Jaý söwdasynda 'täze usul' hödürleýän araçylar peýda boldy, adamlar zyýana galýar

Türkmenbaşy şäheri (arhiw suraty)

Balkanabatda we Türkmenbaşyda jaý satyn almakçy bolan adamlaryň birnäçesi puluny berip, birnäçe aýlap garaşan jaýyny alyp bilmedi, käbirleriň puly yzyna berlipdir, emma birnäçesi puluny hem ýitiripdir. Azatlygyň habarçysy we ýerli çeşmeleri şeýle ýagdaýyň sebitde jaý söwdasynda dörän täze bir "söwda usulynyň" netijesinde ýüze çykýandygyny we şeýle tejribeleriň ýaýbaňlanýandygyny habar berýärler.

"Rieltorlar pul gazanmak üçin täze bir ýola geçdiler, bu jaý-kwartira satyn almakçy bolan ýerli adamlary uly zyýana goýup, olaryň wagt ýitirmegine getirýär" diýip, ýerli çeşmeleriň biri 15-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan birnäçe çeşmäniň sözlerine görä, gozgalmaýan emläk söwdasynda dellalçylyk edýän firmalaryň käbiri müşderilerine jaý satmagy wada berip, öňünden 30% bahasyna barabar pul alýarlar, soňra ençeme aýdan, käte ýarym ýyldan soň "jaý ýok, satyjy ret etdi" diýip puluny yzyna gaýdyp berýärler. Munuň bilen jaý söwdasynda araçylyk edýän adamlar şol puldan öz bähbitleri üçin uzak wagtlap peýdalanýarlar diýip, ýagdaýdan habarly balkanly çeşmeler aýdýar.

Degişli maglumat

Türkmenistan jaý edinmegiň iň çylşyrymly döwründe gurluşyk pudagynyň 'gülläp ösendigini' gaýtalaýar

"Puluny alyp, alty aýdan gowrak wagtlap adamlaryň puluny ulanyp, 'jaý ýok, satyjy ret etdi' diýen bahana bilen puluny yzyna gaýdyp berýärler. Puluny yzyna bermeýänler-de bar" diýip, balkanly çeşme aýtdy.

Sebitde emläk bazaryndaky ýagdaýdan habarly çeşmeler gümürtik hyzmatlaryny hödürleýän araçylaryň müşderileriniň arasynda sosial ulgamlarda gören bildirişlere ynanan ýa-da gurluşygy entek tamamlanmadyk jaýlardan hödürlenen öýleri satyn almaga gyzyklanma bildiren raýatlar bar.

"Jaý hödürleýän nätanyş rieltorlaryň sosial ulgamlaryndaky bildirişlerine ynanyp, olara hatda jaýy görmezden daşary ýurtlardan pul ugradan raýatlar bar. Şeýle-de, rieltorlar gurluşygy heniz tamamlanmadyk nätanyş jaýlary görkezip, ýarym ýyldan, bir ýyldan gurluşygy tamamlanar diýen wadalar bilen adamlaryň pullaryny alýarlar" diýip, balkanly çeşmeleriň ýene biri ýagdaýy suratlandyrdy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň tutulmazlygyny soran balkanabatly zenan hilegär araçylaryň toruna düşüp, puluny zordan yzyna alandygyny gürrüň berdi.

"Men täze gurulýan panel jaýlaryň reklamasyny görüp, daşary ýurtda işleýän ýoldaşyma wideony ugratdym. Men ony şol üç otagly kwartirany satyn almaga dogrusy yrdym" diýip, zenan ýagdaýyny gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, ol ipotekanyň başlangyç tölegi we jaýyň birinji eýesi üçin diýlip özünden soralan jemi 310 müň manady araça berendigini, emma özüne hiç hili resminama berilmändigini aýtdy.

Zenanyň gürrüň bermegine görä, ol soňra özüne hödürlenen jaýyň eýesini tapmagy başarypdyr. Emma onuň jaýy satmak niýetiniň ýokdugyny aýtmagy, zenany alada goýupdyr.

"Maňa satylmaly jaý barada tanyşlarymyň üstünden maglumat topladym. Ol jaý mundan üç aý ozal başga bir adamyň adyna resminamalaşdyrylan ekeni. Ol adamy tapdym we ol jaýyň satylmajakdygyny, ony ýaşamak üçin satyn alandygyny maňa aýtdy. Men şondan soň rieltorlardan pulumy talap edip, polisiýa we beýleki kanun goraýjy edaralara ýüz tutdum" diýip, zenan bir ýarym aýda puluny yzyna gaýdyp alandygyny aýtdy.

Azatlygyň çeşmeleri şeýle ýagdaýlaryň ýaşaýyş jaý ýetmezçiliginiň, täze gurulýan jaýlaryň ilat köpçüligine elterli bolmazlygynyň arasynda ýüze çykýandygyna ünsi çekýärler.

Degişli maglumat

Türkmenbaşyda ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy arzanlady

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary bilen söhbetdeş bolan gurluşyk boýunça ýörite hasap çykarýan hünärmenleriň sözlerine görä, täze gurulýan jaýlaryň ilata hödürlenýän bahasy aşa ýokary bolýar. "Meselem dört otagly kwartiranyň döwlet tarapyndan kesgitlän 1 million 200 müň manatlyk bahasy aşa ýokary bolup, ony 400 müň manada gurup bolýar" diýip, gurluşyk boýunça hünärmen aýtdy. 1 million 200 müň manat Merkezi Bankyň kursy boýunça 342 müň 857 amerikan dollaryna barabar.

Balkanabatly gurluşyk hünärmeniň agzan bahalaryny açyk çeşmelerden garaşsyz barlap bolmady, emma paýtagtda jaý hödürleýän bildirişlerdäki nyrhlara görä, dürli ululykdaky kwartiralar 46-206 müň amerikan dollary aralygynda bahalanýar, 2 million 300 müň manatlyk bahalar hem bar. Gurluşyk tapgyryndaky jaýlaryň hödürlenmegi bildirişlerde göze ilmedi.

Türkmenistanda ortaça aýlyk 2200 manat aralygynda bolup, bu resmi kursdan 628,5 amerikan dollaryna barabar.

Türkmenistanda ýaşaýyş jaý problemasy agyrlygyna galýar. Bir öýde dört-bäş maşgala bolup ýaşaýanlar az däl, adamlaryň bir otagly jaýda birnäçe maşgala bolup ýaşamagy hem duş gelýär.

Ýaşaýjylaryň ýaşap oturan jaýlarynyň öňünden wagt bermezden, käte resmi duýduryş etmezden köpçülikleýin ýumrulmagy hem ilatyň jaý problemasyny agrylaşdyrýar.

Degişli maglumat

Türkmenabatda 'ýer parasy' ýokarlanýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.