HRW: Türkmen aktiwistleriniň adalatsyz tussaglykda galmagy dowam edýär

Alişer Sahatow we Abdylla Orusow

10-njy dekabrda bütin dünýäde Adam hukuklary güni (AHG) bellenilýär. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” (HRW) guramasy bu sene mynasybetli ýaýradan beýanatynda türkmen aktiwistleriniň adalatsyz tussaglykda galmagynyň dowam edýändigini aýtdy.

Beýanat Türkmenistanda iş kesilen 231 raýatyň günäsiniň geçilen, ýöne olaryň arasynda syýasy bendi hasaplanylýan türkmenistanlylaryň bardygynyň ýa-da ýokdugynyň anyklaşdyrylmaýan mahalyna gabat geldi. Bu aralykda, “Serhetsiz reportýorlar” guramasy hem ýyllyk hasabatyny çap edip, onda 2025-nji ýylyň žurnalistler üçin ölüm howply ýyl bolandygyny aýtdy.

“Dünýä 10-njy dekabrda Adam hukuklary gününi belläp, 1948-nji ýylda Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmegini we dünýäde adam hukuklarynyň ähmiýetini ýene-de tassyklaýan mahalynda, dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň aktiwistleri bu hukuklary goramak üçin agyr baha tölemegi dowam etdirýärler” diýlip, HRW-niň 8-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda bellenilýär.

Degişli maglumat Aktiwist Myrat Düşemowa ýapyk gapylaryň arkasynda 8 ýyl iş kesildi

Bu sene 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň (ÄHJ) kabul edilen we yglan edilen günüdir. Adam hukuklary güni 1950-njy ýyldan bäri her ýylyň 10-njy dekabrynda bellenilýär.

Beýanatda Myrat Düşemow, Mansur Mingelow we Mälikberdi Allamyradow ýaly hukuk bozulmalaryny paş eden we türkmen hökümetiniň syýasatyny parahatçylykly tankyt eden aktiwistleriň ýapyk we adalatsyz sud proseslerinden soň, tussaglykda galýandygy aýdylýar.

“Olaryň tussaglykda saklanmagynyň dowam etmegi ýurtda raýat aktiwligine we pikir alyşmalara garşy giň gerimli öç alyş nusgasyny görkezýär” diýlip, beýanatda bellenýär.

"Uly howatyrlanmalary döredýär"

Şeýle-de, onda türkmen häkimiýetleriniň öz hukuklaryny gorap çykyş eden raýatlara we žurnalistlere daşary ýurtlara syýahat etmek gadagançylygyny girizmegi dowam etdirendigine hem üns çekilýär.

Bu raýatlaryň arasynda “Turkmen.news” neşiriniň ştatdan daşary habarçysy Nurgeldi Halykow, aklawçy Pygambergeldi Allaberdiýew we garaşsyz žurnalist Soltan Açylowa dagynyň atlary agzalýar.

“Türkmenistan daşary ýurtlardaky aktiwistlere garşy hem berk göreş alyp barýar. Röwşen Klyçow, Farhad Meýmankuliýew we Saddam Gulamow zor bilen Türkmenistana gaýtarylyp, ýapyk sud proseslerinden soň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen birnäçe aktiwistiň arasyndadyr. Bu üç adam daşary ýurtda ýaşaýan döwründe hökümetiň syýasatyny açyk tankytlapdy” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän gurama iýul aýynda iki sany türkmen aktiwisti Alişer Sahatowyň we Abdylla Orusowyň Türkiýede tussag edilip, deportasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolandan soň ýitirim bolandygyna hem ünsi çekýär.

“Olaryň nirededigi belli däl, bu bolsa olaryň gynamalara, bikanun tussaglyga we mejbury ýitirim bolmaga sezewar bolmak üçin zor bilen Türkmenistana gaýtarylyp getirilen bolmagy mümkin diýen uly howatyrlanmalary döredýär” diýip, gurama belleýär.

