Gurbanguly Berdimuhamedow Ýakyn Gündogardaky ýagdaý 'örän ynjalykdan gaçyrýar' diýdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýakyn Gündogardaky ýagdaý we onuň Hazar sebitine ýaýramagynyň töwekgelçilikleri baradaky Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi. Bu beýanat türkmen ýolbaşçylarynyň goňşy Eýranda we Ýakyn Gündogarda bir ýarym aýa golaý wagt bäri dowam edýän dartgynlylyk barada eden ilkinji resmi çykyşydyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen metbugat wekillerine beren interwýusynda Aşgabadyň sebitiň geografiki ýakynlygyny göz öňünde tutup, häzirki ýagdaýa çynlakaý alada döredýän çeşme hökmünde garaýandygyny aýtdy.

"Häzirki emele gelen ýagdaýyň ösüşi Türkmenistan örän ynjalyksyz garşylaýar. Bu ýagdaýyň bizi howsala salmagy ýönelige däl. Sebäbi giň çäkleri öz içine alýan ýakyn sebite geografiýa taýdan Türkmenistan hem galtaşýar. Ine, şoňa görä-de, şol ýerdäki ýagdaýlar goňşy ýurtlara umuman tutuş sebite hem öz ýaramaz täsirini ýetirip biler" diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 13-nji aprelde çap eden habaryna görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çykyşy geçen hepdäniň aýagynda Awstriýa eden saparynyň dowamynda edildi. Ol Atom Energiýasy boýunça halkara agentliginiň (HAEG) baş edarasynda guramanyň baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşygyndan soň türkmen žurnalistleriniň sowallaryna jogap berdi.

Degişli maglumat

Uly Berdimuhamedow Awstriýa sapar edýär: Gün tertibinde energiýamy?

Türkmen žurnalistiniň köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ulanylmagy bilen birlikde dartgynlylygyň güýçlenmeginiň mümkinçiligini agzap, şeýle ýagdaýyň netijeleri nähili bolup biler diýip beren sowalyna jogap berip, Berdimuhamedow Türkmenistanyň olaryň doly gadagan edilmegini goldaýandygyny aýtdy.

"Ýurdumyz ýaraglaryň gözegçiligi boýunça esasy halkara resminamalarynyň köpüsine, şol sanda Ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmagyna garşy şertnama we Ýadro synaglarynyň giňişleýin gadagan edilmegi baradaky şertnama goşulandyr" diýip, ol mundan başga-da, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň Ýadro Ýaragyndan Erkin Zona Şertnamasyna işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Berdimuhamedow şeýle ýaraglaryň ulanylmagynyň ilat, daşky gurşaw we ykdysadyýet üçin agyr netijeleriň boljakdygyny belläp, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary derejeli jogapkärçiligiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de ol islendik gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly, syýasy we diplomatik serişdeler arkaly çözülmelidigini belledi.

Türkmen žurnalistleriniň ýene bir sowaly Ýakyn Gündogar konfliktiniň dowamynda zarbalaryň Hazarýaka sebitindäki territoriýalara düşmegi bilen ilteşikli boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka ýurtlarynyň 2018-nji ýylda gol çeken Konwensiýasyna salgylanyp, "beýleki döwletleriň harby güýçleri ýerleşdirmeginiň we işjeňliginiň gadagan edilýändigini aýdyp, Türkmenistany biynjalyk edýändigini beýan etdi:

"Serhetdeş Hazarýaka döwletleriniň çäklerinde harby zarbalaryň ulanylmagyna elbetde Türkmenistanyň biynjalyk bolmagy tebigydyr. Biziň ýurdumyz şeýle hereketleri doly ret edýär. Ol hakykat. Biz bitarap. Şonuň üçin Hazar sebitinde harby hereketler doly ýol berilmesizdir" diýip, Berdimuhamedow: "Türkmenistan ýakynda teklip edilen Hazarýaka döwletleriniň bilelikdäki beýannamasynyň taslamasyny üns bilen gözden geçirenden soň, ony goldamak kararyna geler" diýdi.

Degişli maglumat

Tramp Tähran bilen “hakyky ylalaşyk” gazanylýança, ABŞ-nyň goşunlarynyň Eýranyň töwereginde galjakdygyny aýdýar

DIM-iň resmi beýanatynda aýdylmagyna görä, "bu taslamada Ýakyn Gündogardaky ýaragly çaknyşyklaryň Hazarýaka sebitine ýaýramagynyň ýagdaýyň has-da dartgynlaşmagyna getirjegini aňladar we sebit howpsuzlygyna howp salar" diýilýär.

5-nji martda Azerbaýjanyň resmileri goňşy Eýrandan uçurylan dronlaryň Azerbaýjanyň Nahçywan awtonom sebitine aeroporta zyýan ýetirip, iki adamy ýaralandygyny aýtdylar. Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, ikinji dron Şekerabad sebitindäki mekdep binasynyň golaýynda gonupdyr.

ABŞ we Ysraýyl 28-nji fewralda Eýrana garşy giň gerimli hüjüme başlap, ýurt resmileriň aýtmagyna görä, raketa meýdançalaryny we harby infrastrukturany nyşana aldy. Eýran jogap hökmünde Pars aýlagyndaky birnäçe döwletde ýerleşýän ABŞ bazalaryna raketalary atdy. Bu bolsa garşydaşlygy diňe Ysraýyl-Eýran çäklerinden çykaryp, has giň möçberli sebit urşy baradaky aladalary artdyrdy.

Glasgow uniwersitetiniň professory, Ýewraziýa meseleleri boýunça bilermen Luka Ançeski Berdimuhamedowyň çykyşy Türkmenistanyň Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýçlenmegine göz ýetirýändigini tassyklaýar diýip belleýär.

“Bu örän uly halkara krizisi we ol [Türkmenistanyň] alkymynda bolup geçýär, ýurduň hut gapdalynda. Eýrandaky ýagdaýyň islendik görnüşde ýaramazlaşmagy Türkmenistana göni täsir ýetirer. Berdimuhamedow muňa düşünýän bolmaly. Emma onuň çykyşynda ýurduň anyk pozisiýasy, krizisden nähili çykalga teklip edýändigi belli bolmady” diýip, Luka Ançeski Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Şeýle-de, bilermen Ýakyn Gündogardaky konfliktiň dünýäde energiýa krizisini döretmeginiň ähtimallyklaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň energiýa söwdasyndaky töwekgelçiliklere hem-de täze mümkinçiliklere göz ýetirmeli boljagyny belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.