugratmaly bolduk' diýip, goşmaça 5 işçä tölenmeli puly günde öz jübülerine salýarlar'' diýip, maryly çeşme aýtdy.
Ýurt maglumat, garaşsyz derňew geçirmek üçin ýapyk bolansoň, Azatlyk bu praktikanyň ýaýrawyny anyklap bilmeýär. Ýöne, aýdylmagyna görä, öz jübi bähbitleri bolansoň, edara başlyklary gowaça çürtümi üçin adam toplamaga we olaryň wagtynda iş ýerinde bolmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşýärler.
Başlyk 'jogapkärçiligini ýokarlandyrýan pursat'
''Başlyklar işe adatdakylaryndan gaty ir gelip, hakyna tutulan işgärleri jemläp, ir sagat 6:00-da awtoulaglara mündürip, potrat ýerlerine ugradýarlar. Meniň bilýän edara başlyklarymyň hiç biri hakyna tutulan işgärleri işe ugratmagy başga hiç kime ynanmaýar'' diýip, ýerli hünärmen habarçymyz bilen anonim söhbetdeşlikde aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, çürtümden soň 'hä' diýmän pagta ýygymy başlanar we MHM-niň saýasynda 'işdäleri gowulanan' edara başlyklary hezil edip, ýene býujet işgärleriniň maşgala, çagalaryna siňdirmeli pullaryna 'el urarlar'.
''Başlyklar her ýyl öýlerini remont edýärler, täze jaý satyn, täze ulag alýanlary hem az däl, çagalaryny ýurduň gymmat okuw jaýlaryna salýarlar. Bu zatlar halal aýlykdan bolmaýar. Olar bu zatlary halkyň hakyny iýip edinýärler. Halk dymdygyça, bu ýagdaý ýyl-ýyldan beterleşýär'' diýip, maryly hünärmen öz pikirini aýtdy.
Degişli maglumat
Maryda mekdep okuwçylary ýüpek gurçugyny arassalamak işlerine köpçülikleýin çekilýärTürkmen pagtaçylygynda uzaga çeken mejbury zähmet, aýry-aýrylykda gürleşilen ýerli hünärmenleriň tassyklamagyna görä, diňe oba hojalygyndaky işçi güýçleriniň, adam eliniň görülmedik derejede azalmagyna getirmän, eýsem saglyk, bilim ugurlaryndaky işgärleriň hem azalmagyna getirýär.
Käbir saglyk öýlerinde 30-a derek 5-6 hünärmen galdy
''Hökümetiň alyp barýan oba hojalyk syýasaty sebäpli käbir saglyk edaralarynda 30 saglyk işgärine derek bäş hünärmeniň galmagyna getirdi, tas boşap galan lukmançylyk öýleri bar'' diýip, bir saglyk işgäri daşary ýurtlara giden saglyk işgärleriniň sanynyň gizlin saklanylýandygyny, olaryň ählisiniň halk puluna bilim alyp, indi daşary ýurtlulara hyzmat edýändigini, muňa türkmen ýolbaşçylarynyň günäkärdigini aýtdy.
Adynyň aýdylmazlygyny soran lukman, eger bilseler, adamlar hökümete işden çykyp, daşary ýurda gitmek bilen garşylyk bildirýärler.
''Türkmenistanda hökümet syýasatyna garşy açyk närazyçylyk bildirmek öz janyňa kast etmek bilen deň, gönümel ölüm garaşýar, özem gynap ýa-da dürli zäherler bilen öldürýärler. Onsoň, ýokarda, hökümet başynda oturanlara açyk protest bildireniňden, işiňi taşlap, daşary ýurtlara gitmek amatly görünýär. Dogrusy, halkyň köpçülikleýin migrasiýa gitmegi ýurt ykdysadyýetine has agyr zyýan getirýär, ýöne muňa düşünýän hökümet ýok'' diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Deňsizlik ýurduň 'gowşamagyna getirýär'
Onuň sözlerine görä, adamlaryň bir bölegi üçin bikanun baýamak şertleriniň döredilmegi ýurtdaky adalatsyzlyklary, deňsizligi has ulaldýar.
''Deňsizlik ýurduň gowşamagyna, ejiz bir hala düşmegine getirýär. Aslynda hökümet utýan diýip pikir edip biler, belki, şeýle pikir edýändirem, ýöne wagty geler, bilimli kadrlar azalyp, ýurt doly çöker, ýatyp iýene dag hem gutarypdyr'' diýip, saglyk işgäriniň pikiri bilem bilim işgäri hem ylalaşdy.
