'Gije-gündiz ogurlyk bolýar'. Maryda ogurlyk köpelýär

Mary welaýaty (arhiw suraty).

Mary welaýatynyň merkezinde we çet obalarynda ýaşaýan çeşmeleriň birnäçesinden soňky hepdelerde gowşan maglumatlara görä, sebitde ogurlyk hadysalary görlüp eşidilmedik derejede köpelipdir. Ogrular gije-gündiziň dowamynda öýleri talap gidýärler, hatda ýaşaýjylaryň öýlerinde bolan wagtynda hem öýe gitmekden çekinmeýärler.

Baýramalyda we Garagum etrabynda hojalyklaryň öýleri talanýar, mal ýataklaryndaky mallar ýitýär, köpgatly jaýlaryň arasynda daşarda guratmak üçin serlen geýimler ogurlanýar. Dükanlarda azyk harytlary, spirtli içgiler, çilim ogurlanýar, kassadaky pul alnyp gidilýär.

"Häzirki gün ogurlyk köpelýär. Baýramaly etrabynyň geňeşliklerinde we oba ýerlerinde her gün yzygiderli ýaşaýjylaryň zatlary ogurlanýar. Hojalyklara gündiz we agşam aýlanýan adamlar köpelýär, gündizlerine gapyny kakman göni açyp öýüň içine girýärler" diýip, ýerli çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Ýaşaýjylar hatda öýlerinde bolanlarynda-da birden nätanyş adamlaryň içeri girenini bilip galýarlar.

Degişli maglumat

Maryda ýetginjekleriň toparlanyşyp ogurlyk etmek wakalary köpeldi, häkimiýetler polisiýa gözegçiligini artdyrdy

"Eger-de gapy gulply bolsa, onda kakyp we çekip açmakçy bolýarlar. Öýüň içine girse uly erkek adam barmy ýa-da diňe aýal maşgala bilen çagalar barmy şoňa göz gezdirip syn edýärler. Eger-de uly adam bar bolsa onda 'un bar, alsaňyz', ýa-da 'köne haryt satyn alýarys' diýip aýdýarlar" diýip, baýramalyly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Bu ýagdaýyň Mary welaýatynyň dürli künjeklerindäki ilatly ýerlere hem degişli.

'Gazçy, tokçy diýip gelýärler, soň goşlar ýitýär'

Şuňa meňzeş ýagdaýy gürrüň beren ýene bir ýaşaýjynyň sözlerine görä, soňky döwürde öýlere ussaçylyk edýändigini aýdyp, ýa-da özlerini gazçy, suwçy diýip tanadyp gelýän adam köpelipdir.

"Köne sowadyjy, gaz plita ýaly zatlary bejerýäris diýip aýdýarlar, bular käte iki bolup käte bir özleri hojalyklara aýlanyp töwerek daşyny synlaýarlar" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň sözlerine görä, käbirleri gazçy, elektrik-tokçy, ýangyn gullugynyň işgäri diýip özlerini tanadýarlar, olaryň arasynda şahadatnama görkezýänler hem bar.

"Emma olaryň ellerindäki kagyzyň galp bolup-bolmazlygyny barlap bolmaýar. Emma şeýle adamlaryň gelmeginden soň gije daşarda howluda duran hojalyk zatlary ýitýär" diýip, maryly çeşme gürrüň berdi we polisiýa edilen ýüzlenmeleriň netije bermeýändigini, ogurlyklaryň üstüniň köplenç açylmaýandygyny aýtdy.

Mal ogurlygy

"Dek düýn obamyň dört sany ýatagyndan mallar alnypdyr. Gije gelip, tanşym daýhanyň mal ýatagyndan bakyp oturan öküzini göni ýatagyň içinde soýup kellesini, aýaklaryny, derisini, garyn-içegesini we süňküni taşlap, diňe arassa etini alyp gidipdirler" diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.

Daýhan irden malyna ot-suw bermek üçin ýataga baranda malyň öldürilip etiniň alnyp gidilendigini görüpdir. "Görüp ýüregimden tutdy, men hiç zada el degirmän göni uçastkowyý polisiýa müdirligine bardym we bolşy ýaly gürrüň berdim" diýip, çeşme mal eýesini sitirleýär.

Maryda ogurlyk hadysalarynyň köpelýändigini sebitiň polisiýa işgärleri hem tassykladylar.

