Howanyň aşa gyzmagynyň arasynda Aşgabatda ilatyň elektrik üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär

Aşgabadyň köçeleriniň biri (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda howanyň aşa gyzmagynyň arasynda, şu günler Aşgabatda ilatyň elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikler adaty ilatyň gündelik durmuşyna, şeýle-de edara-kärhanalaryň, şol sanda hassahanalaryň işine oňaýsyz täsir edýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 29-njy iýunda paýtagtdan maglumat berdiler.

“Soňky bir hepde çemesi wagt bäri paýtagtyň dürli etrapçalarynda, şol sanda Parahat etrapçalarynda, 30-njy we 6-njy etrapçalarynda elektrik üpjünçiligi günde diýen ýaly kesilýär. Tok her gezek kesilende azyndan iki sagat çemesi berilmeýär” diýip, 30-njy etrapçanyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde beren maglumatynda aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi toguň kesilmeginiň howanyň aşa yssy günlerinde saglyk ýagdaýy ýaramaz, hususan-da, garry adamlara ýaramaz täsir ýetirýändigini, azyk önümleriniň käbir görnüşleriniň zaýalanmagyna getirýändigini hem aýdýar.

Degişli maglumat

Mary: baýramalyly zenanlar welaýat häkimliginde protest geçirip, tok ýetmezçiligini çözmegi talap etdiler

“Mundan başga-da, adamlar köp oňaýsyzlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Esasan hem köp gatly jaýlarda tok kesilip, lift işlemeýänligi sebäpli, yssy howada uly ýaşly adamlar üçin ýokarky gatlara pyýada çykmak örän ezýet, görgi bolýar. Saglyk ýagdaýlary ýaramazlaşyp, tiz kömege ýüzlenýänler adamlar hem bolýar” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Soňky birnäçe gün bäri howanyň gyzgyny media serişdelerinde 32-38 gradus diýlip görkezilýärkä, paýtagtdaky termometrlerde 40 gradusa ýetýändigini görse bolýar.

Hassahanalaryň işine oňaýsyz täsir etdi

Elektrik üpjünçiliginiň ýygy-ýygydan kesilmegi käbir edara-kärhanalaryň, şol sanda hassahanalaryň işine hem oňaýsyz täsir edýär.

Aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan paýtagtly saglyk işgärleriniň birnäçesi anonimlik şertinde beren maglumatlarynda 26-njy iýunda paýtagtda elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi netijesinde azyndan bir hassahananyň iki sagatlap elektriksiz galandygyny aýtdy.

“Muňa elektrigiň kesilmegi bilen bir hatarda, awtomat görnüşde güýje girmeli dizel generatoryň tehniki näsazlyk zerarly işlemezligi hem sebäp boldy” diýip, paýtagtly saglyk işgäri munuň näsaglaryň saglyk ýagdaýyna oňaýsyz täsir edendigini hem belledi.

Azatlykda bu ýagdaýlaryň anyk haýsy hassahanada bolandygy barada takyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýamyz saglyk edarasyndan resmi teswir alyp bilmändigi zerarly ony köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Degişli maglumat

Türkmenistanda howanyň aşa gyzmagyndan adamlar 'demigýär', elektrik transformatorlary ýanýar

Paýtagtlylar elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikleriň sebäbi barada ýerli häkimiýetler tarapyndan aç-açan düşündiriş berilmeýändigini aýdýarlar.

"Ýerli elektrik edarasynyň işgärleri telefonlara hem jogap bermeýärler. Şol sebäpli ne şikaýatyňy aýdyp bolýar, ne-de toguň kesilmeginiň sebäbini, ne-de haçan dikeldiljekdigini anyklap bolýar. Tok gelýänçä garaşyp oturmaly bolýar" diýip, paýtagtly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şeýle-de, Azatlyk bu ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda elektrik üpjünçilik edarasyndan we saglygy goraýyş bölüminden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň web sahypasynda “Aşgabatenergo” önümçilik birleşiginiň paýtagtyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, şäheriň çäklerinde ýerleşýän energetika desgalarynyň işine gözegçilik etmek işlerini ýerine ýetirýär.

Degişli maglumat

Daşoguzyň etraplarynda ilatyň elektrik togy ýygy-ýygydan öçürilýär

Nägilelikler we protest

Birleşigiň düzüminde 4 sany etrap elektrik ulgamynyň bardygy, şeýle-de olaryň hasabynda 1660 km elektrik geçiriji howa ulgamlarynyň, 2896 km kabel elektrik geçiriji ulgamlarynyň we 2060 sany dürli kuwwatlykly transformator beketleriniň durýandygy hem nygtalýar.

Muňa garamazdan, ýangyç we energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň ilaty elektrik üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagy we kesilmegi bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar. Bu ýagdaýlar gyşyň aýazly we tomsuň jokrama yssy günlerinde has-da ýygjamlaşýar.

Bu ýagdaýlar, käte ilat arasynda nägileligiň artmagyna hem getirýär.

17-nji iýunda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda zenanlar welaýat häkimliginde protest geçirip, öýlerinde elektrik energiýasynyň kesilmegi nägilelik bildirdiler we resmilerden tok ýetmezçiligini çözmegi talap etdiler.

Öz ýurdunyň ilatyny elektrik togy bilen kadaly üpjün etmekde kynçylyk çekýän Türkmenistan Özbegistana, Eýrana, Owganystana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.