Halk häkimleriň saýlanmagyny isleýär, 'ýokardan bellemek ýykdy' diýýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň iň uzak saklanan daşary işleri ministri Raşid Meredow bilen daşary ýurt sapary wagtynda. Arhiw suraty

Türkmen prezidenti 10-njy iýulda geçirilen hökümet maslahatynda nobatdaky kadr çalyşmalaryny geçirip, onlarça ýyl bäri saklanýan kadr durnuksyzlygyny berkitdi, alty aýlyk synag möhleti bilen wezipä bellemek praktikasyny dikeltdi diýip, synçylar hökümet bilen halk arasyndaky ynamsyzlygyň gitdigiçe artýandygyny öňe sürýärler.

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň häkimi Röwşen Jumaýewi, birnäçe aý mundan öň paýtagtyň golaýynda bagçylyk üçin berlen ýerlerde ýaşaýan müňlerçe adamyň jaýynyň ýykylmagyny buýurmakda aýyplanan emeldary ulaldyp, Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine belledi, öň korrupsiýada aýyplanyp, jogapkärçilige çekilen, soň halka hiç bir düşündiriş berilmän yzyna, öňki ornuna dikeldilen emeldary, Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiewi ‘başga işe geçirdi’, emma öz gelen kararlarynyň sebäbi barada halka düşündiriş bermegi ýene zerur hasaplamady diýip, ýerli synçy aýtdy.

Degişli maglumat

Marynyň häkimi Annaberdiýew bir ýyldan soň ýene wezipesinden aýryldy


Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar, hünärmenler we synçylar bu gezekki kadr çalyşmalarynyň diňe ýygnalandygy aýdylan bugdaý hasyly baradaky maglumaty sorag astyna salman, medeniýet ministriniň, gazet redaktorynyň täzelenmegi bilen, hökümetiň wagyz meýdançasyndaky aladalaryny, sosial mediada gürelýän pikir dürlüliginiň döredýän ynjalyksyzlygyny hem tassyk edendigini öňe sürýärler.

Garaşylýan, gaýtalanýan, 'halky ýadadan tomaşa'

Aýry-aýrylykda gürleşilen raýatlar kadr çalyşmalarynyň her alty aýdan garaşylýan, gaýtalanýan, şol bir wagtda-da halky ýadadan ‘tomaşadygyny’ aýtdylar.

“Könelişen, modadan galan ssenariý höküminde garap, köp adam hökümetiň bu oýunlaryna ynanmaýar. Meseläni çözmek üçin indi prezidentiň täzeçe ýol saýlamaly wagty geldi. Nyýazowdan miras galan kadr täzeleme oýunlary häzirki internet asyrynda işlemeýär. Bu adamlarda ‘prezident saýlap wezipä goýýan adamlaryny ýalňyşyp ýa-da para alyp goýýar’ diýen pikiriň döremegine getirýär” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ilki uly ösüş sanlarynyň yglan edilip, soň ösüşli hasabat beren emeldarlaryň wezipesinden boşadylmagy hökümet mejlisinde aýdylýan ösüşleriň prezident derejesinde, iş ýüzünde inkär edilmegini, döwlet baştutanynyň öz aýdýan sözlerine ynanmaýandygyny aňladýar.

Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow ‘işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin’ diýlip, 2017-nji ýyldan bäri saklan wezipesinden boşadyldy, ol soňky duýduryşyny baryp öňki prezident döwründe alypdy. Onuň ýerine bellenen Gurbanmyrat Myradalyýew medeniýet ministriniň öňki orunbasary bolup, bu wezipä alty aýlyk synag möhleti bilen bellenildi.

Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, pudakda emele gelen ýagdaýa birinji ýolbaşçy bilen deň derejede jogapkär orunbasarlaryň soň başlygyň ornuna geçirilmegi we bu ‘täzelenişiň’ onlarça ýyl gaýtalanmagy ýagdaýy üýtgetmek pikiriniň ýokdugyny yşarat edýär.

'Iň soňky derejede peselen' medeniýet

Balkanly teatr hünärmenini öňki medeniýet ministriniň işlän döwründe teatr sungatynyň, aýdym-saz medeniýetiň derejesiniň ‘iň soňky derejede peselendigini, diňe propaganda öwrülendigini’ öňe sürdi.