"Günde ençeme adam zadym ogurlandy diýip gelýär, işimiz gaty kän. Siz ogurlyk bolan ýerini el telefonyňyza wideo düşürip bir fleşka ýazdyryp bize getirip beriň diýip, ýaşaýjylara aýdýarys. Biz haýsy biriniň öýüne aýlanyp, bolan wakany yzarlaly, işimiz köp" diýip, maryly polisiýa işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň biri 2-nji oktýabrda öýüne ogry girip, polisiýa ýüz tutandygyny, emma şondan bäri kanun goraýjy işgärleriň öýüne barmandygyny 6-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Ýaşaýjylar öýlerini ogrudan goramak üçin özbaşdak gözegçilik çekmegi ýola goýandygyny gürrüň berdiler.

Degişli maglumat

Aşgabatda ogurlyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar

"Indi biz polisiýa bil baglaman obalarymyzyň ýetginjek ýaş oglanlary bilen bilelikde köçelerimize nobatçylyk çekip başladyk, gije ýatamzok, gündiz hem dürli işlerde işläp hojalyga çörek pul gazanmakçy bolýarys" diýip, oba ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan maryly çeşmeler ilatyň polisiýa işgärlerinden nägile bolýandygyny belleýärler. Olar adamlaryň öz howpsuzlygyna degişli ýagdaýlarda kanun goraýjylardan köplenç kömek alyp bilmeýändigini, polisiýa işgärleriniň esasy işiniň raýatlardan kemçilik gözläp, para almakdygyny aýdýarlar.

"Polisiýa işgärleri kim gözüne ilse, düzgün bozduň diýip, ýagny ýörite pyýada geçelgeden geçmediň, çilim çekdiň, nas atdyň, serhoş ýagdaýda tutuldyň diýip, raýatlardan para almak isleýär, emma olaryň etmeli işini zady ogurlanan hojalyklaryň özleri etmeli bolýar" diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.

Şol bir wagtda-da, ogurlyk wakalaryň arasynda polisiýanyň hasabynda duran öňki bendiler gaýta-gaýta soraga çekilýär we esassyz kemsidilýär

"Men öňki eden etmişim üçin iki ýyllap türmede oturyp, toba edip, päklenip çykdym diýsem-de, polisiýa 'aldama sen häzirem kimiň nämesini ogurlasam diýip ýörensiň' diýýärler. Polisiýa işgärleri öňki bendileriň düzelmegine ynamsyzlygy, 'olar täzeden ogurlyk edäýmeli' diýen düşünjäni özleri döredýärler" diýip, öňki bendi gürrüň berdi.

Degişli maglumat

Aşgabatda dükanlardan 'azyk ogurlap tutulýan ýaşlar köpelýär'

Ogurlyk hadysalary bilen bagly maglumatlar sosial mediada hem köp duş gelýär. Ogrynyň tutulan pursadyny görkezýän wideolar hem paýlaşylýar. Olaryň arasynda ogurlykda tutuldy diýlen adamlaryň ýaşaýjylar tarapyndan eden-etdilikli jezalandyrylmagyny görkezýän wideolar hem duş gelýär.

Bu ýagdaý ýurtda ilat köpçüliginiň durmuş derejesiniň agyrlaşmagynyň arasynda bolup geçýär. Azatlygyň habarçylary, agyr işsizligiň arasynda durmuş çykdajylarynyň artýandygyny, işleýän ilatyň girdejileriniň peselýändigini, dilegçileriň köpelýändigini yzygiderli habar berýärler.

Türkmenistanda ne ilatyň sosial-ykdysady ýagdaýyny görkezýän statistika, ne-de jenaýatçylygyň derejesi boýunça resmi sanlar çap edilýär. Döwlet mediasy hem jenaýatçylyk ýagdaýlary barada habar çap etmeýär.

Häkimiýetleriň ogurlyk hadysalary agzamazlygynyň arasynda ogurlygyň dürli görnüşleriniň köpelýändigi barada maglumatlar garaşsyz media çeşmelerinde yzly yzyna çap bolýar. Şeýle-de, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ilatyň durmuş derejesiniň peselmeginiň arasynda dükanlarda azyk ogurlygynyň köpelýändigini, olaryň arasynda çagalaryň hem bardygyny habar beripdi.

Degişli maglumat

Tok kesilmeleri ogurlyga ‘ýol açýar’, telekeçiler ‘gorkuda ýaşaýar’

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.