Adynyň aýdylmazlygyny soran pedagogyň pikiriçe, deňsizlik jemgyýetde özara duşmançylygyň köpelmegine eltýär, baý adamlar özara ýaryşyp ýaşaýar, garyplar gitdigiçe çökýär.
Degişli maglumat
Çolarýan obalar halkyň 'parahatçylykly protesti' bolup görünýär''Bu ýagdaý barha köp adamyň kyn ýagdaýa düşmegine, ezilmegine eltýär. Barly adamlaryň ähli gapysy açyk, olaryň her ýerde garyndaşy bar, garybyň barar ýaly gapysy ýok, başarsa daşary ýurda gitjek bolýar. Saglyk meselesi bolsun, bilim meselesi bolsun, hatda dükana çörek almaga baran adamlar hem gapjygyna seredilip kabul edilýär'' diýip, pedagog deňsizligiň daşyndan režimi has güýçli ýaly görkezýändigini hem sözüne goşdy.
Aýry-aýrylykda gürleşen adamlar ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň we az aýlyklaryň repressiýa bilen goşulyp, adamlary gürlemekden, pikir etmekden çekiner ýaly edendigini aýtdylar.
Halk gorky astynda, 'gürlemän ýaşamaga çalyşýar'
Halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda dünýäniň iň bir repressiw, ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda syýasy tussag, wyždan ýesiri hasaplanylýan adamlaryň sanyny bilmek kyn, ýerli synçylar il içinde ''Bir adam gürlese, şol bada ýygnalýar, ýitirim edilýär'' diýen pikiriň giň ýaýrandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda mejbury zähmetiň uzak taryhy bolup, pagtaçylyk bir tarapdan oba ýerlerinde, az gazançly işlerde işlemäge mejbur bolýan ene-atalaryň çagalary üçin goşmaça gazanç mümkinçiligini döretse, ikinji tarapdan, ýurt ilatynyň uly böleginiň garyplykda, sowatsyz saklanmagyna şert döretdi diýip, Nurmuhammet Hanamow aýtdy.
Degişli maglumat
El güýjüniň 'ýiti ýetmezçiligi' kärendeçileri umytdan gaçyrýarOzalky diplomatyň sözlerine görä, oba hojalygyndaky mejbury zähmet, döwletiň kesgitlän nyrhyndan pagta, bugdaý hasylyny tabşyryp, eklenç etmegiň barha kynlaşmagy on müňlerçe adamyň şäher ýerlerine, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmegine, oba ýerleriniň ilatynyň ýyl-ýyldan azalmagyna sebäp boldy.
Gulak asylmaýan çagyryşlar
Emma häkimiýetler ýurt ykdysadyýetine, azyk howpsuzlygyna uly zyýan ýetiren iş usulyny bes etmek baradaky çagyryşlary diňlemeýärler diýip, Hanamow aýtdy.
Resmi maglumata görä, Halkara Zähmet Guramasy (HZG) Ýewropa Bileleşigi (ÝB) we milli hyzmatdaşlar bilen birleşip, Türkmenistandaky ''mejbury zähmetiň öňüni almaga" çalyşýar.
Halkara Zähmet Guramasy tarapyndan 2026-njy ýyldan 2027-nji ýyla çenli, ÝB-niň maliýe goldawy bilen amala aşyryljak taslama, aýdylmagyna görä, çaga zähmetiniň ulanylmagyna we mejbury zähmetiň garşysyna göreşmegi, şeýle-de Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mynasyp zähmet şertleriniň döredilmegini nazarda tutýar.
Ol kanunçylyk binýadynyň täzelenmegine, halkara zähmet standartlarynyň tassyklanmagyna we ornaşdyrylmagyna, şeýle-de, zähmet hukuklarynyň bozulmalarynyň öňüni almak we olary aradan aýyrmak üçin edara mümkinçilikleriniň güýçlendirilmegine ýardam bermeli.
Emma Hanamow, Türkmenistandaky maglumat ýapyklygynyň bu hili taslamalaryň hakyky manysynda durmuşa geçirilmegine ýol bermeýändigini, muny soňky otuz ýylyň tejribeleriniň görkezme kemini goýmandygyny öňe sürýär.
Azatlyk ýurtda dowam edýän mejbury zähmet, ol ýa-da beýleki çäre üçin býujet işgärlerinden bikanun alynýan salgyt barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.