“Human Rights Watch” guramasy türkmen häkimiýetleriniň adalatsyz tussag edilenleriň ählisini boşatmalydygyny, ýurduň içindäki we daşary ýurtlardaky tankytçylara garşy repressiýalary bes etmelidigini nygtaýar.

Degişli maglumat "Freedom House": Merkezi Aziýa ýurtlary azat internetli ýurtlaryň arasyna girmeýär

“Türkmеnistanyň halkara hyzmatdaşlary bu aktiwistleriň boşadylmagyny üpjün etmek üçin [türkmen] hökümetine basyş etmekde möhüm rol oýnaýarlar. Ýene bir Adam hukuklary güni hemmeler üçin adam mertebesi ugrundaky göreşde şahsy taýdan uly çykdajylara uçrap, özlerini gurban eden köp sanly türkmen aktiwistini ýatlamazdan geçmeli däldir” diýip, gurama belleýär.

Beýanat, türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 6-njy dekabrda, Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli, iş kesilen we jezasyny çekýän tussaglaryň 231-siniň günäsini geçmek baradaky karara gol çekmeginden birnäçe gün soňa gabat geldi.

Adatça bolşy ýaly, günäsi geçilen raýatlaryň nähili jenaýat edendigi we kanunyň haýsy maddalary boýunça günäli tapylandygy anyklaşdyrylmady. Şeýle-de, olaryň berlen jezanyň näçe bölegini çekendigi, ýene näçe möhletiniň galandygy hem aýdylmady.

“Žurnalistler diňe ölmeýärler - olar öldürilýärler”

Hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýurtdaky syýasy ýa-da wyždan bendisi hasaplanylýan bendileriň ykbalyna ünsi çekip, olaryň tussaglykdan boşadylmagyna çagyrdylar.

Degişli maglumat Türkmenistan žurnalist Nurgeldi Halykowa daşary ýurda gitmegi gadagan etdi

Günäsi geçilen raýatlaryň atlary indi uzak wagt bäri metbugatda çap edilmeýär. Şol sebäpli dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanda günäsi geçilen raýatlaryň arasynda syýasy bendi hasaplanylýan türkmen raýatlarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklap bolmaýar.

Türkmenistan ilatynyň jan başyna düşýän bendileriniň sany boýunça sebitde iň kän tussagly ýurtlaryň biri hasaplanýar. Şeýle-de, türkmen türmelerindäki agyr şertleriň, keselçiligiň we tussaglara ýowuz çemeleşmegiň saklanyp galaýandygy aýdylýar.

Bu aralykda, “Serhetsiz reportýorlar” (RSF) guramasy hem ýyllyk hasabatyny çap edip, onda 2025-nji ýylyň žurnalistler üçin ölüm howply ýyl bolandygyny, 2024-nji ýylyň 1-nji dekabryndan 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli aralykda 67 metbugat işgäriniň öldürilendigini we 503 žurnalistiň tussag edilendigini aýtdy.

“Žurnalistler diňe ölmeýärler - olar öldürilýärler” diýlip, guramanyň 9-njy dekabrda ýaýradan beýanatynda 2025-nji ýylda, harby toparlaryň, hem adaty, hem-de ýarym harby toparlaryň we guramaçylykly jenaýatçylyk toparlarynyň amala aşyran jenaýatçylykly amallary netijesinde öldürilen žurnalistleriň sanynyň ýene-de artandygy hem bellenilýär.

Soňky 12 aýda öldürilen žurnalistleriň tas ýarysy (43%) Gazada, Ysraýylyň ýaragly güýçleri tarapyndan öldürildi. Rus goşuny Ukrainada daşary ýurtly we ukrain žurnalistlerini nyşana almagyny dowam etdirýär. Sudan hem metbugat wekilleri üçin adatdan daşary ölüm howply söweş zolagyna öwrüldi.

Dünýäde žurnalistler üçin iň uly türme henizem Hytaý (121) bolup, Russiýa (48) häzir žurnalistleri tussag etmekde ikinji orunda durýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.