“Halk türkmen sungatyndan daşlaşdy, teatrlarda [goýulýan oýunlara] tomaşa etmäge gelýän adamlaryň sany 5 tomaşaça hem ýetmeýär” diýip, hünärmen aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, türkmen telewideniýesiniň gepleşiklerini görýän, radiony diňleýän adam gaty az.

Degişli maglumat

'Ýerden ýokarda, uçup ýöreýänler' näme üçin halanmaýar?


Synçylar öňki iki prezidentiň öz şahsyýet kultlaryny ösdürmek üçin metbugata aýratyn üns berendigini, ýöne häzirki prezidentiň bu meselede hem ‘az sözlüdigini’ belleýärler. Emma muňa garamazdan, “Nesil” gazetiniň baş redaktory Artykguly Hojaberdiýewiň ‘işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin’ işinden boşadylyp, onuň ýerine alty aýlyk synag möhleti bilen, täze baş redaktoryň bellenmegi, ilata hiç bir anyk zat aýdylmazlygy sorag döretdi.

Balkanly teatr hünärmeni ‘halka däl, syýasata gulluk edýän metbugatyň’ möwritiniň geçendigini, onuň döwlet serişdelerini boşuna ýele sowurmakdan başga zat däldigini’ öňe sürdi.

Aşgabatly bir žurnalist gazetleri wezipe üstünde ýaryşýan hantamalar okap, ýokaryk ýetirmese, ‘düýpli kemçilikleri’ görjek okyjynyň ýokdugyny öňe sürdi.

Daşary ýurtlaryň birinde ýaşaýan türkmen raýaty Türkmenistanda ýokary wezipelerde işleýän ýolbaşçylaryň ýagdaýyna indi olaryň bolup duruşlaryny ‘gören adam gaty gynanýar’ diýen pikiri öňe sürdi.

Habarçymyza pikirini aýdan ýerli ýaşaýjy bolsa, türkmen emeldarlarynda hiç bir erk-ygtyýaryň ýokdugyny öňe sürdi:

“Häkimleriň, rektorlaryň ýa-da ministrleriň, wise-premýerleriň täzelenmegi hiç bir zady aňlatmaýar. Sebäbi bellenen häkim, ministr, rektorlar erksiz. Olara ýokardan halkyň meselesini çözmek ygtyýary berilmeýär.”

Erk-ygtyýarsyz emeldarlar

Ýakyn garyndaşy uly işde işlän raýatyň tassyklamagyna görä, ýokary wezipä bellenen adamlara ‘sen diňe iki ýyl ministr bolýaň ýa-da häkim bolýaň’ diýip aýdylýar, ol adamlar kabinetlerinde yzgiderli ýygnak geçirip, halk arasyna çykmaga rugsat alyp bilmän, ýokardan geljek jaňa garaşyp, telefony garawullap oturmaly bolýarlar.

Synçylar hökümetde jogapkär wezipä bellenýän adamlaryň köpüsiniň halk içinde ‘düýpden tanalmaýandygyny’, olara garanda ‘çeper höwesjeňlik’ aýdymlary bilen meşhur bolan toý bagşylarynyň has gowy tanalýandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat

Aşgabatda ýene 'iş oňarmadyklar' wezipesinden boşadyldy, täze ýolbaşçylar bellendi


“Wezipä bellenýän adamlar saýlanmaýar, olar wezipe näbelli adamlar tarapyndan teklip edilýär. Ol adamyň şahsy aýkuine hem seredilmeýär, onuň iş başarjaňlygy, görkezen netijesi hiç kime gyzykly däl” diýip, bir ýaşaýjy wezipä bellemek we işden aýyrmakda saklanyp galýan ‘ýapyklygyň’ il içinde her hili gürrüňleriň, çaklamalaryň döremegine sebäp bolýandygyny aýtdy.

Ýurt maglumat, resmi düşündiriş üçin ýapyk bolansoň, Azatlyk ýokary wezipeleriň nyrhlary, olaryň araçylaryň üsti bilen satylýandygy barada aýdylýanlary ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bilýär.

Adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçy Türkmenistanyň sebitde 1991-nji ýyldan bäri iň kän kadr çalyşmasyny geçiren döwletdigini, jenaýat jogapkärçiligine çekilen öňki resmiler babatynda hem öňe saýlanýandygyny öňe sürdi, ýöne anyk sanlary getirmedi.

Onuň sözlerine görä, döwlet baştutanlary kadr täzelenmelerini ‘öz iş başarmazlygyny ýaşyrmak, başarnykly emeldarlaryň ösüp ýetişmeginiň öňüni almak üçin ulanýarlar’, bu ýokardan jemgyýetiň demokratiýalaşmagyna aňsat ýol berilmejekdigini yşarat edýär.

Balkandaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar sada halkyň aýdyňlyk, şol sanda wezipesinden aýrylan adamlar barada has açyk, anyk maglumat berilmegini isleýändigini aýtdylar.

“Işinden aýrylan emeldarlar barada döwlet metbugatynda ýa-da parlamentde düşündirilmezligi ýalňyş, bu halkda dürli soraglaryň, myş-myşlaryň möwjemegine sebäp bolýar. ‘Ynanylan wezipäni oňarmady’, ýa-da işinden ‘düýpli kemçilik goýberendigi üçin boşadylýar’ diýip, prezident ýapyklyk ýa-da awtoritar syýasatyny dowam etdirýär” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, adamlar öz ministriniň, häkiminiň näme üçin wezipesinden boşadylandygyny bilmek isleýär.

“Adamlar goýun ýa-da mal däl, özüne bellenen çopanyň näme üçin täzelenenini bilesi gelmez ýaly. Adamlara başlyk bellenen adamyň ähli biografiýasyna çenli, nirede näme netije görkezdi, näme ýalňyş iş etdi, hemmesi äşgär bolmaly. Hatda ministrden başlap etrap häkimine çenli, özüniň gündelik işi boýunça halka hasabat berýän tiktok, instagram kanaly bolmaly” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Bellenip-aýrylýanlar halkyň hökümete bolan 'ynamyny peseldýär'

Aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylar diňe prezidentiň karary bilen, halka, parlamente geňeşilmän bellenýän resmileriň halk bilen hökümetiň arasyndaky boşlugy ulaldyp, prezidente bolan ynamy hem azaldýandygyny öňe sürdüler.

Bir ýaşaýjy häkim bellenýän adamlaryň halk bilen gowy aragatnaşykda bolmalydygyny, emma häkime jaň etmek mümkinçiliginiň hem ýokdugyny belledi.

Degişli maglumat

Prezident häkimleri bellemegiň köne tejribesinden el çekmeli - raýatlar


“Adamlar häkiminiň iş telefonyny bilmeýär, häkim halky, halk häkiminiň kimdigini tanamaýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi bu ýagdaýyň hökümetiň abraýyna däldigini, her gezek häkimler täzelenende, ‘bir ogry gitdi, bir ogry geldi’ diýen ýaly gürrüň edip, döwlete ynamsyz, ruhy çökgün halda ýaşaýan raýatlaryň köpelýändigini belledi.

Balkanly ýaşaýjylaryň birnäçesi sebite täze bellenen häkimden nägileligini bildirip, häkimleriň adalatly saýlawlar esasynda, ýerli ilatyň içinden seçilmegini arzuw etdi.

“Ahaldan getirilen häkim Balkanyň ýerli däplerini, toprak şertlerini, suw ýagdaýlaryny näbilsin? Bize Balkan topragynda doglan, bu topragyň adamlaryna, malynyň, ekininiň ýagdaýyna düşünýän, halal adam saýlap, häkim bellemeli. Häzir häkim saýlanmaýar, ýokardan bellenip, getirip goýulýar” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, adamlar sosial problemalaryň metbugatda açyk aýdylmagyny we meseläniň çözülmegini isleýärler, ‘arzyny diňletmek isleýänleriň basyşlara sezewar edilmegi, repressiýanyň artmagy halky ýadatdy’.

Azatlyk türkmen resmileri bilen habarlaşyp, kadrlar meselesinde saklanyp galýan ýapyklyk, ýagdaýyň gowulaşmagyna getirmeýän dolandyryş usuly barada resmi düşündiriş alyp bilmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.